SYNAG

«Ýigit dünýä bilen söweşdi, ili bilen söweşdi,
Ýöne öz nebsi bilen nähili söweşjegini bilmedi…»

Bir gezek gijaralar dostlarymyň biri bilen gürrüňdeş bolup otyrkam, söhbediň arasynda ýokarky setirleri ýatlap, özümiň durmuş söweşinde ýeňilmändigimi, Allatagalanyň fazly-keremi bilen üstün çykandygymy, durmuşdaky her bir kynçylygyň meni barha taplandygyny aýdypdym.
Şondan soňra ep-esli wagtlap pikire çümdüm we özüm hakda oýlanyp başladym. Içimden bir ses: «Sen näme üçin oňa içki söweşleriň hakda gürrüň bermediň? Ýürek bilen nebsiň arasyndaky darkaşlar, bir tarapda haý-höwes, tamakinlik, şek-şübhe, güman, beýleki tarapda razylyk, kanagatlylyk, anyklyk, berk kararlylyk hakda aýtmadyň…» diýýärdi.
Çaň-tozany ýokary göterilen söweşlerdäki ýeňişlerim hakda agyz dolduryp buýsanýarkam, içki ahwalatlardaky asgynlygym hakda dil ýarmaýardym. Aslynda, içimizdäki söweş söweşleriň iň elhenjidir. Danalaryň birinde şeýle bir söz bar: «Öz nebsi bilen gidişip, darkaş gurup bilýän adam öwülmäge mynasypdyr».
Haçanda wyždan we ynsap nebse garşy aýgytly aýak diräp bilýän bolsa, ine, şol hakyky söweşdir. Nebsi bet işlere batyrynmakdan saklap, jylawlap, aýagyny gandallap bilýän bolsa, onda muňa söweş, ýeňene ýeňiji diýip bolar.
Aramyzda käbir adamlarda beýik-beýik etsem-goýsamlar, arzuw lar, maksatlar bar. Hemmeler bize seredýärkä, biz höwesli işleýäris, ýöne haçanda şol nazarlar başga tarapa gönügip ugranda, isleglerimiz şöwketiň öňünde dyz epip, haý-höwesiň öňünde seždä egilýär. Şodur-da-şodur, kör nebsiň daňyp goýan ýüpünden boşanmak üçin çabalanmaýarys. Şonuň üçin köp adamlar bu söweş hakda dil ýarmagy halamaýar. Şol synagdan geçendikleri üçin öwünýän ýa-da buýsanýan adamlara hem gabat gelip durlanok. Biz içki söweşlerimizde üstünlik gazanmak, ýeňmek üçin has artyk yhlas sarp etmelidiris. Tankydyň ýiti şuglasyny içki söweşlerdäki nogsanlyklary basyp ýatyrmaga, aradan aýyrmaga gönükdirmelidiris. Özüme-de, size-de gaýta-gaýta nygtasym gelýär: diriligiňi subut edýän söweş içimizde bolup geçýär we durmuşdaky her bir zat hem oňa bagly-dahylly bolup durýar.
Özüňden mert durup sora, näçe gezek başga biriniň gazanan üstünligine, beýikligine bahyllyk bilen bakdyň, begenmediň? Emma men şu häsiýeti özümde terbiýeledim, özgeleriň üstünligine hem özüm gazanan ýaly begenip bildim, kän gezek başardym. Hawa, hut şeýle, örän köp pursatlarda nebsimi basyp bilendigim ýadymda. Allatagalanyň syrly hikmetlerine, Zeminde bolýan wakalaryň asyl sebäbine akyl ýetirmäge, şol wagt düşünmäge aňymyz ejizkä, şeýle nogsanlykdan saplanyp bilmegem mertlik. Allatagala öz fazly-merhemetini, ýalkawyny, sylagyny öz halan, islän adamsyna berýär. Kimi nämä laýyk görse, şony hem şoňa barabar zada rowa görýär. Biz bu hakykaty hergiz unutmaly däldiris. Diýmek, biri öz zehini bilen üstünlik gazansa, öz taýýarlygy, ukyby bilen beýik derejelere eýe bolsa, biz muňa bilelikde begenmelidiris. Şeýle üstünlikleriň her biri milletiň beýikligini, özgeleriň üstünligine bilelikde begenmek bolsa, milletiň jebisligini üpjün edýär.
Ýöne kähalatda kimdir biri aýratyn sylag-serpaýa, alkyşa, üstünlige eýe bolanda, biziň içimizde hakyky darkaş – synag peýda bolup başlaýar. Onuň bu ugurdaky artykmaçlygyna, zehin-ukybyna, neneňsi gaýrat sarp edendigine düşünjek bolamzok-da, özümiziň ondan artykdygymyz, has mynasypdygymyz hakda pikir edip başlaýarys.
Ýa-ha nebsimizi basyp, ondan rüstem bolmaly, ýa-da nebsiň ugruna gidip, nebsiň guludygyňa garamazdan, hiç zatdan bihabar, ulumsy, tekepbir, hondan bärsi gezmeli. Synag şeýle bolýar…
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: «Edil kine-kitüw, huşsuzlyk we holesterin ýaly bolup, magrurlyk hem ynsan süňňüne bildirmän ornaýar. Eger-de müňlerçe adamdan: «Özüňde nähili aýyp bar?» diýip sorasaň, olar:

«Meniň iň uly aýybym – adamlara gereginden artyk ynanýanlygym hem-de gereginden artyk öz syrymy aýdýanlygym » diýip jogap bererler (Ahmet Halid Tewfyk)».

Çeşme: Kerim Aş-Şazili “Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary”

Teswir ýaz

Scroll to Top