ON ÝEDINJI BAPDA

Dükanda halwa satylyp, «Bozdumanyň» orta ýolda «toýnagynyň sowaýşy», Wellegiň gözboýagçylyk edip, goňşy obalynyň nobatdan çykarylyşy, Mossynyň Töremyrat mugallyma ýaranjak bolup, biziň agzymyzy süýjüdişi.

 Giç öýlänlerdi. Men towuklarymyzy daşyma üýşürip, köneje jamdaky dänelerden olary iýmläp durdum.

– Meleje, aý, Meleje!. .

Ynha, «Wäh» diýlen ýaly, birdenkä ýol tarapdan Annagyň gykylygy eşidildi. Men towuklaryma iým sepmämi goýdum-da, Annagyň gelýän ugruna aňaldym. Annak aňyrdan tigrini batly şakyrdadyp geldi-de, maňa iki ädim ýetmän, tormozyna güýçli basyp, güpüläp ýere düşdi. Başlaryna gaý bolşup, däne çokuşyp duran towuklar ondan gorkuşyp, wak-waklaşyp, çar tarapa duw-dagyn boldular.

Annagyň towuklarymy ürküzmegi meniň ýeňsedamarymy gataltdy.

– Näm-ow, Töremyrat mugallymyň «Bozdumany» ýaly, süsňäp gelýäň-le. Towuklarymyňam-a ýüregini ýardyň. Tüý, tüý…

Men elimdäki jamdan däne sepeläp, towuklarymy çagyrdym. Towuk janawarlar gaty gorkan bolarly, bärik gelip bilmän, hol beýleräkde tok-toklaşyp durdy.

– Towuklaryňa zat bolasy ýok-laý. Beýle gaty gorkan bolsalar, Dürje enemize gorkulyk damarlaryny tutduraýarys – diýip, Annak ýyrş-ýyrş etdi. – Dost jan, häzir saňa bir hoş habarjyk aýdaryn welin, towugyňam ýada düşmez, horazyňam.

– O nähili habar-aý, Annak dost? Aýtsana çaltrak – diýip, men Annaga bolan öýkämi şol bada unutdym.

Annak dodaklaryny ýalap, agzyny şapbyldadyp gepledi:

– Dükana halwa gelipdir, halwa.

Aşygym alça gopan ýaly, men begenmekden ýaňa gygyryp goýberdim:

– Halwa?! Aý, goý-a?

– Çypbakaý çynym, Meleje. Özem saç halwa. Ýör basymrak, halwaň soňuna sogan ekmänkäler.

Agzyňda kibirdäp duran, bal ýaly tagamly saç halwa öler zadymdy. Ýöne köp kişiniň arzyly şol halwasy hasap guşy ýaly bolup, biziň obamyza seýrek gelýärdi. Ýogsa-da öňräk dükanda satylan eken. Salymyny bermän hem birgiden halwany iller «gyrlym» bolşup, towus göteripdirler. Arman, menem, öýümizdäkilerem, Annaklaram eşitmän, osal galan ekenik. Ertesi saç halwany Wellekde görüp, gaty kemsindik. Welleg-ä özünden bilib-ä, halwasyny bize dadyrmady, bizem ondan dilemäge namys eden bolduk. Annag-a biljek däl welin, men-ä halwadan gaty ät galaýan ekenim. Ep-eslije günläp bokurdagymy çilik kimin çişirip gezmeli boldum.

… – Onuň ýaly bolsa eňeli-le, Annak dost. Birden ýene ät galaýmaly – diýdim-de, men içerik atylyp girdim. Yzym bilen hem puldur halwa salar ýaly gap alyp, öýden dazlap çykdym.

Biz ýola düşüp, aýlawa goýberilen taýlar kimin biri-birimizden galman, dükana tarap gyp basaýdyk. Ýoly ýarpylaberenimizde, Töremyrat mugallymyň «Bozdumanyna» gözümiz düşdi.

Ynha, şu wagt hem «Bozduman» hemişeki kesirligine tutan bolmaga çemeli. Töremyrat mugallym aýagy bişen ýaly, onuň daşynda zowzanaklaýardy.

– Annak dost, halwa iýip bolaýdyk öýdýän. Ana, görýäňmi, Töremyrat mugallymyň «Bozdumanynyň» ýene «toýnagyny gyzdyryşmaly boljak» – diýip, men içki howsalamy daşyma çykardym.

– Of! – diýip, Annak uludan demini aldy-da: – Şol «Bozdumandan» biz haçan dynarkak? – diýdi.

– Töremyrat mugallym täze maşyn alanda – diýip, men jogap berdim.

– Töremyrat mugallym-a täze maşyn alynmaz. O tarapdan-a tamaň tala daňlan ýaly bolaýsyn – diýip, Annak myşlap gepledi. – Objuman, şeýle, Meleje han, anha, Töremyrat mugallymyň «Bozdumany», men-ä şoňa barmajygymam batyrman. Onuň üçin halwadan galyp bilmen, hanymbaý. Gel gowusy, nädeli diýsene?

– Nädeli?

– Görmediksirän bolup, tigrimizi gapdalyndan gaty sürüp geçibereli-le.

– Beýtseň, ýagşy däl-laý, Annak.

– Halwadan galsaň, ýagşy-da onda? Ä?

– Aý, olam-a gowy däl özi…

– Hany, onda, ynnyk-pynnyk etme-de, bas yzymdan. Ýüzüňi öwür-de beýläk, gözüň ýok ýaly, geçiber gabadyndan.

Annak bat aldy-da, tigriniň tizligini artdyrdy. Menem onuň yzyndan «guýruk tutdy» bolaýandyryn.

Töremyrat mugallymyň gabadyna ýetiberenimizde, Annak ýüzüni gyjakçylaryňky ýaly kese sowup, tigrini wazladyp, aňyrlygyna geçip gidiberdi. Men welin, bilesigelijilikdenmi ýa Töremyrat mugallyma nebsim agyrmakdanmy, duýgudaşlykdanmy, garaz-haý, ýüzümi bütinleý ondan öwrüp bilmedim, nähilem bolsa, oňa gözümiň gyýtagyny aýlabrak geçdim. Şonda biziň gelýänimizi görüp, Töremyrat mugallymyň begenjine depesiniň gök dirändigini, emma gabadyndan geçip gidenimizde bolsa, süňk paýlaşygyndan ät bolan çaga ýaly müzzerilip galandygyny, çalaragam bolsa, men şu zatlary synlamaga ýetişdim. Onuň bolşuna ýüregim awaýdy.

– Jümmiýew, Garajaýew, dursaňyz-la. Nirä barýaňyz? Dursaňyz-la. «Bozdumany» ýöredişseňiz-le – diýip, yzymyzdan boýurganyp gygyrmasy meni pagyş-para eretdi. Men säginjek ýaly etdim. Birdenem tigrimi ala-hasyrdy bolup gaty sürdüm-de, Annagyň yzyndan ýetdim.

– Annak, dursana, eşidýäňmi! Töremyrat mugallym bize gygyrýar. Eşidýäňmi? Kömekleşeli-le.

Annak ýapyrylyp eňip barşyna:

– Eşidýän. Gulagym ker däl – diýip, dişlerini gyjyrdatdy. – Samsyk bolma-da sürüber. Halwa alyp gelip, «Bozdumany» ýola salyşaýarys. Töremyrat mugallyma-da halwamyzdan dadyrys welin, onuň öýkesi-de ýazylar. Düşündiň gerek!

Be, be, Annagyň «kädisi» boş däl-ow. Şular ýaly gyssanyp-alňasaňda bir çykalgajyk tapaýýar, zaluwat!

Indi meniň agyr günäm ýeňlän ýaly bolaýdy.

– Düşnükli, Annak dost. Basdyk ýüz elliden.

Annak ikimiz tigirlerimizi uçurara getirip, bärden haşlaşyp baranymyzda, dükanyň içi adamdan ýaňa hümerdi. Özem içeri ala-gopgundy: «Maňa az berdiň-de, oňa köp berdiň. Maňa külkesi ýetdi-de, oňa irisi» . Nobatyň iň yzy bolsa Wellek eken. Ýöne ol halwadan ýüküni tutan ýaly-la. Elindäki haltajygy pökgeripjik dur. Özem agzy-burnuny çyrşak edip, ýetişibildiginden halwa symyşlaýar.

– Eý, Wellek, sen satyn alan halwaňy şu ýerde iýip gitjek bolýan-a dälsiň? – diýip, Annak ýaňsyly ýylgyrdy.

– Hawa-aýt, şu ýerde iýip gitjek bolýan-aý – diýende, Wellegiň owurdyndaky halwa külkeleri Annagyň ýüzüne syçrady. – Iýemde öz halwamy iýýän. Saňa näme!

Wellegiň öň ýanynda dükanyň içinden petişliginden gara der bolup duran Begim aga:

– Iýseň, janyňa noş bolsun, ýöne ikinji gezek nobata durup, gözboýagçylyk etjek bolma. Ozalam halwa bir gezek nobata duranlara-da ýetmejek bolup dur – diýip, Annaga derek jogap berdi.

– Oh-ow, sakgaldaş, şol gijen göz garagolja öň-ä bir, iki sapar alandyr ýöne, üçem alan bolmasa. Goýberme şony – diýip, nobatyň ortarasynda duran Nunna aga iki gapdalyndan mazalyja gysylansoň, çygyljyrap gepledi.

– Aý, şo gijen göz diýýäniňiz Illek gazançynyň dogmasy dälmi? – diýip, märekäniň içinden biri gyzyklanyp sorady.

Wellegiň kakasy Illek aganyň bir bolmaýan gylygy bar. Gazan nahar bişip durandyr welin, okara guýdurmazdan, ilki bir şoňa nan basyp alar, bolmasa-da, çemçäni sokagetdin, etinden çykarynar. Onuň bu gylygy çagalygyndan galypdyr. «Öwrenilen gylyk – örkleseň durmaz» diýlişi ýaly, şol endigini henizem goýup bilenok. Iliň gözünden şol düşenligem oňa «Illek gazançy» diýen lakamy dakdyrypdyr.

– Edil özi – diýip, Annak Nunna aganyň sözüni agzyndan aldy.

– Edil özi bolsa, şol oglan dükana düşeli bäri tereziniň gapdalyndan aýrylanok. Öňümizden-ardymyzdan gelip, zol çekdirip dur. Gelen halwanyň ýarysyny şol öýlerine çekdimikä diýýän men-ä.

Bu agzy ýelli kişiniň bolşundanam beter edip geplemesi Wellegiň juda degnasyna degdi:

– Agam jan, men halwany mugt alamok. Ýa-da seň puluňa alamok. Şonuň üçin meniň bilen işiň bolmasyn.

Ol dilewar kişem Wellegiň «ýakasyny sypdyrmady» :

– Han ogul, halwany bizem seň kakaň puluna satyn alamzok. Alsak, öz pulumyza alýarys.

Adamlar onuň sözüne gülüşdiler. Muňa Wellegiň hasam jany ýandy. Ol hum ýaly gyzarylyp durdy-durdy-da, birdenkä elini çarpyp gülüp goýberdi:

– Weý, sen näme bu ýerde eýemsirän bolup dursuň-a. Hany çyk nobatdan.

– Eý, Hudaý, «ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýenleri-dä. O näme üçin men nobatymdan çykmalymyşym? Näme, nobatymy saňa bermeli diýip, meniň maňlaýyma ýazylypmy? – diýip, dilewar kişi hikirdäp güldi.

– Aý, agam jan, sen kän gülen bolma – diýip, Wellek oňa hüjümini dowam etdirdi – Seniň näme bu dükandan halwa almaga hakyň barmy. Bar-da hol öz obaňyzdaky dükandan al-daraý.

– Eý, jijjim, sen ol obaly, bi obaly diýip, adam alalajak bolma. «Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz» diýipdirler, inim jan – diýen bolsa-da, ol dilewar kişiniň birdenkä bady gowşady – Onsoňam biziň Aryklar obamyzdaky dükanda üme-düme halwa satylýarmy näme? Hol wagt mampasa bilen atam döwürdäki toşaplydan başga zat ýok.

– Han ogul, ýok bolsa arzyňy öz dükançyňyza aýt – diýip, Jumanazar aga-da bir gapdaldan söz oklady – Wellek ýegen dogry aýdýar. Sen han ogul, halwaň gamyny öz obaňda iýseň nädýär?

– Hawa-aýt, halwa özümize ýetenok welin, seňki näm-aýt.

– Ozal-a, arz edip, arz edip, zordan halwa getirtdik. Indem ony kesekä ýal etmeli bolsa…

– Artygyň harmanydyr öýdýäňm-aý muny.

– Çykaryň ony nobatdan.

Adamlar ýerli-ýerden itişip, aňyny-maňyny bermän, goňşy obalyny nobatdan çykardylar.

– Ah-ow, adamlar, goňşular, munça itişip duranyma görä bir-iki kilojyk alaýyn-la – diýip, ol ýalbardy.

– Ýok, bolmaz.

– «Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja» etjek bolma, gardaş. Sürüber öz obaňyza.

Ol adam eli bilen maňlaýyna şapladyp, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady:

– Wah, dilimden galdy bar bela. Näme gerekdi iliň garagoluny ýola getirmek. Buýurjak bolsaň, öz obaňyzyň garagoly gytmy diýsene. Yňkyňy çykarmanjyk duran bolsaň-a, halwadan ýetdik paýyňy alyp gidäýmelidiň.

– Indi bolsa, iki barmagyňy burnuňa sok-da gidiber, obaňyza – diýip, Wellek oňa gyjyt berdi. – Maňa degseň, şeýle bolaýar.

– Häýt, häýt, Wellekguly. Utanaňokmy, özüňden ula gödek söz diýip durmaga – diýip, Nunna aga Wellege käýindi. Soňra ol nobata duranlara ýüzlendi – Adamlar, «Myhman ataňdan uly» diýlen nakyly ýatlaň. Goňşy obadaşymyzy beýdip goýbermek gaty gelşiksiz bolar. Şeýdip gitse, biziň «Duzluja» obamyza abraýmy?! Gören ýerinde: «Duzlujalylar-a» adamçylykdan çykypdyrlar. Iki kilo halwany gysganyp, meniň yzyma it salyp kowup goýberdiler» diýse ýagşymy?

Nunna aganyň sözleri nobata duranlary oýlandyrdy. Goňşy obalyny nobatdan çykaranlaryna kim ökündi, kim ikirjiňledi, garaz, bir Wellek:

– Şol alsa-ha, menem alaryn – diýip, aýagyny depip durmadyk bolsa, galan adam oňa halwa satyn almaga rugsat berdi. Özem dözümsizlik edip, hem eden «günälerini» ýuwjak bolşup, adamlar ony nobatsyz goýberdiler. Halwa alyp, guşy uçan ol adam gapydan çykyp barýarka – Adamlar, dükanymyza halwa gelse, bizem bir-iki sanyňyzyň agzyňyzy süýjedäýeris – diýdi.

Ol adam çykyp gidensoň, daşarda bir gürrüldi eşidildi. Annak gulaklaryny gerip, diňşirgendi-de, gözlerini elek-çelek etdirdi:

– Eý, Töremyrat mugallym-a «Bozdumanyna» atlanyp gelendir.

– Men-ä indi onuň gözüne görnüp biljek däl. Ýör gaçaly – diýip, men märekäniň içine dykyldym.

– Be, tapdyň-ow akmagy. Indi Töremyrat mugallymdan gorkup, agzymyza gelenje rysgaldan galaýmalymy!

– Onda, oňa näme jogap bereris. Ol bizi märekäniň içinde it masgarasy eder.

– Ýa, Meleje dost, senem oňarýaň-aý, şu halwaň gykylygy bilen hiç kim oňa üns beresi ýok-la. «Durup «Bozdumanyňyzy» itekleşäýjekdik welin, tigrimizi saklap bilmedik. Tormozy tutmady» diýeris. Biziň tigirlerimiz, näme onuň «Bozdumanyça» ýokmy!

– Aý, ol bahanaň ynandyryjylyksyz bolýar-laý, Annak.

Annak: «Aý, näme bolsa, şol bolsun-la» diýen ýaly elini silkip goýberdi. Şol wagt Töremyrat mugallym bilen Dürje enemiz bosagadan ätledi. Men öz ýanymdan ýylgyrdym. Annagyň welin, piňine-de däl. Ol nätdi diýseňiz-le. Hamana hiç zat bolmadyk ýaly, ýyrş-ýyrş edip, Töremyrat mugallym bilen Dürje enemizi garşylady:

– Geldiňizmi? Meleje ikimiz size-de nobat tutup goýandyrys. Biziň öň ýanymyzda durubermeli.

– Wah, akylyňyzdan aýlanaýyn, deýmurçylarym, akylyňyzdan – diýip, Dürje enemiz güp-güp etdirip, Annagyň arkasyna kakdy. – Sizden garaşanyň çykaýar, garaşanyň.

Töremyrat mugallymdan welin ses-üýn çykmady. Gahardan ýaňa onuň äýneginiň aňyrsyndaky kiçijik gözleriniň agy köpelip, alkymy ýellenip dur. Onuň käýinjini-iňirdisini eşitmän, sag-aman şu ýerden bir gitsekdik.

Şu aralykda haýdap halwa çekip duran dükançy Mossy bärik elini bulady:

– Töremyrat Taganowiç, siz nobata durup azara galmaň. Geläýiň bärik. Näçe kilo gerek bolsa aýdyberiň.

Hemmeler aňka-taňka bolşup Töremyrat mugallyma seretdiler.

– Äýu, Mossy jan! – diýip, Dürje enemiz dükança gygyrdy. – Ala-böle Töremyrat jana beýle eçilýäň welin, ol Ak patyşaň agtyg-a däldir-le?

Dürje enemiziň sözüne hemmeler gyzyl-gyran gülüşdi. Hatda Töremyrat mugallymyň özi-de ýylgyrdy.

– Dürje eje, Töremyrat mugallym Ak patyşaň agtygy bolmasa-da, halk kontrollygynyň agzasy – diýip, Mossy düşündirdi.

– Wiý, wiý, onuň ýaly wezipeli kişi bolsaň baraweri, Töremyrat jan, bilmändiris – diýip, Dürje enemiz Töremyrat mugallymyň arkasyndan itiberip goýberdi. Emma Töremyrat mugallym ýerinden gozganman duruberdi:

– Mossy, nobatsyz alyp, meňňem ilden artyk ýerim ýok. Nobatym ýetende, il deňinde berseň bor. Ýöne halwany tygşytlap sat. Çagalyny, köp maşgalylyny, garry-gurtyny nazarda tut.

– Berekella, Töremyrat molla, dogry aýdýaň. Ýogsa Mossy han häliden bäri «Ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş» edip dur – diýip, Nunna aga Töremyrat mugallymyň sözüne gop berdi.

Annak hem şu ýerde pursaty elden bermän, Wellegi gönertledi:

– Ýoldaş mugallym, Welleg-ä öýlerinde halwadan harman ýasaýmaly edipdir. Utanman, ynha, ýene nobata dur.

Wellek halwa gäwüşemesini goýup, gözlerini tegeledi.

– Aý, goýsan-aý, men-ä nobata duramok. Size garaşýan. Bileje gaýdaýjakdym-da.

Annak:

– Biz-ä seň bilen bileje gaýdyp bilmeris. Hanha, guşaklygyňdan ýol. Haýdaber! – diýip, açyk gapydan ýola elini salgady.

Wellek:

– We, onuň ýaly bolsa, gidäýerin – diýdi-de, agzyny kümüş-kümüş etdirip, dükandan basym çykmak bilen boldy.

Töremyrat mugallymyň ýaňky sözi Mossy dükançynyň injiklerini sandyradan bolmaga çemeli. Ol halwany tereziniň üstüne ala şakyrdy edip taşlaýman, emaý bilen kadaly goýup başlady, öňküsi ýaly göze güýdüşdirip, ýeňil çekmesini-de bes etdi. Töremyrat mugallymyň beren duýduryşy nobata duranlara-da üýtgeşik täsir etdi. Indi hälki ýaly, goham ýok, dawa-jenjelem. Dükanyň içi imi-sala bolaýdy. Asyl nobat hem çaltlanyberdi. Ahyr gezek bize-de ýetdi. Ilki Dürje enemiz aldy, soňra Töremyrat mugallym. Ýöne Annak ikimize galanda, «Garybyň agzy aşa ýetende, burny gananlary» boldy duruberdi. Halwa gutaraýsa nätjek. Annagam, menem depeden togalanan ýaly bolduk.

– Indi biz nädeli? – diýip, Annak Mossa boýurganyp seretdi. – Indi bokurdagymyzam-a galar.

– Ýak, Annak hanyň gaýgy edýän zadyny. Häzir bokurdaklaryňyzy galmaz ýaly edäýeris – diýip, Mossy dükançy inçejik sesi bilen içýakgyç gülküsini etdi-de, tereziniň üstünde ýatan halwa bölejigini iki bölüp, onuň hersini birimize uzatdy. – Mäň, şuny dadyň. Gaýdyp bokurdagyňyz galsa-da, meniň ýanyma geläýiň.

Biz halwa bölejigini agzymyza atyp, ýüzümizi sallaşyp, yzymyza dolanmakçy bolduk. Şol wagt Töremyrat mugallym elindäki halwany tereziniň üstünde goýdy:

– Hany, Mossy, şuny deň-dermanja üçe böl.

– Edil aýdyşyňyz ýaly bor, Töremyrat Taganowiç.

Mossy halwany bir kilodan, bir kilodan üçe bölüp, kagyza dolaşdyrdy.

– Jümmiýew, Garajaýew, men hemişe siz bilen. Aç bolsak, bile aç bolarys, dok bolsagam bile dok bolarys.

Töremyrat mugallym şeýle diýdi-de, herimize bir kilo halwany uzatdy.

– Gördüňizmi, deýmurçylarym, Töremyrat mugallymyňyz dözümsizdir. Siz ýaly orta ýolda taşlap gitmez – diýip, Dürje enemiz häliden bäri ýarylmadyk çybanyny ýardy oturyberdi.

Meniň üçin agzymdaky bal kimin halwa kekre ýaly ajy bolup duýuldy.

Teswir ýaz

Scroll to Top