Adamyň durmuş islegleri

Isleg, zerurlyk hökmünde düşünilýän isleg bolup, ol önümçilik-ykdysady işiň hereketlendiriji güýji, höweslendirijisi manysyndaky esasy hyzmaty bitirýän ilkinji ykdysady düşünjeleriň hatarynda durýar. Durmuş islegleri örän köp dürlüdir.

Islegleriň şeýle köpdürliligini olaryň görnüşlerini bölüp çykarmak arkaly toparlamak mümkin. Ozaly bilen şahsy (ýekebara), maşgala, köpçülikleýin (toparlaýyn), jemgyýetçilik we döwlet isleglerini tapawutlandyrmak bolar. Şol görnüşleriň her birisi islegleriň subýektiniň, şeýle islegleriň gelip çykmagyna we haýsy bähbitleri aňladýandygyna dahylly adamlarynyň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Ýüze çykyş ýa-da kanagatlandyryş möhletlerine baglylykda häzirki we geljekki, gysga möhletli we uzak möhletli islegler öz aralarynda tapawutlanýar. Möhümlik derejesi boýunça birinji derejeli we ikinji derejeli islegler bölünip çykarylýar.

Durmuş islegleriniň aýry-aýry görnüşlerine seredip geçeliň. Şahsy islegler iýmite, egin-eşiklere, aýakgaba, ýaşaýyş jaýyna, öý hojalyk zatlaryna, durmuş hyzmatlaryna, ruhy we medeni gymmatlyklara, bilime, saglygy goraýşa, zähmete we dynç almaga, mynasyp durmuş goraglylyga, maglumatlara, ulaga, aragatnaşyga, şahsy howpsuzlyga, şahsy hukuklaryň goralmagyna bildirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, şularyň hemmesi her bir adama gereklidir.

Maşgalanyň islegleri öz görnüşleri we düzümi boýunça şahsy isleglere ýakyndyr. Emma maşgalada olardan başga is- leglerem ýüze çykýar. Ýaşaýyş jaýa, öý hojalyk zatlaryna bolan isleg artýar, çagalara seretmek boýunça täze islegler döreýär we ş.m..

Durmuş toparlaryň islegleri – bu özleriniň bellibir bähbitleri esasynda bir topar adamlaryň umumy islegleridir.

Işgärler köpçüliginiň islegleri – munuň özi toparlaýyn islegleriň bir görnüşi bolup, şonda işgäriň şahsyýet hökmündäki aýrybaşgalaşan isleglerinden başga-da, işgärler köpçüliginde umumy islegler hem emele gelýär. Iş meseleleriniň bileleşip çözülmeginiň, önümçilikden daşgary pikir alyşmagyň, işgärleriň arasyndaky dawalary aradan aýyrmagyň, amatly zähmet we dynç alyş şertlerini döretmegiň zerurlygy ýüze çykýar.

Jemgyýetçilik islegleri-döwlet, milli, sebitleýin, dini, taryhy şertleriň täsiri astynda ýüze çykýar hem-de şol görnüşlere hemeýe bolýar. Olara ilki bilen jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň goralmagyna, milli medeniýetiň we däp-dessurlaryň ösdürilmegine, taryhy we medeni ýadygärlikleriň, daşky tebigy gurşawyň goralyp saklanmagyna bolan islegler degişli. Has giň manyda aýdylanda, jemgyýetçilik isleglerine bütin halkyň, ähli adamlaryň medeni gymmatlyklara, bilime, saglygy goramaga, bedenterbiýä we sporta, zähmet şertleriniň gowulandyrylmagyna we dynç almaga, bolan islegleri degişli edilýär.

Durmuş islegleri öwrenmegiň nazaryýetinde we iş tejribesinde şahsy, maşgala, köpçülikleýin we jemgyýetçilik islegleriniň kanagatlandyrylyşyny öz aralarynda utgaşdyrmak meselesi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top