Hyrydarlyk we hödürlemäniň nazaryýeti: düşünjeler we kanunlar

Hyrydarlyk – bu nyrhlaryň belli bir wagtyň dowamynda mümkin bolanlarynyň arasyndaky käbir nyrh boýunça sarp edijileriň satyn almaga taýýar we ony satyn almaga ýagdaýy bolan önümleriniň mukdarydyr. Hyrydarlyk birnäçe alternatiw mümkinçilikleri aňladýar. Meselem, ol gaýry şertler birmeňzeş bolan mahalynda önümiň dürli nyrhlar boýunça hyrydarlyk bildiriljek mukdaryny görkezýär.

Hyrydarlyga, adatça nyrhyň amatlylyk jähtinden seredilýändigi kesgitlemeden görünýär, başgaça aýdylanda, hyrydarlyk sarp edijiler tarapyndan mümkin bolan dürli nyrhlar boýunça satyn aljak önümleriniň mukdaryny görkezýär.

Eger hyrydarlyga mukdar nukdaýnazaryndan seredilse, dogry bolar. Dürli nyrhlar boýunça näçe mukdardaky haryt satylyp bilner diýip soramaga derek sarp edijiler harytlaryň dürli mukdaryny nähili nyrhlar boýunça satyn almaga taýýar diýip soramak ýerlikli bolar.

Hödürlemäni öndürijiniň öndürmek isleýän we öndürip biljek hem-de belli bir wagtyň içinde mümkin bolan nyrhlaryň arasyndan her bir anyk nyrh boýunça bazarda satmak üçin hödürläp biljek önümleriniň dürli mukdarlary hökmünde kesgitlemek mümkin. Hödürleme-de alternatiw mümkinçilikleriň birnäçesini aňladýar. Meselem, ol gaýry şertleriň ählisi üýtgewsiz bolup galanda satuwa dürli nyrhlar boýunça näçe mukdardaky önümiň çykaryljakdygyny görkezýär.

Hödürlemä, adatça, nyrhyň amatlylygy nukdaýnazaryndan seredilýändigi şol kesgitlemeden gelip çykýar. Başgaça aýdylanda, hödürleme öndürijiler tarapyndan önümiň mümkin bolan dürli nyrhlar boýunça hödür etjek mukdaryny görkezýär. Emma hödürlemä onuň ululygy nukdaýnazaryndan seredilmegi dogrudyr, kähalatlarda bolsa has peýdalyrakdyr. Dürli nyrhlar boýunça näçe mukdardaky haryt hödürläp bilner diýip soramagyň deregine, sarp edijileri harytlaryň dürli mukdaryny hödürlemäge gyzyklandyrýan nyrhlar nähili bolmaly diýip sowal bermek mümkin. Hyrydarlygyň düýpli häsiýeti şundan ybarat: gaýry şertleriň ählisi üýtgewsiz bolan mahalynda hyrhyň aşaklamagy hyrydarlygyň degişli suratda artmagyna getirýär.

Tersine, gaýry birmeňzeş şertlerde nyrhyň ýokarlamagy hyrydarlygyň degişlilikdäki azalmagyna getirýär. Gysgaça aýdylanda, nyrh bilen hyrydarlygyň ululygynyň arasynda oňyn däl, ters baglanyşyk bar. Bu ters baglanyşyk hyrydarlyk kanuny diýip atlandyrylýar. Nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen, degişlilikde, hödürlemäniň ululygy-da artýar, nyrhlaryň aşaklamagy bilen bolsa hödürleme-de kemelýär. Gysgaça aýdylanda, nyrh bilen hödürlenýän önümiň arasynda oňyn ýa-da göni baglanyşyk bar. Bu özboluşly baglanyşyga hödürleme kanuny diýilýär.

Haryt önümçiliginiň alyş-çalyş ýaýrawyndaky hyrydarlyk bilen hödürlemäniň özara täsirini we özara baglanyşygyny häsiýetlendirýän ykdysady kanun hyrydarlygyň we hödürlemäniň bitewiligini hem-de olaryň laýyk gelmäge obýektiw haldaky ymtylyşyny aňladýar.

Hyrydarlyk we hödürleme kanuny  gymmat kanuny bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Emma ol diňe aýlanyşyk ýaýrawynda hereket edýär hem-de gymmat kanunyny çalşyrmaýar, tersine, onuň bilen bir hatarda we bir wagtyň özünde gymmat kanunynyň aňladylmasy görnüşinde onuň durmuşa geçiş mehanizminiň düzüm bölegi hökmünde hereket edýär.

Şeýlelik bilen, hyrydarlyk we hödürleme kanuny hem-de gymmat kanuny öz aralarynda iňňän pugta baglanyşyklydyr. Hyrydarlyk we hödürleme kanuny bütin jemgyýetiň bähbitlerine aňly-düşünjeli peýdalanylýar, bu kanunyň täsiri bazar mehanizminiň işleýşiniň barşynda hasaba alynýar.

Nyrh, hyrydarlyk we hödürleme. Hyrydarlyk we hödürleme nyrh bilen gös-göni baglanyşyklydyrlar hem-de onuň bilen bitewilikde bazar mehanizmini emele getirýärler. Şol mehanizmiň üsti bilen hem hyrydarlyk we hödürleme kanuny öz täsirini ýüze çykarýar. Bu mehanizmiň möhüm bölegi harytlary öndürmäge çykarylan jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryny aňladýan hem-de hyrydarlygyň we hödürlemäniň hereketine täsir edýän nyrhdyr.

Hödürlemäniň we nyrhyň arabaglanyşygy bazardaky harydy diňe kesgitli nyrhlar mahalynda ýerleşýän orny bilen häsiýetlendirilýär, nyrhlaryň üýtgemegi bilen harydyň bazardaky orny-da üýtgeýär. Hyrydarlyk hem nyrha hut şonuň ýaly bagly bolýar. Harydyň mukdarynyň üýtgemegi nyrhlaryň dürli derejeleri mahalynda bildirilýän hyrydarlyga baglylykda bolup geçýär. Emma şonda hödürleme nyrha göni baglylykda, hyrydarlyk bolsa ters baglylykda bolýar.

Nyrhyň üsti bilen hyrydarlyk bilen hödürlemäniň arasyndaky özara täsir we özara baglanyşyk amala aşýar. Haçan-da hödürleme hyrydarlykdan aşa ýokarlansa, bazar nyrhy gymmatdan aşak düşüp, pese gaçýar. Nyrhyň şolar ýaly peselmegi, düzgün bolşy ýaly, hyrydarlygyň artmagyna getirýär. Eger, tersine, hyrydarlyk ýokarlansa, bazar nyrhy-da gymmatdan agyşyp ýokarlanýar we bu hödürlemäniň artmagyny höweslendirýär. Şonlukda, hyrydarlyk we hödürleme nyrhyň üsti bilen biri-birlerine özara täsir edýärler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top