Şahsyýetiň ahlak keşbini kämilleşdirmekde gözellik terbiýesiniň ähmiýeti

Medeniýetiň, sungatyň, gözellik endikleriniň adamda kämil şahsyýeti terbiýelemek işinde tutýan orny gaty uludyr. Muňa adamlar gadymky döwürde-de düşünipdirler. Gadymyýetiň meşhur pelsepeçisi şeýle tymsaly mysal getirýär: «Öňümden üç gul çykdy, olaryň her birisi agyr daşlar ýüklenen galtagy itekläp gelýärdi. Olaryň üçüsine-de şol bir sowaly berdim: «Bu daşlary nirä alyp barýarsyň?» Birisi hyrçyny dişläp, gaharly jogap berdi: «Özümem şundan bizar boldum, gara günümi çolajak bolup azap edýärin». Ikinjisi aýtdy: «Bir döwüm çöregimi gazanjak bolup, ýok güne galyp ýörün». Üçünjisi diýdi: «Ho-ol ýerde ajap bir ybadathana gurulýar. Meniň elten daşlarymam şonuň binýadyna goýlar, menden ýadygärlik galar». Gözelligiň manysy şunda: ol durmuşyň her bir ädiminde ýaşaýar. Gözelligi gözlän hökman tapar.

Emma sungata düşünmek üçin adamyň özüniň çeperçilik- gözellik aň-düşünjesi bellibir derejede ösen bolmaly. Gündogar ýurtlarynda: «Gözellik daşda däl, içde bolmaly» diýýärler. Sungata düşünmek üçin onuň dilini bilmeli, öz duýgularyňy oýarmagy başarmaly. Gözelligi öz ýüregiňe goýbermegi oňarmaly. Adamyň sungat sowady bolmaly.

Gözellik terbiýesiniň manysy we mazmuny. «Gözellik terbiýesi» diýlen düşünje gönüden-göni estetika ylmy bilen baglydyr. Estetika – gözelligi öwrenýän ylym. Bu adalga grekçe «aistesis» sözünden gelip çykýar we gözellik manysyny berýär. Şunlukda, gözellik terbiýesini duýgulary 23 kämilleşdirýän edep hökmünde kabul edip bolar. Emma estetika gözelligi diňe sungat bilen baglanyşdyrýar, estetiki terbiýe bolsa şol gözelligi durmuşdan gözläp tapmagy öwredýär. Şunlukda, edebiýat, saz we şekillendiriş sungaty gözellige düşünmegiň we oňa ýetmegiň, adamda ahlak gözelligini terbiýelemegiň ajap bir serişdesine öwrülýär.

Gözellik terbiýesiniň berýän peýdasynyň ýene-de bir tarapy adamda gözi ýetýän, göwni suw içýän ajaplyklar barada öz pikirini beýan etmäge ýol açýanlygydyr. Sungatyň özi adamyň daşky gözellige garaýyşlaryny beýan etmegidir. Bu beýan edişlik dürli usullar, žanrlar, sungatyň dürli ugurlary arkaly ýüze çykyp bilýär. Esasy ýeri, durmuşy bitewi bir gözellik, kemsiz-köstüz sazlaşyk hökmünde kabul etmekdir, özüňi bolsa şol gözelligiň aýrylmaz bir bölegi saýmakdyr. Bu düşünjeler ýürekde orun alanda, adam öz-özüni kämilleşdirmäge ymtylýar.

Ýaşlaryň kämil ahlagyny kemala getirmekde gözellik terbiýesiniň usullarynyň we serişdeleriniň peýdalanylyşy. Hakyky sungat durmuşyň hakykatyny ykrar edýändir. Hakyky döredijilik adamyň hakyky duýgularyny, begenjini hem gynanjyny, erkini hem görküni wasp edýändir, ýagşylygy, erkanalygy, adalaty dabaralandyrýandyr. Sungatyň taryhyna seredip görüň – Watana bolan söýgä, ýagşylyga, ynsanperwerlige eýlenen sungat eserleri asyrlaryň gerdişini aşyp, ýaňy döredilen ýaly biziň kalbymyza ýiti täsir edär. Çyn sungata wagtyň dişi ötýän däldir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, 10-njy synp üçin “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top