Ahlak terbiýesi we ahlak kadalary

Ahlak näme? Bu düşünje nämeleri öz içine alýar?

Filosofik sözlükde ahlak edep-ekramdyr diýilýär. Edep‑ekram ýa-da moral (latynça «mores» – edep kadalary diýmekdir) adamyň özüni alyp barşyny, duýgularyny, pikirlerini, umuman alnanda, adamlary birek-birek hem jemgyýet bilen baglanyşdyrýan tämiz hem sagdyn aragatnaşyklary kadalaşdyrýar.

Ahlak terbiýesiniň baş maksady adamda edep aňyny, özüňi ahlakly alyp barmagyň endiklerini we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr.

Ahlak terbiýesi ikitaraply bolmalydyr, ol terbiýeçileriň we terbiýelenýänleriň arasynda birek-birege sylagyň, hormatyň, ynanyşmagyň bolmagyny talap edýär. Diňe şeýle ýagdaýda ýaşlara aýdylýan-goýulýan zatlar aňa siňňitli barýar. Ýetginjekler gözi ýetip duran zada ynanýar, ahlaklylyk we ahlaksyzlyk düşünjelerine dürs baha bermegi öwrenýär.

Öwredilen edep-ekram, berlen pendi-nesihatlar diňe bir nazaryýet hökmünde galmaly däldir, olar düýpli özleşdi rilmelidir we durmuşy halal ýaşamagyň mizemez kadalaryna öwrülmelidir. Edepli adamyň ahlagy görelde alarlyk bolýar, onuň il içinde at-abraýyny berkidýär. Şunlukda, adamyň ahlak keşbi öwredilen edebiň, berlen terbiýäniň gönüden-göni miwesi bolup çykyş edýär we kämil şahsyýeti terbiýelemegiň ilkinji we esasy serişdesine öwrülýär.

Ahlak terbiýesiniň özboluşly taraplarynyň ýene-de biri onuň yzygiderli, üznüksiz häsiýeti bilen baglydyr. Berlen edebiň netijesi uzagyndan görünýär.

Edep kadalary ýuwaş-ýuwaşdan öwredilýär. Uzagyndan garalýan meseleler, berilýän pendi-ündewler has çylşyrymlaşýar, durmuşa has ýakyn bolýar. Ahlak terbiýesi ýaşlaryň jemgyýetde tutýan orny, olara bildirilýän ynamyň ululygy bilen baglydyr. Şol zerurlyk esasy üç ugur bilen şertlendirilendir:

Birinjiden, jemgyýete bilimi kämil, ahlagy tämiz, adamkärçiligi belent, göwni pes adamlar gerek, bu döwrüň talabydyr.

Ikinjiden, bizi gurşap alýan durmuşyň ýagşy taraplary hem bar, ýaramaz taraplary-da bar. Olar adamyň aňyna ýiti täsir edýär. Heniz beýnisi bekemedik ýaşlary durmuşda gabat gelýän gelşiksiz hadysalar, zyýanly endikler dogry ýoldan sowup bilýär, onuň ahlagyna zelel ýetirip bilýär, muny ýatdan çykarmaly däldir.

Üçünjiden, ahlak terbiýesi ýetginjege diňe bir edep berenok, eýsem, häzirki zaman jemgyýetinde kabul edilen kadalaryň bozulan, ýaramaz endikleriň edilen ýagdaýynda soralýan jogap, talap edilýän jogapkärçilik hakynda hem düşünje berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ahlak terbiýesi üç ugurdan alnyp barlanda, özüniň oňyn netijesini berýär. Olar şu aşakdakylardyr:

Berilýän okuw ýumuşlary bir maksada gönükdirilmelidir we yzygiderli berjaý edilmelidir;

Öwredilýän edep kadalary ýaşlaryň aňyna siňňin ornaşdyrylmalydyr we sada dilde aýdylmalydyr;

Ýaşlaryň berlen pent-ündewleri, aýdylýan maslahat‑salalary durmuşda peýdalanmagyny gazanmalydyr.

Adam edep kadalaryny bozsa, ony ýola getirmegiň ýeke‑täk ýoly bar – tanyş-bilişleri, ýakyn-ýady onuň gelşiksiz hereketlerini ýazgaryp bilýär. Şeýle ýagdaýda onuň ýalňyş ädimleri hakda gönümel aýdylýan sözler, köpçüligiň çetleşmegi, ýaşulularyň geňeş-sala bermegi dogry ýola düşmäge kömek edýär, azaşany indiki ýalňyş ädimlerden goraýar.

Etika (edebi öwrenýän pelsepe ylmy) ahlagyň baş çelgileri bolan iki ölçegi – ýagşylygy hem ýamanlygy öwrenýär. Edeplilik, şahsyýetiň saýlap alýan kämil ýoly ýagşylykdan habar berýär. Olaryň bozulan ýerinde, elbetde, ýamanlykdan başga zady gözläp bolmaýar. Bu ýerde ahlaksyzlyk ýüze çykýar. Bu düşünjäniň ýetginjegiň aňynda düýpli orun tutmagy ony geljekki hereketlerini mazaly oýlanmaga, seljermäge borçlandyrýar. Netijede, şahsyýetiň ahlak düşünjesi ösýär hem kämilleşýär.

Ahlak terbiýesinde milletiň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryna, urp-adatyna, edähetine uly orun berilýär. Terbiýeçiligiň taryhy ahlagyň diňe bir edep‑ekram bilen çäklenmeýändigini görkezýär. Edep durmuşda, adamyň her bir äden ädiminde pugta orun almagy bilen ahlaga öwrülýär, ömri halal hem manyly ýaşamagyň serişdesi bolup çykyş edýär.

Şunlukda, ahlagyň we edebiň durmuşda pugta orun almagy, adamyň aňynda çuňdan-çuň ornamagy hökmünde ýüze çykýar. Ahlagyň kämil bolmagy şu aşakdakylary öz içine alýar:

Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasata düşünmek we ony goldamak; dünýä ösüşiniň ýollaryna we geljegine göz ýetirmek; ýurduň öz içinde we dünýäde bolup geçýän wakalara dürs baha bermegi başarmak; bahasyny ýitirmeýän edep we ruhy gymmatlyklara sarpa goýmak; hemişe adalaty, demokratiýany we halklaryň azatlygyny goldamak;

Watana bolan söýgi, beýleki döwletlere we halklara sylag-hormat etmek; watanparazlyk; milletparazlygy we beýleki esaslara daýanýan dürli kemsitmeleri ýazgarmaklyk; döwletara we halkara gatnaşyklaryny birek-birege ynanyşmak we sylamak ýörelgelerinde guramak;

Zähmetsöýerlik, köpçüligiň bähbidini şahsy bähbitden ileri tutmak, zähmet kadalaryny pugta berjaý etmek;

Jemgyýetçilik gymmatlyklaryny goramak we aýawly saklamak, olary köpeltmäge we baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşmak, dogduk mekanyň tebigatyna aýawly garamak;

Köpçüligiň kabul eden kadalaryny sylamak: özara sylaşykly gatnaşyklary saklamak, belent adamkärçilik, beýleki adamlara kömek bermäge taýýar bolmak, maşgalany mukaddeslik saýmak, çagalara halal terbiýe bermek;

Öz-özüňi sylamak: jemgyýetiň öňündäki borjuňy duýmak, mertebeli ýaşamak, tutanýerli bolmak.

Görşümiz ýaly, ýokarda sanalyp geçilen kadalaryň her biri birnäçe şerti öz içine alýar. Kämil şahsyýet olaryň barşyny berjaý etmegi başarmalydyr, şol şertler adamyň ömrüni kesgitlemelidir. Muny başaran adam hemmetaraplaýyn ösen, paýhasly adam hasaplanýar we il içinde sylag-hormat gazanmagy başarýar.

Düýpli döwrebaplaşmagyň ýoly bilen barha kämilleşýän döwletimizde milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň barha belentden dabaralanýan şertlerinde ýokary ahlakly ýaşamak, edepli-ekramly bolmak adamyň ilki bilen özüne baglydyr. Ahlakly bol diýip, talap edip bolmaýar. Ahlak adamyň ýüreginde bolmalydyr, edep onuň aňynda ýaşamalydyr. Diňe şonda adam halal ýoldan ýöräp, adalata, bagta, hakyky baýlyga, arzyly abraýa ýetip bilýär.

Edebi özüniň mizemez ynamyna, ygtykatyna öwren adama ahlakly diýip bolar. Ýagşyny ýaýmak, ýamany ýazgarmak, edebiň basgylanan ýerinde özüniň paýhasly, agramly sözüni aýtmagy başarmak, utanç-haýa, adamyň mertebesi ni sylamak ýokary ahlaklylygyň, ahlak kämilliginiň baş görkezijileridir.

Edep kada öwrülende, ýürekde pugta ornaşanda adamyň keşbini bezeýän häsiýetler arkaly ýüze çykýar. Edebi kämil adam durmuşyň islendik synagynda üstünlikli baş alyp çykýar. Giň dünýägaraýyş, nusga alarlyk watançylyk, belent ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, köpçüligiň saýlan ýoluna ygrarlylyk, edalylyk ýaly häsiýetler durmuşda ynamly ýaşamaga, öňde goýlan maksatlara batyrgaý hem okgunly gadam urmaga kuwwat berýär.

Belent ahlak tämiz duýgular bilen birleşende, adamyň durmuşy ruhy taýdan has baýlaşýar. Ahlak düşünjesi ömrüň dürli pursatlarynda täze many-mazmun bilen kämilleşýär. Adam ýaşadygyça, onuň dünýägaraýşy üýtgeýär, düşünjesi çuňlaşýar. Başda ahlagy gowşak bolan adam durmuşynda köp ýalňyşyp, ýaşadygyça bulaşýar. Ahlak duýgusy ahlak kämilligi bilen aýrylmaz baglydyr, ol adamyň durmuşa bolan garaýyşlaryny terbiýeleýär. Şol sebäpden hem jemgyýetiň ykrar eden tämiz, kir-kimirsiz, kämil ahlagy durmuşda dogry ýaşamagyň, manyly ömür sürmegiň ýeke-täk ýoly bolup durýar.

Alymlar şahsyýetiň ahlak keşbiniň düýbüniň hut juwan ýaşda tutulýandygyny hem berkeýändigini aýdýarlar. Jahyllyk ýaşyna ýeten ýaşlarda öz-özüni anyk işlerde ykrar etdirmek, okap ele alan bilimlerini tejribede peýdalanmak, durmuşda ilkinji özbaşdak ädimleri ädip abraý gazanmak islegleri güýçli bolýar. Uly ýaşly okuwçylaryň aglabasy, ýaş oglanlar hem gyzlar öz-özüni terbiýelemäge synanyşýarlar, öz ýanyndan abraý hem biabraýçylyk getirýän ýagdaýlaryň hümmetine göz ýetirjek bolýarlar. Ýetginjekler özbaşdak maksat saýlamagy, oňa tarap okgunly hereket etmegi, şol bir wagtyň özünde-de öz-özüni çäklendirmegi öwrenip, özüniň ahlak sypatlaryny kämilleşdirýärler. Emma mugallymyň ulusy durmuşdyr. Ahlagyň hümmet mähegini basýan hem, ony kynçylyklar bilen synaýan hem, taplaýan hem hut durmuş bolmaly, çünki ahlak ömri halal ýaşamagyň kämil mekdebidir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top