ON DOKUZYNJA BAPDA

Töremyrat mugallymyň açlyk yglan edip, oraza tutuşy, Wellegiň milisioner bolup, ýaňagy tyg yzly adama ökje götertdirişi, Jenniniň Dürje enemiziň topbusyna hyrydar çykyp, Jonniniň çägeden gyzyl gözleýşi.

 

Töremyrat mugallymyň öňümizdäki dynç alyş gününe gabatlap, Aşgabatdaky geçiriljek uly futbol ýaryşyna tomaşa etmäge gitjek bolmasy Annak ikimiziň kalbymyza gozgalaň saldy. Biziň hem boljak şol ýaryşy göresimiz geldi. Bu pikirimizi Töremyrat mugallyma aýdanymyzda, ol özüne aýakbagy bolarys öýtdümi, nämemi, bizi äkitmägä kän bir göwnäp barmady.

– Ene-ataňyz goýbermäýmese?

– Biz eýýäm olardan rugsat soradyk. Sowalgamyzam berjek diýdiler.

– Tüweleme, siziň ýetişiklidigiňizi… Ýöne

– Ýöne diýmeseňizläň, ýoldaş mugallym. Biz şäherde ýitmeris. Siziň ýanyňyzdan birje ädimem hiç ýana gitmeris.

– Aperin, aperin!… Bilgiçler boluň-a. Meniň göwnümdäkijäni siz şaňkyldadyp dursuňyz-aý.

– Onsoňam, ýoldaş mugallym, «towşanlaryňyzy köpeltseňiz Aşgabada gezelenje äkiderin» diýip, özüňiz sözem beripdiňiz. Towşanlarymyz bolsa eýýäm ýigrimi alta ýetdi.

– Wiý, wiý!… Aý, siz sypara ýer goýmadyňyz. Bileje gidýäris, Jümmiýew, Garajaýew, bileje gidýäris. Futbol göräýeris, gözel Aşgabada seýil ederis.

– Urra!

– Ýaşasyn, futbol!

– Ýoldaş mugallym, Aşgabada «Bozdumanyňyzy» münüp giderismi?

– Şonuň bilen gidäýsegem bordy welin, barýançak ol hem bizi münäýmese.

– Ýok-la, onuň bizi şu ýerde münýäni-de ýeterlik.

– Onda samolýotly gidäýeliň.

– Ýok, otly bilen gidäýeliň-le. Dürje enemiz samolýota bolmaýmasa.

– Näme, näme?… Eýýäm Dürje eneňize-de şapylatdyňyzmy?

– Ilki şonuň bilen maslahatlaşdyk-da, ýoldaş mugallym. » Gitseňiz menem özüňizden goýmaweriň. Şindize çenli Aşgabada aýagym sekenok» diýdi.

– Aý, onda, Töremyrat han, futbol görüp bolupsyň. Baraňsoň şular bilen sozanguýruk bol-da ýör. Belki, Nunna agaňyza-da aýdansyňyz?

– Aýtdyk-la…

– Ana, gördüňizmi!Siz-ä bar «Duzlujany» Aşgabada sürjek ekeniňiz.

– Ýöne, Nunna aga, biz bilen gidip bilenok ýoldaş mugallym. » Janaý-janaň giderdim welin, yzymda işim ýatjak» diýdi.

– Wah-heý, şonuň ýeri «gäderip» durjak-da.

Annak Töremyrat mugallmyň ýaňsysyna düşünmedi:

– Nunna agany, dogrudanam, äkitseg-ä gowy bordy. Onuň işini Wellege tabşyraýsak bolmazmyka?

– Gowusy, siz nätseňizläň!… Siz gidiberiň, men galaýjak.

Töremyrat mugallym şeýle diýdi-de, ýeňsesini tüňňerdip, ýanymyzdan turdy gidiberdi. Annak ikimizem onuň yzynda gultnyp galdyk. Ýalbarsak-ýakarsagam, ötünç sorasagam häzir Töremyrat mugallymyň «öýkeleklik», «kejirlik» damarlarynyň ýumşajagy bellidi. Ol bir öýkelese ýa-da kejiriligine tutsa aňsat-aňsat açylşaýmaz.

«Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer» diýlişi ýaly, Töremyrat mugallymyň torsarylyp gitmesini men Annakdan görjek boldum:

– Bary-da senden. Nunna aga aýtmak näme gerekdi saňa.

– Sen Dürje eneňe aýdaňda, men Nunna agama aýtmanmy!-diýip, Annak hem özüni aklady.

Men gep tapman:

– Dürje enem, dürje enemdar-aý-diýdim.

– Meňňem Nunna agam-Nunna agamdar-aý-diýip, Annak hem meniň gepime görä jogap gaýtardy.

Biz şundan aňry näme diýişjegimizi bilmedik-de, torsaryşyp, herimiz bir ýol bilen öýümize gaýdyberdik. Ertesem, birigünem, soňkusy günem biziň öňküligimiz bolmady. Biri-birimizi görenimizde ýüzümizi sallaşýardyk. Ýöne Töremyrat mugallym aramyza salan bu towyny özi çözdi-de, biziň öýke-kinämizi ýagdan gyl sogrulan ýaly etdi goýberdi. Dördümize-de otla, bir küpeden bilet alypdyr:» Ýok men siziň göwnüňize degip biljek däl. Sizi goýup gitsem meniňem futbol hezilim boljak däl. Ýöne, arman Nunna agany-da äkidäýsek boljakdy-da» diýip, Töremyrat mugallym bu gezek ýaňsysyz-öýkesiz gürledi. Annak:» Onuň üçin gynanmaň, ýoldaş mugallym. Nunna agany indiki gezek äkidäýmeli bolar-da» diýdi, welin ýene bulaşdyrar öýdüp, men derrew onuň aýagyny basdym. Her nämede bolsa, şunuň bilen Nunna agaly meseläň soňuna nokat goýuldy.

Biz otla ýarym duralgadan münmelidik. Meniň ýarym duralga diýýänim obamyzdan gaty daş bolmadyk otly duralgasydy. Şäherdäki uly wokzala ýaltanylyp, otla münülende, köplenç şu ýarym duralga çykylaýýar. Ýöne otly bu ýerde sähelçe saklanýar. Ygym-sagym etdigiň, otlydan galdygyň biläý. Töremyrat mugallym, Annak, men üçümiziň-ä özümize göwnümiz ýetýär. Otly bir saklanyp bildigi, özümizi oňa ataryp biljek. Ýöne şu, Dürje enemiz welin, bizde şübhe döretmän duranok. Dikgirdänem bolýar welin, garry adam-da. Wagty bilen «gurrasy gowuşmaýmasa» . Emma Dürje enemiziň ýüregi gaty suwluja eken. Töremyrat mugallym şol ünjümizi duýduranda ol beýlämizden düşdi duruberdi:

– Meni äkitmejek bolup, her bahanajyk tapýaň-ow, Töremyrat jan, senem. Seň Dürje eneň ol-a wagun eken, kellesine münüp gitmeýärmi.

Nunna aga bizi gozakly motory bilen otla çykardy. Özi bolsa «Ugrtatmady diýip aýyplaşmaň. Men irgözin raýona gidip, poçtany äkelmelidirin» diýip, otly gelmänkä yzyna dolandy.

Bolsa-da ýarym duralga diýer ýaly däl, bu ýerde otla münjek kän eken.

– Tüweleme, Töremyrat jan, şu adamlaryň bary Aşgabada putbola barýarmyka?-diýip, Dürje enemiz oýunlyga saldy. Töremyrat mugallym hem Dürje enemiziň degişýänini bilip:

– Bäý, Dürje eje, men-ä bularyň baryndan ýekän-ýekän sorap çykaýmasam bilmedim-ow. Ýöne bular futbola baraýanlarynda-da bize stadiondan ýer tapylman galaýasy ýok-la. Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn.

– Aý, ýer tapylsa bolýar.

Zoguny çalyp, «was-was» edip, otly geldi. Adamlar azzatda-mazzat bolşup, itenekleşip-çomanaklaşyp, iki ýana at salşyp, birek-birege gezek bermejek bolşup, wagonlara münmäge başlady. Biziňki dokuzynjy wagondy. Töremyrat mugallymyň «Biziňki şu ýerde durmaly» diýip, bizi saklan ýerinde, altynjy wagon gelip durdy. Biz güpürdeşip, yza ylgadyk. Emma syrgynyň ahyryna çenli gitsegem münmeli wagonymyza gözümiz düşmedi. Töremyrat mugallym soňky wagonyň prawodniginden –salpy murtlak, garynlak pyýadadan:

– Hany, dokuzynjy wagon?Ony iýäýen-ä dälsiňiz-dä?-diýip, gaharly sorady.

– Beý, Äýnekbeg, seň gürrüňiň dagy nähil-aý. Çepiňe ýatyp turan ýaly-la. Tutuş bir wagonam bokurdakdan geçermi-diýip, läh-läh güldi:Dokuzynjy öňde bor-a. Bärde nä göri bar onuň.

– Öňd-ä ýok şol, Murtbeg –diýip, Töremyrat mugallym onuň «äýnekbeg» sözi bilen haklaşjak boldy.

– Bardyr, bardyr, äýnekbeg jan, gitjek ýeri bolmaz. Seredişiň ýagdaýlydydyr. Äýnegiňi aýryp, gözüňi giňräk açyp seret, taparsyň.

Prowodnigiň bir zeýilli kemsidip, üstünden güljek bolup durmasy birneme Töremyrat mugallymyň degnasyna degdi. Äýnegini aýryp-dakynyp, alkymyny ýellendirip, salpy murtlyny allarladyberjek boldy welin, otly zoguny çalyp goýberdi-de, Töremyrat mugallymy sägindiräýdi. Şol wagt Dürje enemiz hem ony gyssady:

– Ýörsene, oglan!Otludan gijä galýas…

Kim bilýär, nämedendigini, prowodnik şu ýerde ähli «günäsini» ýuwup-ýylmap goýberdi:

– Geliň, otludan galmankaňyz meniň wagonyma münäýiň. Barýarka özüňiziňkinem taparsyňyz-da.

– Ýok, seniňkä münenden, Aşgabada pyýada gidenimiz gowudyr-diýip, Töremyrat mugallym jogap berdi-de, yza ylgady. Biz hem onuň yzyndan «guýruktutdy» boluşdyk. Perronda duranlar bilen kä çaknyşyp, kä olaryň arasyndan wazlaşyp barşymyza, birdenkä Dürje enemiz içini tutup, bizden yza galyberdi.

– Näme haýalladyň, Dürje eje?Ylga!-diýip, Töremyrat mugallym öňümizden haşlap barşyna, yzyna gaňryldy.

– Wah, dalak tutaýdy öýdýän. Töremyrat jan…

Töremyrat mugallym hyrra yzyna döndi:

– Dalak diýersiň, böwrek diýersiň, garaz birzat taparsyň-da senem şu ikaralykda.

Töremyrat mugallym birdenkä Dürje enemizi ýerden göterdi-de, gujagyna alyp, haşlap ylgaberdi.

– Äýu, Töremyrat jan, sen meni bäbekdir öýtdüňmi!-diýip, Dürje enemiz güldi.

– Otursana, Dürje eje, «garagolluk» etme-de. Seni şeýdip Aşgabada eltmeýänmi-diýip, Töremyrat mugallym jogap berdi.

Töremyrat mugallymyň bolup barşy perronda duranlary gülüşdirýärdi. Olar sowulyp-sowulyp bize ýol berýärdiler. Ynha «etek, alty ýeň ýedi» bolşup barşymyza otly ýerinden gozgandy.

– Haý, Töremyrat jan, otly gitdi. Düşür meni.

– Otur, otur…

Hälki altynjy wagonyň bir çetine ýetdik welin, onuň gapysynda duran inçemik, garaýagyz prowodnik Töremyrat mugallyma elini bulady:

– Äber garryny, äber!… .

Otly tekerlerini şykgyldadyp, bat alyp ugrady. Töremyrat mugallym hem aýlawyny güýçlendire-güýçlendire prowodnigiň gabadyna bardy-da, hykylap-hykylap, gujagyndaky Dürje enemizi prowodnige uzatdy. Prowodnik çalasynlyk bilen, Dürje enemiziň iki golundan çekip, beýlesine geçirdi. Şu aljyraňňylykda Annak ikimiz Töremyrat mugallymyň hakydasyndan çykan bolmaga çemeli. Ol prowodnigiň goltgy bermegi bilen basgançakdan ýokary dyrmyşdy, birdenem biz ýadyna düşdi-de, yzyna ätledi:

– Oh-how, siz galyp barýaňyz-la… Münüň ahyryn. Töremyrat mugallym wagonyň agzyndan eýläk çekilenden, Annak ikimiz birden ýokaryk topuldyk. Ikimizem bir-birimizden öň münjek bolşup, wagonyň agzyny petikledik duruberdik. Prowdnig-ä gollarymyzdan ýokaryk çekýär. Töremyrat mugallym hem müňzäp ýeňsämizden itýär. Ahyry Töremyrat mugallym bat alyp-bat alyp, zomap goýberdi welin, Annak ikimiz prowodnigem alyp, wagonyň içine güpürdeşip girdik. Biziň üçümizem şol bada yza topulyşyp, Töremyrat mugallyma kömekleşmek üçin gapynyň agzyna barrdyk. Otly eýýäm tizligini artdyran eken. Töremyrat mugallym hem ýadapmy nämemi, gapynyň tutawajyndan tutdum-tutdum edip, tutup bilmän gelýär. Biziň ikimizem oňa elimizi uzadyşyp gygyryşýarys!

– Äber eliňi!

– Ylga, ýoldaş mugallym!

– Galaýma, ýoldaş mugallym!

Şol barmana-da Töremyrat mugallymyň äýnegi gözünden gaçaýsa nätjek. Ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi.

– Ylga, ýoldaş mugallym!

– Bolsana, ýoldaş mugallym!

– Aýrylsaňyzlaň-ow gapynyň agzyndan. Siz bir wagondan gaçyp maňa iş bolaýmaň.

Prowodnik biziň egnimizden çekdi-de, içerik itberip goýbedi, soňundanam wagonyň gapysyny şakyrdadyp ýapdy-da, açary bilen ony petiklemäge durdy.

– Äýu, jigi, hany, Töremyrat jan?-diýip Dürje enemiz aňyrsyny bakyp, gapyny gulplap duran prowodnigiň egnine eli bilen patlatdy.

– Gynansagam daýza seň Töremyrat janyň galdy.

– O nähili galdy?

– Otla münäýmeli bolupdy welin, äýnegini gaçyraýdy, Dürje ene- diýip, Annak birhili agy gatyşykly gepledi.

– Häý, äýnegi döwülmişeý. Şony arsyz bir zatdyr öýdenok. Oňarmasaň äýnek nä başyňa gerek. Ynha şu adamlar eneň ýaşyny ýaşady welin, dakynman ýör-ä-diýip, Dürje enemiz Töremyrat mugallyma käýindi. -Äýu, jigi, biz Töremyrat jansyz hol ýerigem butnamarys. Duruz otlyny.

Prowodnik güldi:

– Daýza jan, seniň bir Töremyrat janyň üçin otlyny duruzyp bilmeris.

– Onda bizi düşüräý.

– Daýza, seň özüň sagmyberi?

– Ýyldyza toýnak salýan.

– Onda indiki duralgada düşüräýerin. Hany ýerli-ýeriňize baryň.

– Biz nirede oturaly. Bu wagon biziňki däl ahyryn-diýip, men howsalamy daşyma çykardym.

– Siziňki näçenji bolmaly?

– Dokuzynjy.

– Şu dokuzynjy-da.

– Onda näme üçin daşynda altynjy ýazylgy dur.

Prowodnik güldi-de, başyny ýaýkady:

– Ýaňy stansiýada dokuzlygy tersine goýaýypdyrlar. Indiki duralgada beýlesine öwüräýerin. Ýaňy şeýtjegem boldym welin, gyssagarada hiç elim degmedi.

– Äl jigi, nomuryňy öwrüp-çöwren bolup, senem, Nunna ýegen ýaly biziň enter-pelegimizi öwürdiň. Etdiň-etdiňem Töremyrat jana etdiň-diýip, Dürje enemzi ýüzüni turşadyp gepledi.

Prowodnik:

– Daýza, Nunna ýegeniňiziň-ä kimdigini biljek däl welin, ýöne Töremyrat janyňyzyň-a size yhlasy zor eken. Ýaňy seni bäbek göteren ýaly ediberişini dagy görenimde, men-ä agzymy açandyryn. Häli görseň, şol taksi tutup, yzymyzdanam ýetewersin-diýdi welin, Dürje enemiz:

– Aý, jigi, Töremyrat janyň meni göterenini mazamlap durmasana. Bäbekkä menem ony az göteren däldirin diýip, birhili oýunlyga salyp gepledi. Sen, ýöne saky-sukyňy azrak et-de, bizi indiki assansiýa çenli dik duruzyp gitmtjek bolsaň, ýerimize elt. Ertirden bäri otla garaşa-garaşa dyzlarymyz kipislenen ýaly bolaýdy.

– Weý, onuň ýaly bolsa, ýörüň, daýza jan!-diýip, prowodnik bizi öňňüne salyp, ýerimize äkitdi. Näçinji küpe bolmaly siziňki?

– Bäşinji-diýip, Annak jogap berdi.

– Bäşini bolsa…, häzir…, daş ederis-Prowodnik biziň ýerleşmeli küpämiziň gabadyna gelip, onuň süýşme gapysyny şakyrdadyp açdy-Giriň!… Hany zatlaryňyzy ýerbe-ýer edişdiriň, menem onýança işleri ugrukdyraýyn. Onsoň, daýza jan, saňa ajyja çaý bereýin.

– Weý, jigi, sen barýarkaň ugruňy düzlejek ýaly-la.

– Weý, daýza jan, meniň siz ýaly ýolagçym bolsa, hiç ugrym üýtgemez, ok ýaly gönüdir. Hany, biletleriňizi görkeziň, men şolara bir bellijek edip goýbereýin.

– Wiý, biletler-ä Töremyrat janda galandyr…

– Haý, seň-ä, daýza, jürimi dikdiň-ow. Indi barlagçy gelse, näme jogap bereýin?

– Töremyrat janda galan eken diýäý.

– Ah-heý, daýza, sen giň ýeriň gürrüňini edýäň. Barlagçy seň Töremyrat janyňy tanýarmy?Siz-ä bir düşir welin, maňa-da biletsiz ýolagçy mündüripsiň diýip, ştrafy ýelmär. Aslynda siz bilet bir alypdyňyzmy?

– Toba, toba. Şyltak bir atmaweri, jigi. Bilitsiz bolsak, seň küpäňi näbileli, süpäňi näbileli.

– Bäý, öz-ä çatak bold-aýt-diýip, prowodnik ýeňsesini gaşap, küpämizden çykyp gitdi.

– Çatagam bolsa, satagam bolsa, sen ýesersirän bolup, indi bizden gara şaýy almarsyň-diýip, Dürje enemiz «weý-weýläp» ýadaw halda ýumşak kürsä özüni goýberdi. Şol wagt kimdir biri ony ýokary galdyrmaga başlady-Wiý, wiý, bi näme boldug-a?Aşagymyzdaky müňzeýän zat näme, gyz?

Dürje enemiz böküp kürsüden düşdi.

– Waý, demikdim-le. Çykaryň meni-diýip, kimdir biri naýynjar seslendi, şol pursat hem kürsüniň gapagy şarkyldap ýapyldy. Biziň üçümizem üç ýerden bolşup, kürsüniň gapagyny galdyrdyk, bir görsek, goş-golam goýulýan ýerde Wellek ýüzüin duwak edip, süllümbaý der basyp, arkan ýatyr.

 

– Wellek!…

– Toba, toba…

– Eý, sen nädip düşdiň bu ýere?

– Otlyň aşagyndan-a çykan dälsiň-dä, Wellek inerçäm?

– Of… f… demikdim-le. Çykaraýsaňyzla… -diýip, Wellek iki elini bize uzatdy. Annak ikimiz herimiz onuň bir golundan, Dürje enemizem onuň ezeneginden tutup, Wellegi kürsiniň içinden çykaryp, beýleki kürsüde oturtdyk.

– Eý, sen, muňa nädip girdiň?Kim saňa gaýt diýdi?-diýip, Annak Wellegi gyssap ugrady welin, ol ýakasyny açdy-da Dürje enemiziň gujagyna arkan özüni berdi:

– Of… f… Ganym gatady-la. Suw…

– Näme, Annak inerçäm, ýüregiňi eliňe alýaň!Bi neressejigim özünden gidip barýar ahyryn.

– Hawa, men özümden gidip barýan-a-diýip, Wellek naýynjar gygyrdy-Suw…

– Häzir, Wellek inerçäm, häzir… Meleje inerçäm, horjunda Nunna ýegeniň suwly mytarasy bardyr. Şony al!-diýip, Dürje enemiz Annaga-da ýumuşjagaz buýurdy-Annak inerçäm näme jikgerip dursuň?Ýelpe Wellek inerçämiň ýüzüni.

Annak elini aşak-ýokaryk galgadyşdyryp, Wellegiň ýüzüni ýelpeşdirmäge başlady. Şol barmana-da onuň eli Wellegiň burnuna patylap degdi. Dürje enemiziň gujagynda gözüni süzgekledip ýatan Wellek tarsa dikeldi. Burnuny tutdy:

– Eý, wäk, burunjagazym-eý…

– Bagyşla, Wellek, atdanlykda boldy.

– Wah-wah-eý, Annak inerçäm, baý, senem ämärd-ow. Seresabrak bolarlar-a. Getir eliňi yraklaýyn-Dürje enemiz Annagyň Wellegi awundyran elinden tutup, onuň burnuna golaýjak eltip, aşak-ýokaryk salgaşdyrdy. -Bar, emiň-ýomuň şol bolsun. Nätdi, Wellek inerçäm?

Wellek burnuny sypalap:

– Beter agyrýar-laý-diýdi.

– Ýeri, goýsana, Wellek inerçäm. Erkek oglana meňzeş däl senem.

Wellegiň bolşuna häliden «jyny atlanyp» duran Annak:

– Agyrarm-aý, jögülik edýär-diýip, oňa gözlerini alartdy.

– Hany, seňňem bir burnuňa ýelmäýin. Onsoň jögülik edýäniňi-etmeýäniňi bileris.

Wellek meniň horjundan çykaran mytaramy kakyp aldy-da, onuň gapagyny aýryp, howlukmaçlyk bilen şokguldadyp suw içmäge başlady.

Annak durup bilmän mytara ýapyşdy.

– Baryny gutarýaň-ow. Bize-de goýdar-aý.

Dürje enemiz Annagyň golundan çekdi:

– Gysylma, Annak inerçäm, elbet, şu uly magundan bokurdak öllärlik bize-de suw tapdyr.

Wellek bilgeşlinden ýaly, mytaradaky suwy sokga sordy.

– Hezil edinäýdim, sag bol, Dürje ene-Wellek küpäniň içine çalt göz aýlady-da-Hany Töremyrat mugallym ?-diýdi.

– Töremyrat jan-a otla münüp bilmän galaýdy-diýip, Dürje enemiz gynanç bilen habar berdi-Bizem indiki assansyýada düşäýmesek. Onsuz Aşgabatda näme işimiz bar.

Töremyrat mugallymyň bolmazlygy Wellegiň «derisini giňeden» ýaly etdi. Ol kürsüde arkaýyn abşarylyp oturdy-da:

– Indi bir ýola düşemizsoňyz, göni Aşgabatdan bärde durmarys, Dürje ene. Siz zady gaýgy etmäň. Men Töremyrat mugallymsyz size futbolam görkezdirin, Aşgabatda-da aýlaryn-diýip, ýakasyny ýazdyryp, el ýaglygy bilen ýelpeşdirdi. Edil şu demde Töremyrat mugallym küpäniň agzynda peýda boldy:

– Eh-he, Töremyrat mugallym!

– Heýjanelek, Töremyrat mugallym geldi.

– Waý, äýnegiňe döneýin, Töremyrat jan, geldiňmi?Gözüňiz aýdyň, inerçelerim!

– Salam, ýoldaş mugallym!

Soňky dillenen Wellekdi. Ol Töremyrat mugallymy görip, syçanyň demine düşene döndi, müýnürgäp, burça gysylyp oturdy. Töremyrat mugallym onuň alkymyna bardy, äýnegini aýryp-dakynyp, ýüzüne çiňerilip-çiňerilip äňetdi.

– Bi, Illekowmy, ýa meniň gözüme görünýärmi?

– Gözüňe görünýän däldir, Töremyrat jan. Şol-a Wellek inerçämiň hakyky özüdir.

– Şol bolsaň, sen bu ýerde näme işleýäň?

– Aşgabda barýan, ýoldaş mugallym.

– Seniň Moskwa barmaýanyňy menem bilýän. Sen nädip düşdiň bu ýerlere?… Jümmiýew, Garajaýew!-diýip, Töremyrat mugallym Annak ikimize ýüzlendi. -Siz syrymyzy Illekowa-da paş eden-ä dälsiňiz!

– Ýok-la, ýoldaş mugallym.

– Ikimizem Wellege gezek galanda «gulply sandyk» ýaly bolupdyk welin…

– Dürje eje, belki…

– Ýok-ýok, menem sandyjagyma berk bolandyryn.

– Onda…

Wellege jan girdi. Burçdan bärräk süýşüp, ýaýrabrak oturdy. Biziň bilen ýolagçy bolşuny birin-birin aýdyp berdi.

Seredip otursak Töremyrat mugallym otla bilet alan güni, Wellek beýlämizde gizlenip durupdyr-da, biziň «sandygymyza» giripdir, ýagny, gürrüňimizi diňläpdir. Şonda haýsy wagona, haýsy küpä münmelidigimize çenli bilipdir. Bizden öňürti gelip hem kassadan bilet alypdyr. Ýöne onuňky goňşy wagona düşüpdir. Bize görünmän, şeýle hem prowodnigiň gözüne güýdüşip, küpämize giripdir. Prowodnikden gorkup bolsa, kürsüniň aşagyndaky goş-golaň salynýana girip ýatypdyr. Ine, bar bolany.

– Bolsa-da, Wellek inerçäm-ä «ýetim öz göbegini özi keserini» edäýipdir –diýende Dürje enemiziň sesinde Wellege birhili guwanç duýuldy. Emma Töremyrat mugallym ýüzüni-gözüni bürüşdirip:

– Dürje eje, Wellek inerçäň göbegini kesse-de, başga bir zadyny kesse-de indiki duralgada otludan düşmeli bor-diýdi. Wellek aýagynyň aşagy ýaýly ýaly ýerinden turdy;

– Näme üçin, ýoldaş mugallym?

– Soraşmak ýok, beýleki ýok, näme yzyňda eneň-ataňy zyr-zöwran etjek bolýaňmy?

– We, ýoldaş mugallym, ol-a daş edilendir. Meniň gaýtjagymdan ejemem-kakamam habarlydyr. Ynanmasaňyz kakamyň size ýazan haty bardyr. Okap göräýiň-diýip Wellek jalbarynyň jübüsini sermeleşdirip, bir bölejik kagyz çykardy-da, ony Töremyrat mugallyma uzatdy. Töremyrat mugallym Illek aganyň hatyny sesli okady:

«Oglum Wellegiň mollumy, hormatly Töremyrat, meň öz okuwçyňyz, ýagny Wellek Illekowyň siz bilen Aşgabada gitmegini tüýs ýürekden makullaýaryn. Çünki ol seniň, Dürje ejäniň, Annagyň, Melejäniň yzyna düşse, adam bolar. Size guşaklykdan ak ýol arzuw edýärin.

Wellegiň kakasy Illek» .

Töremyrat mugallym haty okan badyna Dürje enemiz Wellegiň öwgüsini ýetirdi:

– «Monjuk» gözlemeseňizläň, oglanlar. Şu, Wellek inerçämiň Aşgabada gaýdyşy gaty halal.

– Halal däl-diýip, Annak Dürje enemize garşy çykdy.

– Älhepus, Annak inerçäm, senem Wellek inerçämi eýikdirjek däl-ow. Indi näme aýyp tapdyň bi neressämden?

– Biz-ä Töremyrat mugallym towşanlary idedişýänimiz üçin futbola alyp gaýtdy. Wellek bolsa, şolara bir gysym penje-de bolsa ot ýygşanok.

– Towşany bahalama Annak, diýip Wellek özüni aklamaga çalyşdy-Meleje ikiňiz gabanyşyyp, o janaweriň ýanyna meni goýberýäňizmi näme. Ýöne men size bildirmän olara näçe gezekler güllüje peçekler ýygyp berendirin.

– Aý, nätdiň-aý, Wellek. Biz-ä şol güllüje peçekleri Töremyrat mugallym ýygyp berendir öýdüp ýördük-diýip, men Wellegiň bu habaryna geňirgindim-Ýa ýalan sözleýärmiň?

– Ýok, ýalan sözleýän däldir-diýip Töremyrat mugallym Welleklik boldy. Men-ä şu çakda towşanlaryma güllüje peçegem ýygyp beremok, güllüje ýorunja-da. Görýän welin, Illekow bize indiden beýläk uzak ýola ýoldaş bolup bilse gerek…

Prowodnik eli çäýnek-käseli gapydan girdi:

– -Boh-ow, mündüňm-aý, agam?Otludan galman oguşýaň. Uçup dag-a münen dälsiň!-diýip, ol ur-tut Töremyrat mugallymdan habar aldy.

– Şunuň ýaly ýerde uçaýmam bar meniň-diýip, Töremyrat mugallym oňa degişme bilen jogap berdi. -Soňky wagonyň gapysynyň tutawajyna elim iläýdi, ýogsam-a otlynyň yzyndan ylgap gadýardym welin…

Prowodnik kiçijik sekijikde çäýnek bilen käsäni goýdy:

– Daýza jan, ynha çaý diýenimiz-ä taýýardyr. Şu bir saňa keýp berer welin, nädersiň, otlynyň ýörişini haýal görüp, özüň öňüne düşüberseň.

– Sagja bol, jigi. Goşa-goşa ogluň bolsun, goşa-goşa gyzyň bolsun-diýip, Dürje enemiz prowodnige alkyş okady.

Prowodnik biletlerimizi barlap durka, küpede Wellegiň bardygyny duýup galdy:

– Daýza, bi inijik nireden düşdi?Horjunyňdan-a çykan däldir hernä?

– Men onunjy wagondan agam. Ýöne Aşgabada barýançak şu ýerde bolaýyn-la. Dik durup gidäýerin. Ynha-da bilidim-diýip, Wellek biletini prowodnige görkezdi.

– Bolýar-da. Ýöne garagolluk edäýme.

– Gulak asýaryn. Garagolluk etmeli däl-diýip, Wellek sag elini gulagyna ýetirip, iki aýagyny jübütläp esger hereketini etdi.

Prowodnik küpämizden çykyp gidensoň biz goş-golaňlarymyzy ýerleşdirdik. Ýanymyz bilen alyp gaýdan gowurdak, somsa, süýtli külçe ýaly zatlarymyzdan ýürekselik edindik, gaýta-gaýta çaý içip keýpimizi kökledik. Dürje enemiz bilen Töremyrat mugallymyň gyzyklyja gürrüňleri-de Annak, Wellek üçümize hezil berdi. Arasynda damka-da oýnadyk. Dürje enemiz bilen damka oýnamagyň gyzyklydygyny. Bir hilelik bilen ol seniň bar çöpleriňi «pürreläýýär» . Töremyrat mugallym Dürje enemizden yzly-yzyna utuldy welin, baý, namys et-dä, jyzjagam boldy. Ýöne Dürje enemiz kişi göwnüni görmäge gaty ökde ahyryn. Özi utulan bolup, Töremyrat mugallymy ala-ýaz etdi oturyberdi. Şeýdişip, biz wagtymyzyň nähili geçendigini, ýolumyzyň neneňsi gysgalandygyny bilmän galypdyrys. Bir görsek, Tejene gelipdiris. Otly duran wagty wokzalyň öňündäki meýdançadan iki sany ullakan gawun satyn alyp geldi. Dürje enemiz agzymyzy suwardyp, olaryň tarypyny ýetirdi:

– Dünýäde Tejeniň gawunyna taý geljek gawun bolmaz. Şekerdir bi, nabatdyr bi. Iýseň agzyňda erär, ýuwutsaň, bogazyňyz ýylmar. Ysy bardyr, müşki-anbar, tory bardyr, keşde-gaýma. Gyzkak kän iýipdik Tejeniň gawunyny. Torlanynyň, bişeniniň ýanyndan gyz ýörişini edip, emaý bilen geçersiňem welin. » park» edip ýarylaýar. Iýeliň, nesip edenden uçmahdan çykan zady. Kesişdir, Töremyrat jan!

Töremyrat mugallym gawunlaryň ikisini-de dilimleşdirip, käseleşdirip, öňümizde goýdy. Ýöne olaryň hiçisinde-de tagam-tagsyr ýok eken.

– Be, biziň gyzlyk döwrümiz… -diýip, Dürje enemiz bir zatlar aýtjak boldy welin, jany ýanyp duran Töremyrat mugallym şolbada onuň sözüni kakyp aldy:

– Dürje eje, senem halys gyzlyk döwrüm diýip, aldyň-aýt. Gyzlyk döwrüň gadymy indi. Siziň aýak sesiňizde biaralarynda parkyldap ýarylýan bal kimin gawunlar şol gyzlyk döwrüňiz bilen gutardy. Indi bi gawunlaryň ýanyndan tankly geçseňem, daş ýaly düwdek bolup dur. ebäbi bular durşy bilen azot.

Aý, hawa-da, indi ähli zat azotlanan ýaly. Ne iýr-iýmişde, ne-de gök-akda tagam galdy. Onuňam düýp sebäbi- adamlarda ynsap diýlen zat gutaryp ýör diýip, Dürje enemiz daşy «jäjek», içi «möjek» gawunlara seňrigini ýygryp äňetdi-Ýeri bulary mala berer ýalam-a däl. Malyňam işini görjek. Halk bir wagtlar azot diýlen zährimary bilmezdi. Gap-gara çüýrän ders bilen ýeri mesirgedip, dünýäniň hasylyny alar ýörerdi. Indi-hä emele ýatdylar. Şol zerarlam astyň-üstüň zäher bolup ýatyr, artyp.

– Hany, onda bi giden ýeriň gowaçasyna ders ýetir-dä?

– Goý, goý, Töremyrat. Şeýlekin ymmasyz gowaça ekmek dälmi halkyň işini görenem, ýeriň bereketini göterenem. Ýadyňda bolsa, seniň oglanlyk ýyllaryň «Duzlujamyzyň» töweregi giden bugdaýçylykdy, gök-ak ekindi. Holha, indi basan ýeriň azotly gowaça bolup dur. Iň bärkisi, ähli ýere gowaça ekilip, gowaça ekilip, mal-hal örňäre meýdanam-a galmady.

– Dürje eje, sen öz pes düşünjäň bilen bu zatlara bir taraply seretme-diýip, Töremyrat mugallym hem ýan bermedi. -Pagta biziň baýlygymyz ahyryn.

– Ana, ana, şeýdibem biziň işimiz gaýtdy. -Dürje enemiz garşysynda oturan Töremyrat mugallymyň maňlaýyna barmagyny degräýjek-degräýjek boldy. -Kim pagtanyň baýlyk däldigini inkär edýär. Ýöne, gyt däl ahyryn. Şolardanam halkyň nesibesini kesmejek bolmaly.

Töremyrat mugallym ýylgyryp, Dürje enemiziň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Aýasyny açyp, oňa elini uzatdy:

– Kak bäşi, Dürje eje.

Dürje enemiz:

– Kakman. Aýr-a eliňi ýuwulmadyk çemçe ýaly edip oturma-da-diýip, gaharly seslendi-de, arkan çekildi-Seniňem içiň şu gawunlaryň içinden enaýy däl. Pikiriň durşy bilen azot.

– Dürje eje, men seni synap gördüm. Sen pagta meselesinde meniň bilen pikirdeş ekeniň. Men bir täzeligi buşlaýyn. Seniň bu aýdanlaryňy ýolbaşçylaram bilýärler. Umuman, pagtany «owsarlamagyň» ugruna çykyp ýörler. Gylyçly başlyk raýon, obkom bilen gepleşip, täze ýyldan pagtany birneme azaldyp, bugdaýa, gök-aga köpräk üns berjek. Howsala düşüberme, Dürje eje, dura-bara «dokuzymyz» düzüw bolar.

– Anha, munyň başga gep, Töremyrat jan!-Ýüzi gül-gül açylan Dürje enemiz öňki ýerine süýşüp geldi-de, Töremyrat mugallymyň sekijigiň üstünde arkan ýatan aýasyna şarpyldadyp urdy. -Ýogsa bäş sany ýaranjaň şöhratparazy giroý etjek bolup, halys halkyň etinden ötüp düňküne ýetdiler.

Töremyrat mugallymyň täzeligi Annak, Wellek, üçümiziňde kalbymyzy şatlykdan doldurdy. Biz süňňi ýeňillik bilen ýyrşarşyp, bir-birimize seredişdik. Dogrusyny dogry aýdaýyn «ýeseriň ýedi ýere kessi ýeter» diýlişi ýaly, pagtanyň azary bize-de ýetmän duranok Klasda imi-sala okap oturansyň welin, Gylyçly aga ýa-da brigadirleriň biri gelip, direktor bilen ümmüldeşer-de ýekelemämi, otagymy, pagta ýygmynamy, gepiň jonnugy, okuwçylary toplap, işiň başagaýly bir ýerine sokarlar. Elbetde işleriň bular ýaly gyzgalaňynda biz özümizden ululara hemaýat bermäge hemişe taýýar. Ýöne beýdip okuwymyza «talaň salmaklary» karam bolýar.

Bir ýola Töremyrat mugallym muňa «açlyk» yglan etdi. Şonda şeýle bolupdy. Sapak gidip durka, mekdebimiziň direktora klasymyza girdi-de:

– Töremyrat Taganowiç, häzir okuwyňy bes et-de, okuwçylaryňy altynjy brigada ýekelemä çykarsana-diýdi.

Töremyrat mugallym elindäki tagta süpürilýäni stoluň üstüne gahar bilen oklap goýberdi:

– Okuwçylar-a ýekelemä çykmaz.

– Näme üçin?

– Göreňzokmy sapagyň gidip duranyny?

– Men sapagy ýatyr diýdim-ä.

– Men siziň bu buýrugyňyzy amal edip biljek däl. Indi bessir, okuwlaryny taşladyp, bi neressejikleri öňem pagta meýdanynyda az syňsyraklatmadyk.

– Amal etmeli bolaýmaň. Töremyrat Tag…

– Bolman.

– Mekdebiň direktory uzyn boýly, agajet, çal saç, garaýagyz, gözleriniň ýitiligi içiňden geçip barýan adamdy. Ol şol eýmendiriji nazary bilen Töremyrat mugallyma az salym «nyşanalap» durdy-da, hatara gyzyl dişlerini görkezip, ýaňsyly ýylgyrdy:

– Diýmek, Töremyrat Taganowiç, siz syýasy kampaniýa garşy-da?

– Hawa… Şeýle kampaniýa garşy.

– Biz kollektiwe we ýaş nesle ters görelde görkezýän adamy mekdepde saklap bilmeris. Sen şu günden şeýläk işden boş.

Töremyrat mugallymyň ýüzi bir agardy, bir gögerdi. Derledi. Ol derini süpürende, ýüzünde elindäki hekiň ýokundysyndan galdy.

– M… men aç… açlyk yg… yglan edýärin.

– Keýpiň kelläňde. Meni beýdip gorkuzyp bilmersiň.

– Bolýar. Men şu minutdan beýläk aç. Meniň garamatym üçin sen jogap bermeli bolarsyň, ýoldaş direktor.

– Hany, göreli bakaly, näçe wagt aç oturaýarkaň?

– Görseň göräý.

– Töremyrat mugallym stoluň üstüne dagaşyp ýatan zatlaryny çalasynlyk bilen terslin-oňlyn ýygnaşdyryp, gaty-gaty ýöräp gapyny jarkyldadyp, klasdan çykyp gitdi. Annak ýerinden turup, direktora ýüzlendi:

– Ýoldaş mugallym, indi Töremyrat mugallym mekdebe gelmezmi?

– Bolşy şol bolsa, gelmez.

– Biz Töremyrat mugallymy gowy görýäs-ä.

– Jümmiýew, gowy görýäniň çyn bolsa, git-de senem Töremyradyň ýanynda aç oturyber. Düşnüklimi?

– Düşnüksiz.

– Düşnüksiz bolsa, kelläňi agyrtma-da gowaça ýekeläber. Hany zatlaryňyzy alyşdyryp, daşaryk çykyň.

Direktor bizi başga klasa daklyşdyryp ýekelemä ugratdy. Elimiz ýekelemede bolsa-da, pikrimiz Töremyrat mugallymyň ýanyndady. Biçäre öýlerinde aç syryljap otyrmyka?Indi gaýdyp ool mekdebe gelmezmikä?Onsuz mekdepde nädip günümiz geçer?… Yzly-yzyna kellämize gelýän pikirler ýüreklerimizi gyýýardy. Wah, çaltrak şu ýerden sypyp, Töremyrat mugallymy bir görsekdik.

Ýöne «içiňi ýakaýyn» diýen ýaly, bizi Gün eňegini bermän öýümize goýbermediler. Paý-pyýada oba barýançak bolsa gün ýaşdy.

Annak ikimiz Töremyrat mugallymyň ýagdaýyny duýduraýaly diýip, olara barmazdan öňürti Dürje enemlere sowuldyk. Dürje enemiz Hapbyjyk bilen nahar başynda oturan eken. Owlak ejemiz bilen Öwelek daýymyz şindiz işden gelmändirler. Etli somsanyň işdäaçdyryjy ýakymly ysy biziň agzymyzy suwartdyrdy.

– Boh-ow, inerçelerim, geliň bakaly. » Ýagşy ýigit at üstüne» diýipdirler-Dürje enemiziň bizi saçak başyna çagyranam şoldy welin, birdenkä-de gözi ellerimiň çyr-çyrşagyna düşdi-Äýu, elleriňize bir suw alaweriň. Bu bolşuňyza gazan oýnana meňzeýäňiz.

Annak elini ýuwmak üçin yzyna dolanmakçy boldy welin, men onuň yzyny gabaladym.

– Dursana, baý, seniň mürehede ýakyndygyňy… Dürje eje şuwagt biziň aňrymyz zat alanok.

– Doksuňyz-da!

– Dok däl, it ýaly aç.

– Onda näme, goluňyzdan tutup, saçagyň başyna geçirmelimi sizi?

– Bokurdagymyzdan zat geçenok.

– Toba, bi näme diýdigiň-ä, inerçäm?

– Töremyrat mugallym öýünde aç oturany üçin bizem iýjek däl.

– Näme, öýünde iýere-içere zady ýokmuka?

– Bardyr. Ýöne…

Men Töremyrat mugallymyň düşen gününi Dürje enemize gürrüň berdim. Dürje enemiz bolsa, meni diňläp güldi:

– Äl şu Töremyradyň dikdüşdüligi galjak däl-ow. Ýeri, beýdeniň bilen sag bolsun alarsyň-ow sen. Gury öz janyňy azara goýanyň galar-da. Hany siz aňryňyza «oba gonduryň», soňra Töremyrat mugallymyňam görübereris.

Biz elimizi ýuwup, saçak başyna geçdik. Etine çalaja garaburç garylan, tabada bişen somsadan hezil edindik. Dürje enemiz somsanyň dört sanysynam ak kagyza dolady-da:

– Indi Töremyrat mugallymyňyzdanam habar alalyň-diýdi.

Biz Hapbyjygy-da ýanymyza alyp, dört bolup Töremyrat mugallymlara ugradyk. Gapylarynda Hüýrjemal ýeňňemiz bizi ýarym-ýaş bolup garşy aldy:

– Waý, dadyma ýetişeweriň-eý. Al-arwah kakdymy, nämemi, Töremyratjan düňle ýaly bolup, içini hümledip otyr. Mekdepden geleli bäri duz hem dadanok. Öňünde goýan zadymam «Ýok et» diýip, yzyna gaýtarýar.

– Tagapyl et, Hüýrjemal gelin, tagapyl et. Men bir çüflärin welin, Töremyradyň al-arwahlary düw-dagyn bolaýar.

– Gaýrat edeweri, Dürje eje. Töremyrady gyzamygyndanam sen açanmyşyň.

Hüýrjemal ýeňňemiz bizi Töremyrat mugallymyň bolýan otagyna eltdi. Eýýäm onuň reňki sararypdyr, sakgal-murty-da ösen ýaly bolup dur. Gözi-de äýneksiz. Owalary, owurtlary-da içine çöküp gidipdir. Töremyrat mugallym bize «Kimsiňizem?» diýmedi. Bir bolşyny üýtgetmän, sarsman otyr. Ýöne somsanyň ysyny alyp, gaýta-gaýta ysyrgandy. Dürje enemiziň somsaly eline gultunyp seretdi, küti dodaklaryny ýalaşdyrdy.

– Aman-sagmy, Töremyrat jan?-diýip, Dürje enemiz onuň gapdalyna çökdi. Töremyrat mugallymdanam ses çykmady. Gözlerini şol bir nokada dikip otyr.

– Töremyrat jan, oraza tutýarmyşyň diýip, eşitdik. Kabul bolsun!

– Töremyrat mugallym ajysyny pürkjege meňzäp, Dürje enemize gazap bilen bir bakdy, emma hiç zat diýmedi-de, ýene öňki kaddyny saklap oturyberdi.

– Agyzaçar-a bireýýäm boldy. Senem indi agzyňy açaý. Ilden artyk «sogap» gazanmarsyň.

Dürje enemiz kagyza dolangy somsalaryň birini alyp, Töremyrat mugallymyň agzyna golaý tutdy:

– Al, iýäý.

Dürje enemiziň bolup oturyşy Annak ikimiziň gülkümizi tutdurdy. Gözi ýaşly Hüýrjemal ýeňňemiz-de saklanyp bilmän ýylgyrdy. Alkymynda somlanylyp duran somsa Töremyrat mugallymy gaýta-gaýta ýuwdundyrdy. Birdenkä-de onuň agzyndan hyllygy akdy. Dürje enemiz gyňajynyň ujy bilen Töremyrat mugallymyň hyllygyny süpürdi:

– Aý, oglan, beýdip gözgyny bolup oturma-da iýäý-diýdi.

– Iýmen!…

– Hudaýa şükür, dil-ä açdy… Onda sen aç öljek-dä?

– Aç öljek.

– Sen derektiriňize gahar edib-ä aç öljek bolup oturma. Seni işden aýrany üçin onuň özünem wezipesinden pyzdyrlar.

– Näme, näme?Kim aýtdy ony?

– Bütin il aýdýar. Ynanmasaň, inerçelerimden soraý.

Dürje enemiz Annak ikimize bakyp gözüni gypdy.

– Şeýlemi, Jümmiýew, Garajaýew?

Töremyrat mugallym biziň jogabymyza-da garaşman, Dürje enemiziň elindäki somsany alyp, iki epläp, agzyna dykdy.

– Bä, o nähili eýýäm beýle bolýar-aý?

Ýaňky somsany çeýnemän diýen ýaly bokurdagyndan geçiren Töremyrat mugallym somsalaryň beýlekisine ýapyşdy. Onuň somsa iýşine aňk bolup oturan Hapbyjyk:

– Eh-he-diýip, aýnyja güldi-de, Töremyrat mugallyma barmagyny uzatdy. -Hajymeýik, Hajymeýik.

Ýaňkyny eýýäm bokurdagyndan ötüren Töremyrat mugallym açgözlük bilen üçünji somsa-da el ýetirdi:

– Hany, senem şu ýerde aç daňyp goýaýyn, onsoň özüňem Hajymelik bolaýmazmykaň-Ol üçünji somsany-da haýdap symyşlap başlady-da:-Jümmiýew, Illekow, indi direktoryňyz kim boljakmyş?Heý, gep-gürrüň ýokmy?-diýdi.

Annak şu ýerde Töremyrat mugallymyň juda göwnüni göterjek boldumy, belki, oýunlyga salandyr, onçasyny biljek däl, ýöne «ýapa degirmän» şagladyp goýberdi:

– «Töremyrat mugallym direktor boljakmyş» diýen gürrüň-ä bar…

– Aý, goý-a?… . Şeýledir-le… Töremyrat mugallymyň juda begenendigi ýüzünden-gözünden bildirip dur. Ol goltuk jübüsinden äýnegini çykaryp dakyndy. Gabarylyp oturdy-da, gapynyň söýesine ýaplanyp duran Hüýrjemal ýeňňemize ýumuş buýurdy-Sen näme ol ýerde tamyň sütüni ýaly bolup dursuň!Bar, myhmanlara çaý-nahar getir.

Dürje enemiz bilen Annagyň bu habaryna ynanjagynam-ynanmajagynam bilmän duran Hüýrjemal ýeňňemiz alasarmyk ýagdaýda aşhana tarap haýdady. Şu ikaralykda Töremyrat mugallym soňky somsanam eline aldy.

– jümmiýew, Garajaýew, men dirktoryňyz bolsam, sizi okuw wagty ömürem pagtanyň gyrasyndan eltmen.

– Ýoldaş mugallym, okuwdan soňam şol iş aňsat däll-aýt. Şonam goýduraýsaňyz…

– Hany, direktoryň stoluna bir geçeli. Onuňam bir alajyny taparys.

Daşarda aýak sesi eşidildi. Bir-iki sany adam Hüýrjemal ýeňňemiz bilen gürleşen ýaly boldy. Basym Gylyçly aga bilen mekdebiň direktory içeri girdi. Annak olaryň öňünde masgara bolaryn öýtdümi, nämemi, daşaryk süzüberdi. Ýalançylaryň şägirdi bolamsoň, şol sebäpli-de özümi müýnli duýamsoň men hem Annagyň yzy bilen ýumlukdym. Biz Töremyrat mugallymlardan hol beýleräkde aýak çekdik.

Men Annaga:

– Dürje eneňiz ikiňiz utanaňzogam. Töremyrat mugallym görgülini it oýnan ýaly oýnadyňyz-diýdim.

– Şeýdäýmesek, ol biçäre aç öljeklaýt.

Biz Dürje enemiziň ýoluna kän garap durduk. Dürje enemiz bolsa wagty bilen Töremyrat mugallymlardan çykmady. Onuň eglenmegi biziň ynjalygymyzy gaçyrdy. Dawa ula ýazaýdymykan. Ahyry Dürje enemiz arkasy Hapbyjykly aňyrdan kölege ýaly bolup göründi. Biz ylgaşyp, onuň öňünden çykdyk.

– Ýeri, nähili boldy, Dürje ene?

– Gül ýaly boldy. Gaýdyp okuwyňyzy bozan bolmaz. Gylyçly başlyk bilen direktoryňyz Töremyrat mollumyňyzyň öňünde şony söz berdi.

– Direktor Töremyrat mugallymy işden kowanok gerek?

– Ýok-la. Ýöne ol gaharyna aýdaýypdyr.

– Töremyrat mugallymy aldanymyza näme diýdiler?

– Gülüşdiler.

Şol boldy, şol boldy, biz okuw sagatlarymyzy gowaça meýdanynda geçirmekden büs-bütin dynaýdyk . Ýaşasyn Töremyrat mugallym!

Ýoluň galan dowamyny Dürje enemiz-ä ik egrip geçirdi.

Töremyrat mugallym hem ýany bilen alyp gaýdan bir topar gazet-žurnallaryna güýmendi. Biz üçümiz bolsa petiş külbeden çykyp, otlynyň aýnasyndan ýolboýy daşaryny synlap gitdik. Heniz görmedik ýerlerimiz öz täsinlikleri bilen bizi özlerine tarap albaý bulap çagyrýardy…

Gije otludan düşdük. Çar ýany belent-belent jaýlar bilen guralan, köçeleri hellewleşip oturan gara baglar bilen bezelen, akly-gyzylly, saryly-gökli çyralary bilen älemgoşar kimin lowurdaşýan gözel Aşgabat bizi heýjana getirdi, uzak ýoluň ýadawlygyndan açdy, keýpimizi al-asmanda pel-pelletdi.

Dürje enemiz içki tolgunmasyny daşyna çykardy:

– Wah, Aşgabada öňräk gaýtmaly ekenim. Bu duranja jennete meňzeýär eken-ä.

– Dürje eje, sen, entek Moskwany göreňok.

– Enşalla, Töremyrat jan, seniň janyň sag bolsa, Dürje ejeň Meskwenem görer.

«Taksi» tutup biziň barmadyk myhmanhanamyz galmady. Emma hiçisinde ýer ýok eken. Iň soňky gapysyny kakan myhmanhanamyzyň nobatçysy, kellesi gorkýüze geýdirilen ýaly, gaba saçly dolmuş aýal:

– Alsaňyz, diňe garryňyza-ha ýer bar-diýdi. Emma Dürje enemiz bizden aýrylyşyp gitmegi oňlamady:

– Aý ogullaryma bolmasa maňa-da gerek däl. Ýöne sen ertire çenli bize şu krewatlaryňdan orun berseň bize bolýar.

Dürje enemiziň girelgedäki kürsüleri soramasyna nobatçy aýal razy boldy. Ol ýassyk bilen üstümize ýapynja-da getirip berdi. Gündiz eýimiz ýetensoň, ýumşak kürsülere gyşaran badymyz süýji uka gidipdiris. Ertir irden turanymyzda Dürje enemiz:» Men uzakly gije çirim etmedim. Ýatyrkak jübilik gelip, jübilerimizi bilbiliň ketegi ýaly edip gidiberer, öýtdüm» diýip, Dürje enemiz gürrüň berdi. Dürje enemize biziň nebsimiz agyrdy. Ukudan galmasy ony kösäýmese biridir?Emma onuň şähdi açykdy. Biz nobatçy aýalyň kömegi bilen ýuwundyk-ardyndyk, ertirlik edindik, soňra şähere çydyk. Futbol agşam sagat altyda başlanýardy. Oňa çenli şäherde näçe gezsek wagtymyz bardy. Biz ilki bilen futbola, agşamky otla bilet satyn aldyk. Şäheriň mähellesi, maşynlaryň-da siňek ýaly köplügi derrew Dürje enemiziň kejebesini daraldyp ugrady. Ylaýta-da, dükanlarda, belli-belli zat satylýan ýerlerde uzyn hatarly nobatlar biziň garrymyzyň lapyny keç etdi.

– Şu ýerde ýaşaýanlaryň janyna berekella.

– Dürje eje, sen beýleki şäherleri dagy görseň, muny ýüzüňe sylarsyň. » Medeniýetsiz gepleýär» diýme, bagşyla, şol şäherleriň käbirinde hajathana-da nobata durmaly.

Dürje enemiz Töremyrat mugallymyň bu sözüne geň galyp, eli bilen agzyny tutdy:

– Toba gaty gyssansaňam nobata durmalymyka, gyz?

Töremyrat mugallym ýylgyryp, ýüzüni sapajak-supajak etdi:

– Şona başyna düşýänler biläýmese, biljek däl, Dürje eje.

Dükanlardan gerek-ýaragrak zatlarymyzy alyp, şäheriň bir-iki sany muzeýine aýlanýançak, haýwanat bagyna baryp görýänçäk, futboluň başlamaly wagty-da golaýlaşypdy. Dogrusy ertirden bäri gezimmiz ýetensoň, mazalyja ýadapdyrys, aýaklarymyz syrkyraşyp durdy. Öten agşam ýatmansoň Dürje ejemiz beterem argyn görünýärdi. Töremyrat mugallym oňa dözmezçilik etdi:

– Dürje eje, saňa myhmanhanadan ýer alyp bereli welin, biz futbol görüp gelýänçäk, dem-dynjyňy alaý.

– Goýawer-ä, oglan-diýip, Dürje enemiz gatyrganjak boldy. Bizem özüňçe görmeseň, kölegäňçe görewer. Indi haýyr-heläk bolup ýörite gelibem putbol görmez öýdýäňmi şu adamlar.

– Onuň ýaly bolsa, göreweri, jan eje.

Şäheriň stadiony uludy. Ýöne futboluň janköýerleri meýdançany töwerekläp goýlan oturgyçlaryň baryny eýeläpdir. Hatda geçelgelerde, yzda dik duranlaram az däl. Biz yzrakky hatarda ýerleşdik. Dürjre ejemize geňläp ýylgyranlaram, gülenlerem boldy. Dürje enemizilň öň ýanynda oturan egni gara gaýyş kurtkaly, ýaňagy tyg yzly, ýap ýasy, daýaw bir pyýada bolsa yzyna gaňrylyp, Dürje enemize pitjiň atdy:

– Daýza, Görogly begiň atyny ogurlan kempir ýaly bolup, saňa näme gereg-aý bu ýerde?

– Tezek tigirleýän gajargeldi ýaly bolup saňa näme gerek diýip, Dürje enemizem ony duzlady-Puf, özüňem porsap dursuň, bäriňi gözlemän otur.

Ol içipdir. Ondan aragyň ysy aňkap durdy.

– Kempir sen diliňe buýur. Ýogsam…

– Senem diliňi ýygyp otur, gara zaluwat. Ýogsam…

Şondan soň, ol lal bolup oturdy. Ýöne Töremyrat mugallymyň gapdalynda oturan murtlyja bir jahyl onuň ynjalygyny aldy. Ol ýetişibildiginden çigit çigitläp, gabygyny aşak taşlap otyrdy.

– Jigim çigitlemesene-diýip, Töremyrat mugallym duýduryş berdi.

– Çigitlejek, seniň puluň çykdymy?

– Onda gabyklaryny bir eliňe ýygnap otyr. Munuň içini arassalaýanam özüň ýaly adamdyr.

– Agam, sen gaty akyllysyraýaň welin, özüň kim-aýt?

– Maňa «Töremyrat mugallym» diýýäler.

– Töremyrat mugallym bolsaň akylyňy bar, okuwçylaryňa ber.

Töremyrat mugallym tumeklyja jahyl ýigit bilen gidişjekdi welin, jürlewük çalyndy-da, futbol başlandy. Komandalaryň biri ak maýka geýipdirler, beýlekisi bolsa gara maýkalydy. Stadionda oturanlaryň kimi ak maýkalylara gyzykýardylar, kimi bolsa gara maýkalylaryň janköýerdi. Biz üçin-ä haýsy bolanda-da tapawudy ýokdy welin, ýöne Töremyrat mugallym «Biz ak maýkalylaryň janköýeri bolmalydyrys. Men elmydama şol komandanyň janköýeridirin. Sebäbi ak komanda biziň geljekki sport abraýymyzy arşa göterjekler. » diýip, düşündirdi. Onsoň biziň ümdügimiz ak maýkalylar boldy. Ýaňky çigit çigitleýän jahyl hem ak maýkalylaryň janköýeri bolup çykdy. Dürje enemiziň öňünde oturan ýaňagy tyg yzly, ýapy ýaly pyýada-ha gara maýkalylara gyzykýar eken. Birdenkä gara maýkalylar ak maýkalylaryň derwezesine tasdanam pökgini salypdy. Muňa ýaňagy tyg yzly bolmajysyny boldy.

– Gol! Gol! -diýip güberilip ýerinden galdy -Heý, aklar, ysnatlar abraýyňyz barka boşadyň meýdançany.

Onuň bolşuna Dürje enemiz çydam edip oturyp bilmedi. Gara kurtgasynyň eteginden batly dartyp ony aşak oturtdy.

– Äýu, sen irräk heşelle kakýan bolaýma. Näme, «suw görmän tamman çykarýaň?»

Ýaňagy tyg yzly ýüzüni gapan keçesi ýaly edip hyrsyzlandy:

– Sen kempir kän jikjerme. Maňa el batyrça sen kim bolupsyň!Içiň ýansyn, sen her zat etseňem, meniň garalarym şol ysnatlaryň pirini kädä gabaýarlar.

– Gabamaz.

– Gabar.

– Özleriniňki gabasa nädersiň?

Ýaňagy tyg yzly pyýadanyň kellesini öň hem serhoşluk elgini dumanladyp duransoň, ol juda göçdi.

– Şol kelläňdäki topbyňy geýerin.

– Şertmi?

– Şert.

Şu pursat pökgi garalaryň derwezesine zybyrdap girdi. Stadionyň içi eýýäm gykylykdan, sykylykdan doldy. Muňa aşa begenen Töremyrat mugallym çigit çigitleýän jahyl bilen gujaklaşdy. Birdenem:

– Hany, çigit alsana- diýip, oňa elini serenini duýman galdy. Murtly jahyl hem futbol bilen gara başyna gaý bolup oturşyna öňki öýke-kinelerine üns bermezden, onuň gysymyna çigit guýdy. Ýaňagy tyg yzly bolsa ýumrugyny galgadyp-galgadyp, bogazyna sygdygyndan gygyrýardy:

– Hasap etmeli däl, hasap etmeli däl. Eý, sudýa, gözüň körmi?Pökgini karam saldylar.

Dürje enemiz onuň arkasyna eli bilen kakyp:

– Äýu, zalywat, topbyny taýýarlabereýinmi?

– Howlukma, kempir, entek meniň garalarym seniň aklaryňa göz görkezerler. Onsoň men seniň ol porsy topbyňy kelläňe ters geýdirin.

– Haý, haý, oglan, çişip birden ýarylaýma.

Oýnuň ikinji tapgyry gaty galagoply geçdi. Her kim lotereýi utjak ýaly, baý, tolgunýar-a. Meniň welin, ýaňagy tyg yzlydan ätiýaç edip, mazam gaçypdy. Wah, Dürje enemiz hem diline buýuraýmaly-da. näme üçin bu bolgusyz bilen deň bolýarsyň diýsene. Bary-da şol topbudan boldy-da. Öňküsine görä pessejik özüne gelşip duran bu topbyny Dürje enemiz täzelikde örünipdi. Bärik gaýtjak bolanda, şoňa laýyk öwürme-de dakynypdy. Dürje enemiziň topby geýmesini, üstündenem öwürme dakynmasyny Töremyrat mugallym halamandy:

– Aý, Dürje eje, munyň suwjuklyk bolýar. Sen özüňi ýaş gelindir öýdýäňmi

– Häý, Töremyrat jan, şuwagt Hapby pakyr diri bolup, şonuň abat gözi bilen maňa seredäýseňdiň, onsoň meniň nähili gelindigimi bilerdiň.

– Dürje eje, saňa-da gep babar geljek däl-ow.

… Oýun çekeleşip-çekeleşip, ahyry ikinji pökgüde garalaryň derwezesine salyndy. Baý-bow indi bir stadionyň şowhunyny . Bu şowhuny bütin şäher eşidýärmikä diýýän. Ýeňiji komandanyň şanyna öwgüli-öwgüli sözler, alkyşlar ýaňlanýar, telpekler, papaklar, şuňa meňzeş kellä geýilýän zatlar asmana atylýar. Töremyrat mugallymyň bolşuny aýtsana. Ol murtly jahyl bilen şapba-şupba bolşup, yzly-yzlyna gujaklaşdylar. Soňra ýerdäki çigit gabyklary bilen hasyr-husyr alyşdyrdylar. Töremyrat mugallym şatlygyndan ýaňa Dürje enemizi-de, bizi-de ogşap, bagryna basdy. Bir görsek ýaňagy tyg yzly ýeňsesini el ýaly edip çykalga tarap haýdap barýar. Dürje enemiz onuň yzyndan gygyrdy:

– Äýu gara «pälwan», näme «şertim şahyma edýäň» . Al geý topbyny.

Töweregimizdäkiler adamlar gülüşip, Dürje enemiziň sözüne gykuw berdiler.

– Al, how, geý, topbyny. Namartlama.

– Baý, şoňa gelşerem-ä.

Ýaňagy tyg yzly Dürje enemize ýumrugyny düwüp, haýbat atdy-da;tiz gözümizden gaýyp boldy.

Biz stadiondan çykyp «taksi» tutmakçy bolduk. Emma mähelleden ýaňa «taksi» maşynlarynyň golaýyna barar ýaly däldi. Saklanany şolbada dolýardy. Biz pyýadalap ugradyk. Bir menzil ýöränimizden soň, adamlar seýrekledi. Birdenkä agaçlaryň arasyndan ýaňagy tyg yzly gabarylyp çykdy. Duýdurman bizi nazarlan bolmaga çemeli. Şu ikaralykda-da, eýýäm Wellek bir ýerik gürüm-jürüm boldy. Namart diýerler oňa. Kyn ýagdaýda ýoldaşlaryny taşlap gidişini.

«Duşmanymyz» ýolumyzy kesip durşuna ajy ýylgyrdy:

– Ýeri, keýpleriň nähili, şumraý kempir.

– Keýpler-ä bäşdir, gara tomzak.

– Ynha men seniň diliňi damagyňa ýollaryn welin, onsoň keýpiň näçedigini bilersiň.

Ýaňagy tyg yzly bärligine ýöredi. Töremyrat mugallym göwresi bilen Dürje enemizi arkasynda gizledi. Annak ikimiz hem herimiz baryp Töremyrat mugallymyň bir gapdalynda baryp durdyk.

– Garra eliňi batyrsaň, dişiňi kakaryn.

– Eý, körmüş, öz dişiňi owratmankam, sowul ýoldan.

– Sowulman.

Ýeňsämizden Dürje enemiziň samyrdysy eşidildi:

– Gaýtarmyş ata, ýoluňa Töremyrat janyň bakyp oturan işşegi. Şu belany biz bizden dep edeweri.

Töremyrat mugallym oýundanmy, çyndanmy, Dürje enemiziň jogabyny berdi:

– Dürje eje, Gaýtarmyş şatany bir aldamasana. O janaweri geçen aýda soýup iýmedikmi näme?

– Wiý, şeýlemidi…

«Duşmanymyz» Dürje enemiz bilen Töremyrat mugallymyň gürrüňine güňleç sesi bilen ýakymsyz güldi-de:

– Siz indi Gaýtarmyşyň ýoluna sygyr, düýe aýtsaňyzam meni saklap bilmersiňiz. Çigidiňizi çykaryň- diýip, düwläp ugrady. Biz hem ýumruklarymyzy düwüp, onuň bilen garpyşmaga taýýar bolup durdyk. Şol wagt golaýda jürlewük çalyndy.

– Milisiýa!-diýip, Töremyrat mugallym gygyrdy. Jürlewük ýene yzly-yzyna çalyndy. Ýaňagy tyg yzly bir dem doňuz diňini salyp, üşerilip durdy-da, şundanam lep-lep edip, ökjäni göterdi. Agaçlaryň aňyrsyndan ýylgyryp duran Wellek çykdy. Wellegiň elinde jürlewük bardy. » Futbol oýnamyzda gerek bolar «diýip, ony häli dükandan alypdy. Wellegiň tapan çykalgasyna biz haýran galdyk, gülüşdik, Dürje enemiz:

– «Hile bir batyrlykdyr ony başarmaga kişi gerekdir» . Senden geljekde zor milisge çykar, Wellek inerçäm-diýip, onuň öwgüsini ýetirdi. Men Wellek hakda erbet zatlar hakda pikir edenime ökündim.

Indi köçäniň ugrunda boş «taksi» köpelipdi. Biz iki «taksini» eýeläp, arzylyja myhmanhanamyza ýola düşdük.

… Restoranyň şagalaňy, galmagaly, bir tarapdanam orkestriň çirkin-çirkin sazy içerini göçüräýere getirýärdi. Çilim tüssesidir nahar-şoruň, her hili içgileriň ysy-da halpylap durdy. Dürje enemizä «Bular ýaly jalataýlaryň arasynd biziň körümiz ýok» diýip, restorana girmämize garşy hem boldy welin, Töremyrat mugallym ony gününe goýman, içeri saldy.

Bize goňşy stoluň başynda bir zenan bilen bir erkek otyrdy. Olaryň ikisi-de Töremyrat mugallym bilen ýaşytdaş, ellini golaýladan bolsa gerek. Gaty syratly, geýnüwli ol kişiler bu jelegaýlaryň adamlaryna meňzänokdy. Olaryň gözleri Dürje enemizde. Özara birzatlar diýşip ýylgyrýarlar. Dürje enemiz özüniň synlanýanyny bilip:

– Äýu, olar meni tanajak bolýarlarmyka?Gözlerini menden aýranoklar-la- diýdi.

– Ahmal- diýip, Töremyrat mugallym goňşy stoldakylara başyny atdy welin, olaryň ikisi hem ýyrşarşyp baş atdylar. Erkek kişi iňlilsçeläp:

– Gadyrdanlar, siz bilen tanşyp bolmazmyka? – diýdi.

Mekdepde iňlisçe sapak geçemizsoň menem, Annagam, Wellegem bu dili azak-tenek bilýärdik. Töremyrat mugallym bolsa iňlisçäni suwara geplpeýän eken.

– Baş üstüne, jenaplar. Geçäýiň ýanymyza – diýip, Töremyrat mugallym mürähet etdi. Olar stollaryny süýşürip biziň stolumyz bilen birikdirdi. Töremyrat mugallym olaryň ýanyna baryp elleşip görüşdi. Töremyrat mugallym zenan bilen salamlaşanda onuň akja elini öpdi. Şonda Dürje enemiz:

– Äýu, Töremyrat, ýaldyr-ýuldyr görseň, azyberme, oglan. Hüýrjemala aýdaryn –diýdi.

– Dürje eje, gara göwün boolma. Bularda salamlaşaňda şeýtmeli – diýip, Töremyrat mugallym düşündirdi.

Biz çal saçlary eginleriniň üstüne seçelenip ýatan, goýun göz, çeýe bedenli erkek kişi hem-de onuň ýanyndaky saryýagyz, şapalak ýüzli, mawy göz, inçesagyt, görmegeý zenan bilen tanyşdyk. Erkeginiň adyna Jonni, aýalyň ady bolsa Jenni eken. Angliýadan turist bolup gezmäge gelen bu är-aýal aňyrda baý fermer eken.

Ofisant gyz bize garbanara nahar getirende Jonni onuň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Basym bir çüýşe «Şampanskiý» içgisi bilen owadanja aýna gaba salnan konýak stolumyzda peýda boldy. Içgilerden howatyr eden Dürje enemiz:

– Äýu, Töremyrat, sen içjegemmi? –diýdi.

– Içesim-ä gelenok welin, myhmanlaryň göwni üçin az-owlak götermeli boljak.

– Haý sen serhoş bolarsyň-ow.

– Aý, ýok-la, Dürje eje, meniň kelläm ýerinde ahyryn.

– Aý, ol artyp kelläňi ýerinde goýarmy.

Jonni «Şampanskini» açyp, iki sany uly bulgura guýdy. Onuň birini Dürje enemiziň öňünde goýdy, beýlekisini bolsa aýaly Jenniniň öňüne süýşürdi. Öz bulgury bilen Töremyrat mugallymyň bulguryny bolsa konýakdan doldurdy. Soňra ol:

– Dostluk, agzybirlik üçin – diýip, bulguryny ýokary galdyrdy. Töremyrat mugallym bilen Jenni hem bulgurlaryny ýokary göterdiler. Jonni Dürje enemize:

– Ene jan, sizem alyň ahyryn – diýdi. Töremyrat mugallym oňa dilmaçlyk etdi. Dürje enemiziň gaşlary çytyldy:

– Goýaweriň-ä. Bi adamlar uçmahyň ak guşy bolup otyrka, agzyny hapalamaz. Ýöne, men, Jonny han seniň sözüňe tüýs ýürekden goşulýan – diýip, çaýly käsesini Jonniniň bulgury bilen çakyşdyrdy. Biziň hem limonadly bulgurlarymyzy olaryň bulgurlary bilen çakyşdyrasymyz geldi. Emma ejap etdik.

Töremyrat mugallym söz sözläp, ýene bir gezek bulgurlary göterensoňlar, stolumyzdaky içenlere göçgünlilik aralaşdy. Töremyrat mugallym Jonni bilen ümmülleşdi. Jenniniň hem Dürje enemiz bilen sözi alyşdy. Ol diýen oňarmasak-da, ikisiniň dilmaçysy biziň üçümiz bolduk. Jenni «Siziň çagalaryňyz köp. Nädip ekleýärsiňiz?» diýýär. Dürje enemiz hem «Tüweleme diý, Jennet gelin. Göz degräýme. Bizde her çaganyň yrsgalyny Hudaý berýär» diýip jogap berýär. Onsoň Jenni uludan dem alýar-da «Ynha biziň ýekeje gyzymyz bar. Siz bolsa köp çagalylygyňyz üçin-de bagtly adamlar. diýýär – Siziň milli egin-eşikleriňizem owadanŞu gün jygyllygyňyzda görüp agzymyzy açdyk. Silkme telpegiňizi, gyrmyzy donuňyzy, keteni köýnegiňizi, käbir şaý-sepleriňizi satynam aldyk. Ýöne siziň kelläňizdäkä welin duşmadyk. Nähili enaýy. Eger aýp bilmeseňiz, geýip göräýin-le. » Dürje enemiz :» -Heý, onuňam aýby bormy, Jennet gelin» diýip, topbusyny çkaryp Jennä uzadýar. Jennä topby biçak gelişdi. Jonni «Bravo, bravo» diýip, oňa el çarpdy. Jenni Dürje enemiziň topbusyna şu ýerik gelenimizde aşyk bolup oturan eken. Ol Dürje enemize topbusyny satmagy sorady, näçe diýse, puluny gysganmajagyny aýtdy. Emma Dürje enemiz Jenniniň teklibini göwnemedi. » Türkmen kellesine geýip ýören zadyny satmagy halaýan däldir. Ýöne sen adrysyňy goý. Täzesini örüp saňa iberäýerin» diýdi. Jenni muňa begendi. Gatyja kagyzda ýörite ýazylan adresini Dürje enemize berdi.

Töremyrat mugallym bilen Jonnynyň gürrüňleri-de gyzyklydy. Töremyrat mugallym «Duzlujamyz», onuň adamlary hakda süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi, ony myhmançylyga çagyrýardy. Jonni çüýşe gutujygyndaky çägäni Töremyrat mugallyma görkezdi:» Düýn şuny kanalyň boýuna gezelenje çykamyzda alyp gaýtdym. Siziň durkuňyz baýlyk. Ynha çägäňizdenem gyzyl öndürse boljak» diýip, janykýar. Töremyrat mugallym bolsa bize buýsanç bilen bakýar-da:» Gadyrdan Jonni, siz mamla. Gelejekde şol baýlyklaryň hak eýeleri şular bolmaly. » diýýär.

Biziň ýürek döküşmämiz ertire çenli-de dowam edip biljekdi. Ýöne wagt bizi gyssady. Turmaly bolduk. Jonni bilen Jennni bizi «taksi» mündirip ugratdylar. Bolsa-da otla zordan ýetişäýen ekenik. Münenimizden ol uzak ýoly dartyp ugrady.

Biz Gün dogar-dogmazda ýarym duralgada otludan düşdük. Nunna aga gozakly motorly bize garaşyp durupdyr.

Teswir ýaz

Scroll to Top