Günorta Afrika sebiti. Günorta Afrika Respublikasy

Bu sebit Afrikanyň günortasynda ýerleşip, 2674,4 müň km2 meýdany tutýar. Onuň çäginde 5 döwlet-Botstwana, Lesoto, Namibiýa,Swazilend, Günorta Afrika Respublikasy ýerleşýär.

Sebitiň umumy ilaty 2011-nji ýylyň maglumatlaryna görä 54 mln. (häzirki wagtda çaklamalara görä 59 mln) adama barabar. Ilat 2 dil toparyna – khaýsan we Bantu toparyna bölünýär. Olaryň çäginde köp sanly ýerli diller we şiweler tapawutlanýar. Dini alamaty boýunça esasan hristianlara we animistlere bölünýär. Bu sebitde döwlet gurluşynyň agdyklyk edýän formasy-respublikadyr. Günorta Afrikanyň ähli ýurtlarynyň kolonial geçmişi bar. Swazilend we Lesota monarhiýa döwlet gurluşyna eýedir.

BMG-nyň klassifikasiýasy boýunça GAR ösen döwletleriň hataryna degişli edilýär. Sebitiň galan ýurtlary ösýän döwletler. Olaryň IJÖ-niň döremeginde oba hojalygy we gazyp alma senagaty esasy orun tutýar. Esasy gazma baýlyklary-almaz,altyn, platina, hromitler, demir magdany, marganes. Bu sebitde eksport çig mal häsiýete eýedir. Eksportyň esasy düzümini gazyp alýan senagatyň we oba hojalygynyň önümleri emele getirýär. Sebitiň ösýän döwletleriniň daşary söwdasynda GAR aýgytly orun eýeleýär.

Günorta Afrika Respublikasy. Günorta Afrika Respublikasy (GAR) ösen döwletleriň toparyna girýän Afrikanyň ýeke-täk döwletidir. GAR daş-töweregini daglar gurşap alan we kenar sebitlerinde inçe düzlük bolan giň platony eýeleýär 1,291 mün km2 . Klimaty-subtropiki häsiýetli. Ýurduň ilaty 47 mln adam. Her ýylda ilatyň sany, esasan tebigy artyşyň hasabyna 1,2% artýar. GAR-a goňşy Afrika ýurtlaryndan işçi güýjüniň uly akymy gelýär.

Ilatyň etniki düzüminde – afrikalylar (ilatyň 75,2%-i), akýagyzlylar (13,6%), metisler (8,6%), induslar (2,6 %) tapawutlanýarlar. Garaýagyz ilaty esasan Ekwatorial Afrikanyň beýleki ýurtlaryndan göçüp gelenler döredýär. Dini düzümi-hristianlar (68%), animistler (28,5%), musulmanlar (2%), buddistler (1,5 %).

Ýurduň 3 paýtagty bar. Pretoriýa (1 mln adam)-dolandyryş merkezi, Keýptaun (2,7 mln adam)-kanunçylyk we Blumfonteýn (300 mün adam)-sud-hukuk merkezidir. Uly şäherleri- Ýohannesburg (1,9 mln adam), Durban (635 mün adam), Soueto (522 mün adam). Döwlet gurluşy boýunça GAR parlament respublikasydyr. Ol dolandyryş-çäk taýdan 9 prowinsiýa bölünýär.

Hojalygy. Hökümet  işjeň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugruna ýykgyn edýär. Ilatyň 30%-i oba hojalykda, 25-i senagatda, 45%-i hyzmatlar ulgamynda meşgullanýar. Hojalygynyň ösüşinde gazyp alma senagaty esasy daýanç pudagy bolup durýar.

GAR gazma baýlyklaryň ummasyz gorlaryna eýedir. Onuň çäginde hrom magdanlarynyň dünýä ätiýajynyň 58%-i, platina toparynyň magdanlarynyň 82%-i, altynyň 53%-i, wanadiniň-50%-i, marganes magdanlarynyň 80%-i, almazyň 40%-i we başga-da köp gymmatly tebigy baýlyklaryň gorlary bar. Şeýle uly çig mal mümkinçilikleri gazyp alma senagatynyň ýokary derejede ösmegine itergi berdi. Onuň iňňän möhüm pudagy-altyn gazyp almak. GAR gymmatly alamaz gazyp almak boýunça-da dünýäde birinji orunda durýar. Bu ýerde her ýylda 8 mln karatalmaz gazylyp alynýar. Şeýle–de platinanyň, hromyň, daş kömrüň gazylyp alynyşy-da uludyr.

Ekwatorial Afrika ýurtlaryndan tapawutlylykda GAR-yň işläp bejerýän senagaty işleýänleriň sany boýunça (16%), şeýle hem IJÖ-niň düzüminde hem ykdysadyýetiň esasy ugry bolup durýar. Onuň baş pudaklary himiýa, azyk, maşyngurluşygy we metallurgiýadyr, elektroenergetika hem ösendir. GAR Afrika ýurtlaryndaky elektrik energiýasynyň ýarysyny öndürýär. Ýurtda dünýäde iň kuwwatly ýylylyk elektrik stansiýalary guruldy. Ähli elektrik stansiýalaryň 85%-i kömürde işleýär. Elektrik energiýasynyň galan bölegi Kubergdäki ýeke-täk atom elektrik stansiýasynda işlenilýär.

GAR-yň ösen oba hojalygy bardyr. Amatsyz tebigy şertlere (esasan suw ýetmezçiligi) garamazdan, ýurt özüni ähli esasy azyk önümleri (şalydan, çaýdan, kofeden we kakaodan başga) bilen üpjün edýär. Ekerançylykda esasy ekinler mekgejöwen, bugdaý, şekerçiňrigi, kartofel, temmäki, banan we sitruslardyr.

Maldarçylyk önümleri bütin oba hojalyk önümçiliginiň 40%-e golaýyny düzýär. Ol iri şahly mallaryň (et-süýt berýän), doňuzlaryň, goýunlaryň we geçileriň sanynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Saharadan günortadaky Afrikada GAR azyk önümleri bilen üpjünçilikde balykçylygyň görnükli orun tutýan ýeke-täk döwletidir.

GAR dünýäde ulag ýollarynyň gür tory bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biridir. Awtomobil ýollaryň uzynlygy 362 müň km, şonuň 73,6 müň km – ýokary derejedäki awtostradalardyr. Demir ýollaryň umumy uzynlygy 20047 km, onuň ýarysy elektrikleşdirilendir

GAR-yň beýleki söwda hyzmatdaşlaryndan territorial üzňeligine baglylykda, onuň daşary ykdysady gatnaşyklarynda esasy orun deňiz we howa ulagyna degişlidir. Ýurduň 7 deňiz gämi duralgalaryndan üçüsi-Keýptaun,Durban we Port-Elizabet uly okean gämilerini kabul etmäge ukyplydyr. Esasy söwda hyzmatdaşlary – Germaniýa,ABŞ, Beýik Britaniýa, Saud Arabystany, Ýaponiýa, Hytaý, Eýran.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top