Nesil saglygyny goramak

«Saglyk» diýen düşünje ynsan ýaşaýşynyň esasy şertleriniň, düýp häsiýetleriniň biri bolmak bilen, onuň tutuş durmuşyny kesgitleýär.

Saglyk adamyň durm|uşda amatly hem hakyky mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özüniň maddy we ruhy hal-ýagdaýyna zelel ýetirmesiz hereket etmegidir, daşky gurşawa ýitgisiz uýgunlaşmak ukybydyr.

Özüniň gadyr-gymmaty boýunça saglyk abadançylygyň ilkinji we esasy şerti bolup çykyş edýär, adamlaryň iň zerur hajatlarynyň biri bolmak bilen olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şonuň üçin saglyk iň ýokary, baha ýetrnez gymmatlyk saýylýar, onuň gadyr-gymmaty wagtyň geçmegi bilen diňe artýar. Şol bir wagtyň özünde saglyk abadan ýaşamagyň serişdesi bolup çykyş edýär. Sagdynlyk öz-özünden kemala gelenok. ol tutuş ömrüň mazmunyny kesgitleýär. Adam saglygy gowşak bolanda-da ýaşaýşa höwesli bolýar, emma hakyky sagdyn adamlaryň durmuşa hyjuwy üýtgeşikdir.

Saglygyň gadyry adamyň öz mertebesine bolan garaýşynda has aýdyň görünýär, çünki adamyň durmuşda öz-özüne bellän orny mynasyp (ýaşalýan ýer we döwür üçin kabul ederlikli şertlerdäki) ýaşaýşyň mazmunyny düzýär. Şol bir wagtyň özünde adamyň öz saglygyna bolan garaýşy onuň ileri tutýan maksatlaryny, ymtylmalaryny, sarpa goýýan ýörelgelerini öz içine almak bilen, ynsan ömrüne many goşýar. Şunlukda, saglyk hem lezzetli, hem bähbitli bolmak bilen, adama şöhrat getirýär, onuň keşbine gözellik çaýýar, ýagşylyk etmäge güýç berýär, adamy bagtly edýär.

Sagdynlyk düşünjesi her bir adamyň, jemgyýetçilik gatlaklarynyň hem-de tutuş jemgyýetiň sagdyn bolmagyny göz öňünde tutýar. Jemgyýet sagdynlygynyň gadyry bolsa, onuň her bir agzasynyň durmuşdaky bar bolan mümkinçiliklerini amala aşyrmakdaky ähmiýetinden ugur alyp kesgitlenýär.

Daşky ülňüleri boýunça saglyk düşünjesi adamyň abadan ýaşamagy üçin zerur bolan biologik görkezijileriniň bellibir derejede ykrar edilen ýagdaýyny aňladýar. Ruhy sagdynlyk adamyň jemgyýetiň doly hukukly. mynasyp agzasy bolmagyna ýol açýan aňrybaş kämilligini kesgitleýär. Durmuş gymmatlygy hökmünde sagdynlyk adamyň jemgyýetdäki gatnaşyklarynyň kadaly bolmagyna. her bir adamyň durmuşda öz ornuny tapyp, özi üçin bellän maksat-myradyna ýetmegine ýardam berýär, şol bir wagtyň özünde ol adama jemgyýetçilik durmuşyna tiz uýgunlaşmaga we köpçüligiň her bir adamyň öňünde goýýan wezipelerini çözmäge kömek edýär.

Oz saglygyňa aýawly garamak her bir adamyň, ilkinji nobatda. öz işidir. ony beýlekileriň üstüne ýükläp bolmaýar. Adamyň özüniň düýbünden nädogry ýaşamagy, zyýanly endiklere ýan bermegi, az hereket etmegi, çendenaşa köp iýmegi bilen eýýäm 20-30 ýaşa barýança öz saglygynyň düýbüne palta urýan ýagdaýlary hem az däl ahyry. Diňe iş-işden geçensoň. adam lukmanlara ýüz tutup. olardan haraý gözläp ugraýar.

Emma saglygy goraýyş ulgamy hernäçe kämil bolanda-da. ol her bir adamy keselleriň ählisinden halas edip bilmeýär. Adam öz saglygyny özi taplamaly, sagdyn bolmak üçin göreşmeli. Her bir adam ýaşlykdan başlap işjeň hereketde bolmaly, bedenterbiýäni we sporty durmuşyň kadasyna öwürmeli, şahsy arassaçylyk kadalaryny pugta berjaý etrneli. Bir söz bilen aýdanyňda sagdynlyk sazlaşygyna ýetmek üçin elinde baryny etmeli.

Sagdynlyk adamyň ilkinji we iň möhüm hajatlarynyň biridir. Saglyk adamyň zähmete bolan ukybyny we her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegini üpjün edýär. Saglyk daşyňy gurşap alýan dünýäni öwrenmäge ýol açýar. adamy maksadyna ýetirýär, bagtly edýär. Gynansak-da. biziň köpimiz öz saglygymyz hakda ýeterlik derejede alada edemzok.

Biziň ýurdumyzda adam saglygy, ilatyň sagdynlygy döwletiň we jemgyýetiň baş gymmatlygy saýylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn bolmagy barada ýadawsyz alada edýär. Türkmenistanyň hökümeti milli saglygy goraýşy ösdürmegi we goldamagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýýar. Nesil sagdynlygyny, halal we arassa ýaşlaryň ösüp ýetişmegini üpjün etrnek, keselçiligi azaltmak. adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak. milletiň genofonduny döwrüň ýüze çykarýan howp-hatarlaryndan goramak gaýragoýulmasyz mesele hasaplanýar.

Sagdyn dowamatyň dowamyny üpjün etmek bu ugurda bar bolan wezipeleriň biridir. Ony üstünlikli çözmäge gönükdirilen çäreler 90-njy ýyllardan ýola goýlup başlanyldy, şol döwürde maşgalany meýilleşdirmek gullugy döredildi. 1992-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy işläp başlady. onuň işiniň ilkinji ugurlarynyň biri hem saglyk ulgamynyň işgärleriniň nesil dowamatynyň saglygyny goramak meselelerindäki bilimini hem hünär derejesini artdyrmak bilen bagty boldy.

1995—1999-njy ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistanda aljrp barýan işiniň baş maksady nesil saglygyny goramak we maşgalany meýilleşdirmek meselelerinde zerur bolan maglumatlaryň we saglyk hyzmatlarynyň elýeterligini üpjün etmäge gönükdirilen.

1997-nji ýylda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bar bolan Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezleriniň binasjmda nesil saglygy gullugy döredildi, etraplaryň her birinde bolsa nesil saglygy otaglary açyldy.

1999-njy ýylda ýurdumyzyň her bir sebitinde ady agzalan gullugyň bölümleriniň altysy açyldy. Olarda zähmet çekýän saglyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işi tapgyrlaýyn ýola goýuldy. 1998-nji ýyldan başlap. şol merkezlerde işleýän lukmanlar we şepagat uýalary nesil saglygynyň dürli ugurlary, şol sanda bu ugurdaky üpjünçilik we howpsuz enelik bilen bagly meseleler boýunça düýpli bilim aldylar.

2000-nji ýyldan başlap Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzda maşgala lukmançylyk gullugyny girizmek we nesil sagdynlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleri ýola goýmak üçin bilelikdäki çäreleri ýola goýup başlady (şol çäreler maşgala lukmanlaryny, maşgala şepagat uýalaryny okatmagy öz içine aldy).

Guralan ýörite okuwlarda saglygy goraýyş işgärleri özleriniň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrdylar. şol sanda nesil sagdynlygyny üpjün etmekde saglyk işgärleriniň üstüne düşýän uly jogapkärçilik barada doly maglumat alyndy.

2000-nji ýylda ýurdumyzda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan goldanylan Nesil sagdynlygyny üpjün etmek boýunça ilkinji Baş meýilnama işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

2001-nji ýylda ýurdumyzda bar bolan Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezleriniň binýadynda we Milli Merkezde — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Ylmy-kliniki merkezinde Ýetginjekleriň nesil saglygyny goraýyş merkezleri döredildi.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu möhüm resminamada ýurdumyzyň maşgalalaryna, şol sanda erkek kişileriň we ýetginjekleriň nesil sagdynlygyny goramak babatynda edilýän saglyk hyzmatlary jikme-jik bellenilendir. Mundan başga-da. Kanun raýatlaryň nesil saglygyny goramakdaky ýokary hilli anyklaýyş we bejeriş kömegini almaga doly hukugynyň bardygyny kadalaşdyrýar.

2003-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde Nesil saglygyny goramak boýunça erkek kişiler üçin ýörite merkezler işläp başlady. Şol merkezler iň häzirki zaman enjamlar we beýleki zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Yurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwerlik syýasaty netijesinde Türkmenistanyň hökümeti tutuş dünýäde eneligi we çagalygy goramak, nesil sagdynlygyny üpjün etmek babatynda kabul edilen gaýragoýulmasyz çärelere we düýpli strategik meýilnamalara doly ygrarlylygyny görkezýär we gyşarnyksyz eýerýär. Bu ilhalar syýasatyň netijesinde ata Watanymyzda eneligi we çagalygy goramak. ilatyň saglygyny gorap saklamak. adamlaryň ömrüni uzaltmak boýunça düýpli öňegidişlikler gazanyldy.

Saglygy goramak meselesinde edep-terbiýä uly orun berilýär. Edep bolsa. ilkinji nobatda. ýigitleriň we gyzlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ahlak taýdan kämil bolmagyny şert edip goýýar. Bu terbiýe ýetginjeklik döwründen hem has ir başlanmaly, çünki binýady berk bolan edep uzagyndan kämil ahlaga çenli ösýär. Ýaşlarda ir döwürden başlap halallyk, arassaçylyk. edep-ekram düşünjelerini kemala getirmek zerurdyr, maşgalanyň mukaddeslikdigini aňyna guýmaly. Gyzlary bezeýän zadyň edep-ekram. gyz mertebesidigini. oglanlara bolsa gyz-gelinlere bolan sylag-hormatyň, aýawly garaýyşlaryň, akylly-başlylygyň, pähim-parasatlylygyň köp ýalňyşlyklardan goraýandygyny düşündirmek zerurdyr. Birek-birege bolan mähribanlyk, sylaşyk köpçülikde-de. maşgalada-da agzybirligiň baky orun almagyna ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde ýaşlaryň ruhy taýdan yzygiderli baýlaşmagyna. edebiýat, medeniýet we sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Göwnünde gözellik ýaşaýan adam beýleki adamlara hem bagt bermekde hakyky şatlygyň we bagtyň tapylýandygyna oňat düşünýär. Bu asylly ýörelgeler orun alan ýerde kalbyňa ornan duýgular tämiz hem arassa bolýar

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, orta mekdepleriň 10-njy synpy üçin niýetlenen «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» synag okuw kitaby

1 thought on “Nesil saglygyny goramak”

Teswir ýaz

Scroll to Top