Ahlak edebi we maşgala gatnaşyklary

Häzirki ýaşlar durmuş guranda ilki bilen söýgä bil baglaýarlar. Emma söýgi gaty näzik duýgy, ony ömürlik saklap galmak köp kişä başartmaýar. Söýgi hakyky bolanda, uzagyndan çuň hormata-sylaga ýazýar. Gynansak-da, ýaşlaryň bellibir bölegi edil toýdan soň biri-birinden göwni geçip, öz duýgularynyň ýüzleýdigine göz ýetirýärler. Ýaşlaryň ýalňyşýan ýeri, olar tutuş ömrüň hem bagt toýy ýaly şatlykly, diňe gowulyklara garaşyp we olardan paýyňy alyp ýaşaljakdygyna çyny bilen ynanýarlar, muny tapmasa welin lapykeç bolýarlar. Toýdan öň ýaş ýigit hem gyz bir‑birinden özüniň kemçiligini, gowşak tarapyny, ýetmezçiligini gizläp gezýärler. Durmuş toýy ýagty pursat bolup geçip gidýär, ýaşaýyş bolsa dowam edýär. Ozal gizlenen gylyk- häsiýetler özüniň asyl görnüşinde ýüze çykýar. Ýaşlar biri-birine öwrenişýärler, biri-biriniň gözüne gowy görünmek islegi hem öňküsi ýaly güýçli bolanok. Daşky keşbiňe öňki ýaly serenjam bermek endigi kem-kemden galýar. Onuň ýerine igenjeňlik, gönümellik, özdiýenlilik gelýär. Ozal elýetmez derejelerde saklanan gyz öý bikesine öwrülýär. «Taňrynyň güni darydan kän» diýleni. Günüň-gününde öý-içeri, nahar-tagam, kir-kimir diýip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup ylganyňda-da, ony ullakan bir zähmet hasaplamazlyk endigi halys ýüregine düşýär. Toý diýip taýýarlanan owa dan, üýtgeşik zatlar kem-kemden gutaryp, adatylyga orun berýär. Onuň üstesine, günüňi aýlamak, güzeranyňy dolandyrmak, öý gurmak, oňşup ýaşamak aladalary ýaşlary basmarlaýar. Kalba kem-kemden ejizlik aralaşýar, nägilelik döreýär. Nägileligiň bolan ýerinde bolsa uzagyndan jedel tapylýar, öýke-kine orun alýar, agzalalyga eltýär.

Maşgalanyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti ýaş çatynjalaryň oňşukly bolmagydyr. Oňşuga bolsa şu aşakdaky şertler öz täsirini ýetirýär:

  • Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, ileri hasaplaýan ruhy gymmatlyklarynyň birmeňzeşligi – ýaşlaryň maksady, gyzyklanmasy, pikiri bir bolmaly;
  • Maşgalada aýal maşgalanyň hem erkek kişiniň tutýan ornuna, bolmaly sylag-hormatyna düşünmegiň birmeňzeş garaýşy. Eger-de är-aýalyň özüniň maşgaladaky ornuna düşünmeginde çaprazlyk dörese, olar bir-birine kabul edip bolmajak talap bildirip ugraýarlar. Bu talaplar berjaý bolmasa, dawa-jenjel döreýär. Şeýle maşgalada agzybirlik arany açmak bilen bolýar;
  • Ýaşlaryň gylyk-häsiýetleriniň deň gelmegi. Geň ýeri, uzak ýaşaşyp, berk maşgala guran adamlaryň gylyk-häsiýeti düýbünden meňzeş bolman hem biler.

Diýmek, oňşukly bolmak üçin başgarak talaplar bar. Olar: öz-özüňe tankydy göz bilen garamagy başarmak, çydamlylyk, beýlekileri sylamak we olara ynam etmekdir.

Şu ýerde maşgalada sylaşygy saklamaga, bar bolan ýakymly duýgulary ömürlik hemra edinmäge, agzybir hem berk maşgala gurmaga ýardam berýän käbir maslahatlary getirmegi makul bildik:

  • Hiç-haçan sögüşmäň, kyn ýagdaýda birek-birege igenmäň. Dawa-jenjeliň gowulyga elten ýeri ýokdur;
  • Ýanýoldaşyň hereketinde haýsydyr bir zat size ýaramaýan bolsa, gyjalat bermäň-de, kynçylygy ýeňip geçmäge kömek ediň;
  • Bir-biriňize höküm sürjek bolmaň, terbiýe diýlen diýdimzorluk bilen däl-de, mähribanlyk hem süýji sözlülik bilen berjaý bolýandyr. Ýanyňyzdaky adamda bar bolan gylyk- häsiýetler göwnüňize ýaramaýan bolsa, ony pursadyny tapyp ýumşaklyk bilen aýtmagy başaryň;
  • Keseki adamyň ýanynda bir-biriňize kemsidiji sözleri, tankydy bellikleri aýdyjy bolmaň. Aslynda-da, adam tankytlanýan däldir, onuň ýaramaz hereketlerine dürs baha berilýändir. Gepe-gybata goşulmaň, ýanýoldaşyň gybatyny etmek bolsa gabahatlykdyr, peslikdir;
  • Birek-biregi elýetmez hasaplaň;
  • Her ädimde bir-biriňize «siz» diýmegi başaryň. Adam ýüregi sähelçe zat üçin hoşal sözleri eçilýändir, olary dile getirmegi kiçilik bilmäň. Adam göwni sähelçe zatdan gülleýändir, bir-biriňiziň göwnüňizi seýikleseňiz, bagtyň şol sähelçe zatlardan döreýändigine düşünersiňiz;
  • Öz hereketiňize keseden garap baha bermegi endik ediniň. Adam hemişe özüniňkiniň dogrudygyna ynansa, beýlekileri diňlemegi goýýar;
  • Ýumry-ýumşak boluň. Gödeklik diňe gödeklige getirýändir, beýleki adamy kemsidýändir. Paýyş sözler, kemsidiji jümleler öýüň rysgal-berekedini kemeldýändir;
  • Içiňizi hümledip gezmäň, göwün galan ýerde muny ýuwaşlyk bilen aýdanyň gowudyr. Kine edip, içiňde saklap ýörseň, ýanyňdakylar bu zatlardan bihabar bolup ýaşamagy hem ahmaldyr;
  • Diňe ýagşyny ýatlap geziň. Ýagşyny ýatlamak ýamany bagyşlamakdyr. Beýlekileriň hatasyny bagyşlaň, artykmaçlyk sizden galsyn;
  • Öz saglygyňyza, golaý adamlaryň saglygyna biperwaý bolmaň;
  • Eger ýarawsyz bolsaňyz ýa keýpiňiz gaçan bolsa, bu barada aýdanyň ýagşydyr, beýlekiler size düşünerler. Ýöne bu ýagdaýyňyzy uzaga çekmäň, mazamlamaň, onuň sebäbini beýlekilerden gözläp igenmäň.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, 10-njy synp üçin “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top