Okyjynyň sessizligi

Serdar gazete hepdede bir gezek makala ýazmak teklibini alan gününden bäri özboluşly ýakymly tolgunma duýgusyny başdan geçirýärdi.

Gazetiň baş redaktory Mansur aga ony ýanyna çagyryp: «Biziň gazetimiz üçin hepdede bir makala ýazarsyňyzmy?» diýip ýüzleneninde-de özüniň içki tolgunmasyny gaty belli etmän, ondan haýsy temalar boýunça nähili makalalar isleýändigini sorapdy.

– Ýurdumyzda we dünýäde täzeçe pikirler tendensiýasy hakynda, medeni wakalar barada, hatda möhüm hasaplasaňyz, syýasy meseleler babatda hem ýazyp bilersiňiz. Aramyzdaky ikiçäk söhbetdeşlikden aňýaryn, siziň dürli temalardaky her bir makala özboluşly çemeleşmäňiz bar. Siz öz meýilleşdirýän makalalaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşsaňyz, medeni durmuşymyza-da goşant goşdugyňyz bolar.

Bu sözler Serdara aýdylyp bilinjek iň hoşamaý sözlerdi. Ýaş žurnalist:

– Siz meni gaty öwýärsiňiz – diýdi we teklibi kabul etdi.

Aslynda, baş redaktor işgärlerine «işe şobada kabul etdi» diýdirmezlik üçin Serdara hünäri bilen baglanyşykly dürli soraglary berýärkä, ol aşaklyk bilen öz ýanyndan gorkýardy-da. Çünki ýaş žurnalist Mansur aganyň oňa birden göwni ýetmän, işe almak teklibinden ýüz öwürse näme ederdi?

Terjribeli žurnalist:

– Makalalaryňyz 650 söz töweregi bolsun. Kompýuter programmasy sözleri, simwollary hasaplaýar. Şonuň üçin bäş müň simwoldan geçmeseň gowy bolar. Makalalary, gijä galsaň, penşenbe gününe çenli ugrat – diýdi. Şeýle-de ol Serdara makalalary gazete iberjek elektron poçtasynyň salgysyny hem bellik etdirdi. – Ýene bir bellemeli möhüm zat – köpräk maglumat tapan mahalaňyz ýazgy işleri bilen yzygiderli meşgullanyp, kän makala ýazsaňyz, ätiýaçlykda dursun.

Serdar içki duýgusyny daşyna çykarmasa-da, begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Çünki ol makalalarynyň hepdede bir gezek gazete çap ediljekdigini hem-de onuň üçin galam hakyny hem aljakdygyny göz öňüne getirip, özüni gaty bagtly hasaplaýardy. Serdar begenjinden Mansur aganyň: «Şu penşenbe güni ilkinji makalaňa garaşýaryn» – diýenine-de gijräk düşündi. Ol gysga dymyşlykdan soňra bu sözüň işe girmek baradaky gürrüňdeşligiň gutarandygyny aňladýandygyna akyl ýetirip ýerinden turdy:

– Sag boluň. Men makalany penşenbe gününe çenli ibererin – diýdi. Serdar sözüni gutaranynda, Mansur aganyň hoşlaşmak üçin elini özüne tarap uzadanyny gördi. Baş redaktor onuň elini gysanynda:

– Sizden gowy makalalaryň geljekdigine ynanýaryn. Şowly bolsun! – diýdi.

Serdar çala başyny atyp, minnetdarlyk bildirdi-de, Mansur aga bilen hoşlaşdy. Ýaş žurnalist kabulhanadan çykyp, Mansur aganyň kätibi Merala «sag boluň» diýjek bolup bakanynda, ol hem: «Şowly bolsun!» – diýdi. Diýmek, Serdaryň işe kabul edilenini eýýäm olam bilýärdi. Ýaş žurnalist kätip gyza minnetdarlyk bildirip:

– Hormatyňyz üçin köp sag boluň – diýdi.

Mansur aganyň özüne iş teklibini edenini kätip gyzdan başga-da bilýän barmyka? Her niçigem bolsa, häzirlikçe Serdar üçin muny bilmek möhüm däldi. Çünki indiki hepdäniň duşenbe güni gazet çykanynda, muny hemme kişi biljekdi.

Ol «Serdar Gökdag» diýip öz at, familiýasynyň gazet sahypasynda orun aljakdygy barada pikir etdi we muňa örän guwandy. Ýöne gazetde onuň at, familýasynyň gapdalynda suratyny hem goýarlarmyka? Beýleki žurnalistleriň hem gazet sahypalarynda neşir edilen makalalarynyň aşagyndaky at, familiýalarynyň gapdalynda suratlary bardymy? Bu barada hernäçe pikirlense-de, gazet sahypasynda awtor hökmünde žurnalistiň suratyny göreni hiç hili göz öňüne gelenokdy.

Ol özünden makala ýazmak işi gyssagly talap edilse-de, gazet sahypalarynda «Serdar Gökdag «Jedid» gazetinde», «Serdar Gökdag makalalary bilen «Jedid» gazetinde» ýaly sözbaşylar bilen özüniň mahabatlandyrylmajakdygyna hem akyl ýetirýärdi. Serdar öz ýanyndan «Gör, ýigidimiz, şan-şöhraty nähili gowy görýär ekeni» diýip, öz-özüni ýazgardy. Bu hili pikirlere çümüp, ýöräp barýan ýaş žurnalist metbugat binasyndan daşaryk çykanyny-da duýman galdy. Köçede adam köpdi. Ol öz ýanyndan «Biraz pyýada ýöresem gowy bolar» – diýip pikir etdi.

Köpçüligiň içinde ýöremek Serdary has-da rahatlandyrdy.

Şäheriň merkezindäki seýilgähiň kölegelik ýerinde bir boş oturgyç gördi. Oturgyjyň ortarasynda ellerini iki gapdalyna uzadyp oturdy. Ol öňler oýuna gelse-de, şu pillä çenli kän bir alga almadyk esasy meselesine ünsi jemledi: «Näme hakda makala ýazsamkam?» diýip pikirlendi. Esasy zat – onuň ilkinji makalalary örän täsirli, okyjylaryň ünsüni özüne çekiji bolmalydy. Serdar şu pursada çenli begenjinden ýaňa şatlykly ýagdaýy başdan geçirip, bu baradaky pikirlere känbir ünsem bermändi. Juwan ýaşda uly gazete makala ýazjagy üçin Ýaradana şükür edýärdi.

Serdar öz ýanyndan: «Daşky gurşaw bilen baglanyşykly makala ýazaýsammykam?» diýip pikir etdi. Çünki gürrüňdeşlikde Mansur aga Serdaryň daşky gurşaw bilen baglanyşykly garaýyşlarynyň göwnünden turandygyny, henize çenli «Jedid» gazetinde bu tema hakynda makala ýazan žurnalistiň bolmandygyny aýdypdy. Hut şonuň üçinem Serdar öz-özüne: «Dogrudanam, daşky gurşaw hakynda makala ýazaýyn» diýip içini gepletdi.

Ýaş žurnalistiň aňynda ýyldyrym çaltlygynda daşky gurşaw baradaky pikirler döräp başlady. Birdenem edil şu pursatda oýuna gelen pikirleri unudaryn öýdüp howsala düşüp ugrady. Dessine jübülerinden syýagalam bilen kagyz gözledi. Jübülerinde galam bardy-da, kagyz ýokdy. Bir halypa ýaşuly ýazyjynyň ýaşlar bilen söhbetdeşliginde: «Ýazyjy adamyň ýanynda elmydama syýagalamy bilen bellik depderçesi bolmalydyr» diýenini ýadyna salyp ýylgyrdy.

Jübüsinden syýahat petegini çykardy we onuň arkasyna bellik etdi.

Serdar aňynda peýda bolan «Daşky gurşaw», «Günbatarda daşky gurşaw», «Daşky gurşaw täze bir ahlakmy?», «Oba hojalyk toplumlarynda daşky gurşaw», «Ýaradylany söýýäris Ýaradandan ötri» ýaly pikirlerini gysgaldyp ýazsa-da, petegiň arkasynda soňky sözlerini bellik etmäge ýer galmady.

Serdar rahatlandy. Ol ýerinden turdy we öýe baryp ilkinji makalasyny ýazmak kararyna geldi. Makalanyň temasy daşky gurşawdy. Ol özüniň ilkinji makalasynyň sözbaşysyny «Daşky gurşaw Watandyr» diýip atlandyrsa, okyjylar üçin täsir galdyryjy bolar diýip pikir etdi. Serdar ilkinji makalasyny penşenbe gününden öň iberdi. Penşenbe güni bolsa onuň ätiýaçlyk üçin ýazan ikinji makalasy-da gazetiň redaksiýasyna bardy. Ýaş žurnalist duşenbe gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Serdar öz ýanyndan: «Mansur aga menden suratymy hem gazetiň redaksiýasyna ugratmagymy haýyş edipdi. Diýmek, gazete makalamyň gapdalyndan suratymy hem çap etjekdirler» – diýip pikir etdi.

Serdar duşenbe güni irden öýleriniň golaýyndaky metbugat dükanyndan «Jedid» gazetini satyn aldy we dessine onuň 6-njy sahypasyny açdy. Ine, şu ýerde sahypanyň başynda suratynyň gapdalynda goýy harplar bilen «Serdar Gökdag» diýlip ýazylypdyr. Ol dessine dellekhana baryp, saçyny deňletdi. Ondan soň öýüne gelip naharlanyp otyrka-da, gazeti ýamaşgandan eline aldy. Serdar öz ýanyndan gazetiň bildiriş sahypasynda özüniň makala ýazjakdygy barada öňünden habar bermändikleri barada oýlandy we «owarram-la» diýip öz-özüne göwünlik berdi-de, gazeti öýlerinde goýup daşary çykdy.

Serdar işe gidip barýarka, metbugat dükanyndan ýene-de bir «Jedid» gazetini satyn aldy. Ol öz ýanyndan: «Bu gün bütin ýurt meniň makalamy okar» diýip pikir etdi. Birdenem «bütin ýurt» diýen sözüni ýaňadan birküç ýola gaýtalap, öz üstünden güldi. Çünki ýaş žurnalistiň metbugatda neşir edilen makalasyny bütin ýurt okardan «Jedid» gazetiniň çap sany o diýen kän däldi. Şol sebäpden Serdar: «Her «Jedid» gazetini alan seniň makalaňy okaman biler-ä!» diýip, öz-özüne gaharlandy.

Hakykatdanam, şol gün diňe birküç sany ýakyn dosty jaň edip, ony «Jedid» gazetine makalasynyň neşir edilmegi bilen gutladylar we bu barada özlerine öňünden aýtmandygy üçin ýaş žurnaliste käýindiler.

Serdaryň gazet redaksiýasyna ätiýaçlyk üçin ýazyp ugradan makalasy-da «Jedid» gazetiniň soňky hepdedäki sanynda çykdy. Ýaş žurnalisti ýene birküç kişi jaň edip, täze makalasy bilen gutladylar.

Serdaryň makalalarynda öňe sürlen täzeçe pikirler, pikirleriň beýan ediliş usuly, edebi gymmaty… Ýaş žurnalistiň makalalary barada hiç kim çynlakaý tankyt etmeýärdi.

Serdar gaty bilesigelijilik bilen gyzyklanyp başlady. Hakykatdan-da, makalalar okyjylar köpçüliginiň göwnünden turdumyka? Ýaş žurnalist bu usulda makala ýazmagyny dowam etdirmelimi? Ol makalalaryna mundan başga nähili täzeçe pikir başlangyçlaryny goşup bilerkä?

Serdar makalalarynyň gazete neşir edilip başlananyndan bäri bir aý geçip, dördünji ýazgysy çap edilen-de bolsa, olar hakda henize çenli çynlakaý tankyt eşitmedi. Ol bu barada Mansur agadan soramagy ýüregine düwdi. Çünki baş redaktor tejribeli žurnalist bolansoň, ýaş žurnalist öz makalalaryna tankytly garaýyşlary bolan okyjylar hat ýazandyrlar öýdüp pikir etdi. Hut şu nukdaýnazardan-da Serdar Mansur aga bilen görüşmegi maksat edinip, «Jedid» gazetiniň kabulhanasyna gitdi. Baş redaktor täze žurnaliste kofe hödürledi. Serdar hödürlenen kofeden bir owurtlan badyna aňyndaky soraglar bilen baş redaktora ýüzlendi:

– Makalalarym gazetiň okyjylarynyň göwnünden turýarmyka?

– Hawa, göwnünden turýar – diýdi-de, Mansur aga sesini çykarmady.

Serdar aslynda özüne ýol görkezip biljek birnäçe makullaýjy ýa-da tankytlaýjy synlara garaşýardy. Tejribeli žurnalist bolsa sözüni dowam etmän dymyp otyrdy. Ýaş žurnalist öz ýanyndan: «Mansur aga özüne gaty ynamly ýagdaýda «seniň makalalaryň okyjylaryň göwnünden turdy» diýip, nämä esaslanyp aýdyp bilýärkä?» diýip pikirlendi. Serdar aňyna gelen bu pikirlere erk edip bilmän, ýene-de baş redaktora sorag berdi:

– Nämä esaslanyp şeýle netijä geldiňiz?

Köp ýyllaryň žurnalisti Mansur aga ýakymly ýylgyryş bilen şeýle jogap berdi:

– Makalalaryň okyjylaryň göwnünden turýany üçin seslerini çykarýan däldirler. Makalalaryň okyjylara täsir etmeýän bolsa, olaryň ünsüni özüne çekmeýän bolsa, redaksiýamyza elektron poçtaň, faksyň üsti bilen hat ýollap, jaň edip, nägileliklerini bildirerdiler. Şonuň üçin-de, okyjylaryň sessizligi olaryň gazetde çykýan makalalardan örän hoşaldyklaryny görkezýär.

Çeşme: Ýakup Ömeroglu, «Iki çynar»

Türk dilinden terjime eden Toýly Jänädow

Teswir ýaz

Scroll to Top