Söýginiň durmuşdaky orny

Adamlar bilen gatnaşygymyzyň gowulanmagy üçin iň ygtybarly daýanjymyz bolan söýgini biz nä derejede peýdalanyp bilýäris?!

Söýginiň çäginde ýa-da töwereginde hiç hili ýaramaz duýgudyr pikir bolmaýar. Söýgi ynsanyň kalbyna hyzmat edýän pamyk ýaly päkizeligi we ýumşaklygy, güller deýin gözelligi öz içine alýar.

Söýgi kä biriniň başyny sypamak, kä arkasyna kakmak, kä ýylgyryp seretmek, kä gamgyn çagajygyň ýaňagyndan ogşamak, kä başgalaryň kemine göz ýummak, kä kynçylyga we aýralyga döz gelmek, käte bolsa ýakymly sözler bilen nähoşlaryň göwnüni götermek hem-de hormat goýmakdyr.

Söýgüde akýüreklilik, pespällik, birek-birege goldaw, sylag we ýagşylyk bardyr. Söýgüde gaty görmek, öýkelemek, göwün etmek ýokdur.

Söýgi ýakynlyk, geçirimlilik we sabyr bilen gurşalandyr. Onda sowuklyk däl, ýylylyk; aýralyk däl, agzybirlik bardyr. Adamyň eý gören zady oňa gülzarlyk ýaly täsir etse-de, kişi halamadyk zadyny indemezlik bilen bir hatarda ýigrenmäge-de ýykgyn edýär. Şonuň üçinem, adamlar bilen gatnaşygymyzda süýji dilli, güler ýüzli, ak ýürekli bolalyň.

Ýalandan, ýasamalykdan uzak we päk bolan hakyky söýgi daglary-daşlary dyza çökerip biljek güýje eýedir.

Maşgalamyza, goňşularymyza, okuwda we işde gatnaşýan adamlarymyza mähir görkezip, olaryň göwünlerini göterip bilýän bolsak, bu biziň üçin uly bagt!

Içi-daşy deň we dogry bolan ägirtleriň mertebesine ýetmek isleseň, senden elini çekene eliňi uzatmak, senden gysganana eçilmek, saňa ejir çekdireni bagyşlamak gerek.

Bu durmuşda biz tükeniksiz arzuw-hyýallaryň we haý-höwesleriň yzynda selpäp, bir pikirden başga pikire bökýärkäk, öz isleglerimizi amala aşyrmak üçin adamlary ynjytmagyň deregine, hakykat derýasyna çümmeli, täze-täze adamlar bilen tanyşmaly, söýgä mätäç ýürekleri mähir bilen çoýmaly we bakylyga uzap gidýän dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmalydyrys. Ýagny biziň maksadymyz we işimiz göwne degmek däl-de, göwün götermek bolmaly.

Güni, Aýy, deňzi söýmek; agaçlary, gülleri, miweleri söýmek; aryny, balyny we petegini söýmek her bir adamyň oňarjak işi. Emma esasy zat ynsany söýmek dälmi eýsem?! Adamy söýüp bilmek ýeňil-ýelpaý iş däldir. Hawa… Adamlaryňam gowy taraplaryny görüp, söýmegi başarýarysmy?!

«Birkemsiz dost gözlän dostsuz galar» diýlişi ýaly, aýypsyz adam tapmak asla mümkin bolmasa gerek. Her kimde göwnümize ýaramaýan säwlikleriň, maňzymyza batmaýan käbir pikirleriň bolmagy adaty ýagdaýdyr. Emma olarda bizi özlerine ýakynlaşdyrjak az-da bolsa gowy aýratynlyklar hem hökman bardyr.

Söýgi seredýäniň gözündedir. Söýmän seretseňiz, Ýusup aleýhyssalam hem gözüňize gelşiksiz bolup görner. Hawa, kimdir biri siziň halamaýan adamyňyz hem bolsa, onuň kemçiliklerini däl-de, gowy taraplaryny görmage çalşyň. Ýa bolmasa, oňa-da iň gowy görýän adamyňyza seredişiňiz ýaly mähir bilen garaň. Ana, şonda dünýäni ýigrenç, öýke-kine, duşmançylyk däl-de, dost-doganlyk, agzybirlik, sylag-hormat we söýgi gurşap alar. Şeýlelikde, dünýä giňden owadan, hoşboý ysly gülzarlyga öwrüler.

Ýakymly pikirden ýakymly netije dörär. Hakykatdan-da, herki zadyň gowy tarapyny görüp bilsek, aňymyzda ýakymly pikirler höküm sürer. Şol ýakymly pikirler hem bize durmuşdan lezzet almaga ýardam eder. Dünýä bagy-bossanlykdyr. Onda güllerem bardyr, dikenlerem. Adamlar kä Günüň ýylysyna çoýunýan bolsa, käte üstüne gara bulutlar abanýandyr. Eger-de özüň dürs bolsaň, kalbyň päk bolsa, pikirleriň hemişe dury bolsa, depäňde Gün lowurdap durar, öňüňde bolsa güller açylar.

Geliň, baran ýerimize ömürboýy bagt getireliň, töweregimize elmydama ýagtylyk saçalyň, derýa bolup adamlaryň teşneligini gandyralyň. Hemmämiz bilelikde bagtly durmuşy berkarar edeliň. Goý, biziň bagtymyz betbagtlarda umyt uçgunlary döretsin!

Taýýarlan Tylla Akmämmedowa

1 thought on “Söýginiň durmuşdaky orny”

Teswir ýaz

Scroll to Top