«Sapar aganyň ogly…»

(Durmuşdan bir parça…)

Halk arasynda aýratyn ünse mynasyp, ata-babalarymyzdan bize miras galan ýüzlerçe edähetler häli-bu güne çenli ynsanlaryň ýyly gatnaşyklaryndan dem alyp, aramyzda ýaşap ýör. Mysal üçin, üns beren bolsaňyz, oba ýaşululary ýaş nesilleri il içinde öz ady bilen däl-de, «Pylanyň ogly» diýip, kakasynyň ady bilen tutup çagyrýandyr. Bu däp häli-häzirem obalarda ýörgünli.

Meniňem birmahallar ilgezik adym «Sapar aganyň ogludy». Hawa, men – nijeme ýyl bäri islendik ulaga erk edýän, ömrüni «janly demre» bagş eden sürüji Saparyň ogly. Ýadymda, oba arasynda-da, toý-tomguda-da, ilki bilen, «Adyň näme?» diýip däl-de, «Gözüň-ä tanyş, körpe, kimiň ogly sen? Kimlerden sen?» diýip sorardylar. Menem öwredilişi ýaly, «Saparyň» diýerdim. Bada-bat tanamadyklara bolsa, «Sapar şopuryň körpe ogly men» diýerdim. Onsoň «Hä-de, hä» bolşardylar…

Başda kän bir gulak gabartmadyk ýaşuly nesliň bu sözlerinden, ers-mers bolup ýigit çykan döwürlerim dagy biraz ýokuşam görüpdim. «Sözdenem bir ýokuş görlermi?» diýýäňizmi? Görler ekeni. Onda-da ýaňy bir il derdine ýarap, halkyň toýunda birki sany goşgy okap, köpüň «berekellasyny» alansoň dagy, ol kinäniň öňünde dur-da durubilseň! Bu gün pikir edip görsem, şol mahallaram çagalyk edipdirin. Seni öz pyşdy-pederiň ady bilen tanasalar ne armanyň diýsene?! Hälem Wagt diýlen, ähli zada öz hökümini ýöredip bilýän ägirt uly bir güýjüň barlygam gowy zat. Ol aýlap-öwrüp, ahyrynda-da ähli zady öz ornuna getirip goýýar. Bu gezegem şeýle boldy…

Aýlar ýyllaryň ökjesine eýerip, suw ýaly akyp, meni obanyň sada durmuşyndan alyp, uly bir şäheriň çylşyrymly ýaşaýşyna getirip goşdy. Meni obada «Sapar aganyň ogly» diýip tanaýan bolsalar, indi bu uly ak şäheriň gujagynda maňa dahylly adamlar meni «Uniwersitetiň talyby…» ýa-da «Esger» gazetiniň habarçysy» diýip tanaýarlar.

Dogrusy, adam ýyl geçdigisaýy asyl bolşuny, başky halyny, ahlaky manydaky päklik ýokundysy has artyk döwrüni küýseýşi ýaly, menem obadaşlarymyň «UAZ-69 sürýän Sapar şopuryň oglumy sen?» diýmesini küýsedim.

Ykbalyň ýalkawyna serediň-ä! Arada öýe zat ugradaýyn diýip, wokzala çykanymda, edil taýakýetim daşlykda duran keşbi örän tanyş sarymeňiz ýaşuly boýdan-başa synlaý-synlaý, ahyram: «A-how, Saparyň ogly dälmi sen? Häliden bäri seredip, şolmukan ýa dälmikän diýip böwrümi diňläp durdum. Aý, tüweleme! Şäherli bolup gidipsiň-ä! Tanar ýalam bolmansyň…» diýip, öz ogluny gören ýaly bagryna basdy. Şonda men ýyllaryň aňyrsynda çagalygyma tanyş şol sözleri ilkinji gezek çuň akyl ýetirme, çäksiz küýseg esasynda buýsanç bilen dillendim:

«Hawa, ýaşuly! Men şo-ol Sapar aganyň körpeje ogly Maksat…».

Maksat HUDAÝBERDIÝEW

Teswir ýaz

Scroll to Top