“Hekaýalar ummany” – elektron kitap

Häzire çenli çaga terbiýesi ähli döwürleriň baş meselesi bolup gelýär. Bu mundan beýlägem şeýle bolmagynda galar. Çünki çagalar biziň şu günki eken nahalymyz. Biziň ertirki günümiz diňe şolara bagly.

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilmegi ýöne ýerden däl. Çaga terbiýesinde goýberilen sähelçe säwlik geljekde örän uly betbagtçylyga eltip bilýär. Şonuň üçinem, bir ýandan ene-atalar, beýleki ýandan mugallymlar çagalara kämilden-kämil terbiýe bermekde ellerinden gelenini edýärler. Olaryň şeýle çylşyrymly işine ýardam etmek maksady bilen şu kitapça taýýarlandy.

Kitapçadaky hekaýalaryň üsti bilen adamzat dünýäsiniň bezegi bolan ynsanperwelik, adamkärçilik, hoşniýetlilik, kitaba, adamlara bolan söýgi ýaly gylyk-häsiýetler açylyp görkezilýär. Ondaky milli öwüşginli suratlar bolsa kitapça aýratyn röwüş çaýýar.

Bu çaklaňja iş göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.

Kitapçanyň göwrümi: 3 megabaýt.

Ýükläp almak üçin şu ýere basyň.

Kitapça hiç hili görnüşde satuwa degişli däl.

Teswir ýaz

Scroll to Top