“Samsung Electronics” kompaniýasy

1930-njy ýyllarda Koreýanyň edara dolandyryjsy Li Býön Çhol önümlerini öndürmäge degişli öz işini açýar. Tegu şäheriniň uly bolmadyk ammary “Samsung” kompaniýanyň taryhy başlangyjy boldy. Ol wagtlar Koreýa döwleti Ýaponiýanyň koloniýasyna degişli bolupdyr, şol sebäpli ýurtda edara işleri bilen meşgul bolmak örän kyn bolýar. Koreýa döwleti özbaşdak bolanyndan soňraky döwürde, ýurduň senagat pudaklarynyň ösüp başlamagy bilen ilkinji kärhanalar döräp başlaýar.

 “Samsung Electronics” kompaniýasy 1969-njy ýylda Günorta Koreýanyň Suwon şäherinde “Samsung Electric Industries” ady bilen esaslandyryldy. Bu kärhana ilkibaşlarda telewizorlary, kalkulýatorlary, sowadyjylary, howa sowadyjylary we eşik ýuwujy maşynlary öndürýärdi. 12 ýylyň dowamynda 1981-nji ýyla çenli Samsung Elektronika kärhanasy 10 milliondan gowrak “Gara-ak” telewizorlary öndürdi. 1988-nji ýylda “Samsung Electric Industries” “Samsung Semiconductor & Communication” bilen birleşip, Samsung bileleşiginiň çäklerinde “Samsung Electronics” kompaniýasyny döretdiler.

“SAMSUNG” kompaniýasynyň ilkinji  nyşany…!

2005-nji ýylda Samsung Electronics kompaniýasy birinji gezek öz bäsdeşi bolan Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasyny halkara bazarda ýeňip geçdi. Interband-iň maglumatyna görä elektronika önümleriniň bazarynda iň meşhur kärhanalaryň birine öwrüldi.

2006-njy ýylda “Business Week” žurnalynyň hasabatyna görä “Samsung Electronics” kärhanasy global brendleriň arasynda 20-nji ýere we elektronikany esaslandyryjy brendleriň arasynda bolsa 2-nji ýere eýe boldy.

2007-nji ýylda “Samsung Electronics” Amerikan “Motorola” kompaniýasyny ozup geçip, dünýäde telefon öýjüklerini öndürýän kompaniýalarynyň arasynda 2-nji orna eýe boldy. Şol ýylyň ýanwar aýynda “Brand Finance” maglumat hasabatyny düzdi, şol hasabat boýunça Samsung Electronics brendi elektronik serişdelerini ulanmak sektory boýunça 1-nji orna eýe boldy.

         2008-nji ýylyň 21-nji aprelinde “Samsung” konserniň orunbasary Li Gon Hi döwlet jerimesini tölemeýänligi hakyndaky töhmetler esasynda işden çykarylýar.

         2009-njy ýylda “Samsung” kompaniýasy, Fransiýanyň “Siemens” kompaniýasyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Packard” kompaniýasyny ozup geçmegi başardy, we 117,4 milliard dollar möçberinde uly öwrümli girdeýji gazanmak bilen birlikde tehnologiýa kärhanalaryň arasynda iň uly göwrümli kompaniýalaryň birine öwrüldi.

2011-nji ýylda “Samsung” kompaniýasy 1 ýylyň içinde 300 million öýjükli telefonlaryň satylmagy görkezijisine çykmagy başardy. Bu hili görkezijilere ýetmegi öňler diňe “Nokia” kompaniýasyna başardýardy.

2016-njy ýylyň II kwartalynda “Samsung” kompaniýasy 2014-nji ýylyň başyndan bäri gelýän ägirt uly girdeýjini anykladylar we täze Galaxy Note7 görnüşiniň çykmagy bilen bu üstünligi 2-nji ýarym ýyllykda berkitdiler.

Ýöne 2016-njy ýylyň sentýabrynda “Samsung” kompaniýasy Galaxy Note7 görnüşli modeliniň batareýalarynda näsazlyklarynyň barlygy sebäpli dünýäniň her künjeginde bu modeliň ýaýradylmagyny we satylmagyny goý bolsun etdiler. Bu serişde suw geçirmeýän korpusy bilen we gözüň älemgoşarly gatlagyny skanirläp bilýän sistemasy bilen adamlar tarapyndan uly baha eýe bolup ägirt uly gyzyklanma we höwes döredýär , kompaniýa Note7modeliň bary ýogy 2,5 millionyny döredipdirler, we onuň 1 millionyndan gowragyny satypdyrlar.

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Samsung Electronics Co.Koreý mediýasy bilen baglanyşykly ýarymsimli we kompaniýanyň öndurijilik displeýlary tarapyndan “Onkologiýa” keselleri bilen keselläp ýogalan näsaglary üçin kompaniýanyň adyndan özleriniň ötünç bildirýän sözlerini makalanyň üsti bilen çap etdiler.

Diňe bir 2018-nji ýylda däl eýsem 2007-nji ýylda kompaniýanyň ýarymsimli önüm öndürijilikli bölüminde işleýän işgär “Leýkemiýa” keseli bilen keselläp aradan çykýar. Mundan soňra kompaniýanyň beýleki kesellän işgärleri kompaniýadan pul görnüşinde jerime tölemeklerini we ötünç soramaklaryny talap etdiler. Olar hem rak keseliniň döremek hadysasynyň öňüni almaklary üçin hem komitetden kompaniýa çäre görmeklerini talap etdiler. Komitet kompaniýanyň we onuň işçileriniň arasynda araçy bolmaklygy bilen, kompaniýanyň öndürýän önüminden kesele sezewar bolan işçilerine 150 million won pul görnüşinde jerime tölemekliklerini yglan etdi, bu bolsa 132 000 amerikan ekwiwalent dollaryna barabardyr. Komitetiň bu jerime görnüşli meýilnamasy kompaniýa tarapyndan kesele sezewar bolup ýogalan adamlardan doglan dogabitdi keselli çagalary hem öz içine alýar. Jerimeçilik meýilnamasy üçünji tarapy bolan Günorta Koreýanyň ýuridiki kompaniýasy “Jipyong” bilen amala aşyrylýardy.

“Samsung” we “Jipyong” kompaniýalary 2018-nji ýylyň dekabrynda jerime tölemekligi durmuşa geçirmek barada we jerimeçilik edarasyny gurmaklygy meýilnamalaşdyrdylar. Jerime tölemeklikligiň möhleti bolup geçjek hadysa baglylykda 2028-nji ýylyň 31-nj ioktýabryna çenli tölenýän jerimäniň möçberi ulalyp bilýär. 1984-nji ýyldan başlap häzire çenli işleýän we işlän, kompaniýa tarapyndan näsazlyklara sezewar bolanlar we kompaniýanyň ýarymsimli önüm öndürijilikli bölüminde işlän işçiler pul görnüşindaki jerime haklaryny almaklyga ýörite aýratyn haklary bardyr. Jerime hökmünde “Samsung” kompaniýasy ýurtdaky işçileriniň saglygyny we goraglylygyny gorap saklamak üçin, zähmet gigiýena we goraglylyk baradaky, Koreý edarasyna 50 milliard won puly bagş etdi.

“SAMSUNG” kompaniýasynyň önümçilikdä döwürleri

1983-nji ýylda personal kompýuterleri öndürmek karary kabul edilip we şol ýylda hem ilkinji personal komýuterleri öndürip başladylar. 1991-1992-nji ýyllarda ilkinji personal jübi telefonlary we adaty jübi telefonlary öndürilip gutaryldy. Şunluk bilen halka ulanylyşa hödürlendi Ahyry soňy 1999-njy ýylda “SAMSUNG ELECTRONICS” kompaniýasy hojalyk elektroniki enjamlaryny öndürenligi üçin, “Forbes Global” žurnalynyň adyndan uly baýraga eýe boldy.

2016-njy ýylda “SAMSUNG” kompaniýasy “MICROSOFT”  kompaniýasy bilen birleşip işlemeklige we uly göwrümli tehnologiýa önümlerini öndürjekligine karar berdi.

              “MICROSOFT” kompaniýasy “SAMSUNG” kompaniýasy bilen birleşmegi diňe bir tarapa däl eýsem, iki tarapada ägirt uly üstünlik we meşhurlyk getirdi. “MICROSOFT” kompaniýasy “Windows10” atly görnüşli kompýuterini we kompýuteriň beýleki görnüşlerini (wersiýalaryny) “SAMSUNG” kompaniýasynyň ady bilen öndürdiler.

“SAMSUNG” kompaniýasy şol ýyllarda “Gear Fit2” atly fitnes-smart atly çip kartasyny we simsiz “Gear Icon X” atly nauşniklerini hem öndürdi.

2016-njy ýylyň 2-nji awgustynda “SAMSUNG” kompaniýasy ilkinji gezek “Galaxy Note7” atly smartfonyny halka äşgär etdi, we 2016-njy ýylyň 19-njy awgustynda satlyga çykaryldy. Emma muňa garamazdan “SAMSUNG” kompaniýasy öz öndürýan tehnologiýa önümlerini wagtlaýynça öndürmezlik kararyna geldi. Sebäbi bu smartfon jübi telefonlarynyň köpüsi zaýalygy, bozulanlygy we telefonlary işe girizýän batareýalarynyň ýangyn howpuny berýanligi sebäpli goý bolsun etdiler. Bu ýangyn howpunyň döremeginiň sebäbi jübi telefonlaryny işe girizýän batareýalarynyň çende aşa gyzmagy sebäp bolupdyr.

Ýöne bu sebäpleri kompaniýa hemme smartfon jübi telefonlarynda   däl-de käbirlerinde tapypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu howply şertleri täze öndürilen smartfon jübi telefony bolan “Galaxy Note7”-de tapyldy. Soňra “SAMSUNG” kompaniýasy bu näsazlyklaryň täze görnüşli önüminde-de bardygyny 2016-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda dünýä aýan etdi we şol görnüşini ertesi günden başlap öndürmekligi bes edýändiklerini aýtdy.

2016-njy ýylyň 31-nji awgustynda “SAMSUNG” kompaniýasy şol ýylyň 18-nji noýabrynda täze tehnologiýa önümi bolan “Gear S3 smartwatch” görnüşli el sagadyny öndürjeklerini dünýä aýan etdi. Häzirki günümizde dünýäniň iň gowy tehnologiýa önümlerini öndürmek bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýän şereketleriň biridir.

Bellik: Günorta Koreýanyň “SAMSUNG” kompaniýasy 2015-nji öz nyşanynyň “ELLIPS” şekilini aýyryp, häzirki wagtda onuň ady hiç hili şekilsiz diňe ady ýöreýär.

 

Taýýarlan Gurbandurdyýew Tekedurdy

Teswir ýaz

Scroll to Top