Adamyň we maşgalanyň sarp ediş býujeti

Maliýe býujeti barada gürrüň edilende, döwlet derejesindäki we ýerli býujetler hem-de kärhanalaryň we telekeçileriň býujetleri bilen bir hatarda, maşgala býujetlerini we şahsy býujetleri hem bölüp çykarmak mümkin. Sarp ediş we durmuşy islegler, ýaşaýyş derejesi barada aýdylanda, adamyň we maşgalanyň sarp ediş býujetine dahylly meselelere garalyp geçilmegi zerur.

Sarp ediş býujeti diýip adamyň we maşgalanyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň deňeşdirilmegine aýdylýar, onuň esasynda hem girdejileriň we çykdajylaryň gabat gelşi barada seljerme berilýär, deňagramlylygy üpjün etmek üçin olaryň ol ýa-da beýleki tarapa üýtgedilmeginiň zerurlygy ýüze çykarylýar. Býujet tablisasynda onuň girdeji we çykdajy taraplary aýry-aýrylykda görkezilýär.

Hakyky sarp ediş býujeti maşgalalaryň aýlyk ýa-da ýyllyk girdejileriniň we çykdajylarynyň emele gelşini görkezýär. Hakyky býujetler ilatyň aýry-aýry toparlarynyň isleglerini, girdejilerini we çykdajylaryny seljerip görmek esasynda düzülýär.

Rejeli sarp ediş býujeti nazary taýdan esaslandyrylan kadaly býujet bolup, onuň çykdajy bölegi bellibir maksadalaýyk toplumda berlen maddy we ruhy gymmatlyklaryň rejeli kadalaryndan ugur alnyp emele getirilýär. Rejeli sarp ediş býujeti durmuş-ykdysady seljermäniň guraly we gönükdirilmeli maksat bolup hyzmat edýär.

Ýaşaýyş derejesiniň kepillikli iň aşak derejesini kesgitlemek üçin, iň az sarp ediş býujeti ýa-da sarp ediş býujetiniň oňşuk möçberi diýen düşünje giňden ulanylýar. Şonuň ýaly býujetde çykdajy bölegi adama, ilkinji nobatda, hökman gerek bolan sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň toplumy esasynda düzülýär. Hakyky nyrhlary hasaba almak bilen, şol çykdajylary ýapmak üçin talap edilýän girdejileriň pul hasabyndaky möçberi kesgitlenýär. Şondan ugur alyp, sarp edişiň oňşuk möçberi bellenýär, onuň hasaplamasy «sarp ediş sebedi» diýilýäniniň esasynda geçirilýär.

Sarp ediş býujetiniň düzülmegi diňe bir döwlet derejesindäki durmuş häsiýetli çäreleri işläp düzmekde däl, eýsem maşgala derejesinde-de möhümdir. Maşgala býujetini dogry meýilnamalaşdyrmak arkaly artykmaç, az netijeli çykdajylardan gaça durmak, gündelik we uzak wagtlyk ulanylýan harytlary satyn almak üçin çykdajylaryň mynasybetini dogry kesgitlemek mümkin.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top