Nika we maşgala

Maşgalada jynslaryň özara gatnaşyklary biziň döwletimizde maşgala hukugy tarapyndan düzgünleşdirilýär. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde doly beýan edilendir. Hukuk ulgamynyň bu pudagy nika baglaşmagyň we ony ýatyrmagyň, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle-de enesiz- atasyz galan çagalary maşgala almagyň tertibini kadalaşdyrýar.

Maşgala hukugynda nika – bu erkek kişiniň we aýal maşgalanyň meýletin we deňhukukly birleşmesidir. Nika bellenilen tertipde maşgala gurmak maksady bilen baglaşylýar. Nika ýa-da garyndaşlyk gatnaşyklary bilen bagly ýakyn arabaglanyşyga maşgala diýilýär. Bu arabaglanyşygy öý‑içeriniň, gyzyklanmalaryň, birek-birege bolan mähirli garaýyşlaryň, jogapkärçiligiň, üns-aladanyň we ýardam‑kömegiň bitewiligi, birligi häsiýetlendirýär. Özüniň kämillige tarap ösüşinde maşgala birnäçe tapgyrlary geçýär:

  • Maşgalanyň döremegi (maşgala durmuşyna gadam basmak, ýanýoldaşyň hüý-häsiýetine öwrenişmek, maşgalanyň içindäki we ondan daşdaky gatnaşyklara uýgunlaşmak döwri)
  • Maşgalada çagalaryň peýda bolmagy, olaryň eklenji hem terbiýesi (maşgalanyň terbiýesi artýar, güzeran aladalary köpelýär, şol aladalaryň arasynda agzybirligi saklamagyň hajaty has-da ýokarlanýar);
  • Maşgala durmuşynyň soňky basgançaklary (çagalaryň ulalyp, öýli-işikli bolmagy, agtyk-çowlugyň peýda bolmagy, är-aýalyň ýaşynyň gidişip gartaşmagy)

Häzirki wagtda maşgalanyň üstüne ýüklenilýän wezipeler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

  1. Durmuş-hojalyk – maşgala agzalarynyň maddy serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak (güzerany dolandyrmak, öý-işik bolmak, eginbaş edinmek), olaryň saglygyny goramak. Bu wezipe berjaý edilende çekilen zähmete siňdirilen güýç-kuwwatyň wagtly-wagtynda dem-dynç alyp, öweziniň doldurylmagy zerurdyr.
  2. Nesil dowamaty – çagalaryň, jemgyýetiň täze agzalarynyň dünýä inmegi.
  3. Terbiýeçilik – atalyk-enelik duýgularynyň döremegi hem kemala gelmegi; çaga terbiýesi, ata-enäniň öz çagasynda dowamatyny görmek höwesi;
  4. Ruhy terbiýe – maşgalanyň her bir agzasynda ruhy baýlygy kemala getirmek, olaryň aňynda sylag-hormat, eglişik etmek, artykmaçlyk görkezmek, agzybirligi ahlak gymmatlygy saýmak düşünjelerini kemala getirmek. Bu düşünjeler uzagyndan jemgyýetdäki agzybirligi pugtalandyrýar.
  5. Ruhy hossarlyk – maşgala agzalaryny, ilkinji nobatda, hut ruhy arabaglanyşyk, göwün küýsegi birleşdirýändir.
  6. Durmuşda öz-özüňe, öz hereketleriňe dürs baha bermegiň ilkinji basgançagy – maşgala agzalary bir-biriniň gepine-sözüne, hereketine, dürli ýagdaýlarda özüni alyp barşyna baha berýär, kyn ýerde bir-birini goldaýar. Wagtyň geçmegi bilen maşgalanyň öňünde duran wezipeler hem özgerýär, olaryň biri öz ähmiýetini ýitirse, ornuna başga birisi gelýär.

Durmuş üýtgeýär, onuň şertleri özgerýär. Maşgalada erkek kişiniň tutýan orny hem birneme üýtgeýär, kämilleşýär. Ýaşuly nesil ýetişen çagalarynyň diýenine-goýanyna, isleg-arzuwyna gulak goýýar, ony berjaý etjek bolýar. Maşgalanyň agzybirligi onuň her bir agzasynyň saglygyna-da öz täsirini ýetirýär. Geçirilen barlaglar agzybir maşgalada ýaşaýan adamlaryň keselçilige garşy durumynyň güýçlüdigini aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, maşgalada ýolundan azaşan, neşekeşlik ýa-da arakhorlyk ýaly betbagtçylyga uçranlarbar bolan ýerinde agzybirlik ýitýär, ilkinji bolup bu zatlaryň iň agyr täsiri iň ýakyn adamlara, aýratyn hem, çagalara ýetýär. Şeýle maşgalada önüp-ösen çagalarda ruhy kemçilikler, ömürlik galýan sussupeslik peýda bolup, uzagyndan olar agyr kesellere duçar bolýar.

Şu ýerde aýal-erkek aragatnaşyklarynyň çuňňur şahsy häsiýete eýedigini, şol sebäpden hem olary dolulygyna hukuk kadalary arkaly düzgünleşdirmegiň howatyrlydygy aýdylsa ýagşy. Maşgala gatnaşyklary gaty ir döwürlerde döräpdir. Maşgalada atanyň öz orny bar, enäniň öz orny bellenilipdir, özem olar özara deň däldir. Aýal maşgala adaty öýdeçilräk bolýar, şol sebäpden hem çagalara garaşyk etmek, olara terbiýe bermek hut enäniň üstüne düşýär. Zenana mahsus ýumşaklyk, hoşsözlülik, mähribanlyk hem mylaýymlyk terbiýäniň has netijeli bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Çaganyň aňynda döreýän ilkinji ahlak düşünjeleri hem hut ene mährinden gözbaş alyp gaýdýar.

Ýyllar geçýär. Ene mähribanlygynyň ahlak taýdan hümmeti üýtgeýär. Çagalar ýetişýär, özbaşdak ýaşamagy öwrenýär, öýli-işikli bolýar. Ilkibada olar ene-atasynyň kömegine daýansalar hem, aň-düşünje babatynda özüniň toplan durmuş tejribesine daýananyny kem görenok. Ýetişen çagalaryň ene-atasynyň maşgalada tutýan ornuna hem öz garaýşy kemala gelýär. Şol garaýşa daýanyp hem, çagalaryň bir bölegi enesine gysmyljyrasa, beýlekileri atasyny has ýakyn görýär.

Edep-terbiýe «ony et, muny etme» diýlip berilmeýär. Çagalar ulaldygyça, okalan takala, aýdylan igenje-de gatybir gulak asyp baranoklar. Ýetişen çaga diýeniňi däl-de, edeniňi edýär, şuny unutmaly däldir. Şonuň üçin hem mynasyp nesil, abraýly dowamat ýetişdirmek isleýän ene-ata terbiýäni özünden başlamalydyr. Çagalara berilýän terbiýe çynlakaý, sada hem saldamly bolmaly. Şol terbiýede durmuş ähli aýdyňlygynda öz hakykatyny tapmaly. ösdürmekden, onda paýhaslylyk, parasatlylyk, asyllylyk, watançylyk, gözellige söýgi ýaly oňat häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Çagadan şahsyýet ýasap bolanok, ol özi adam bolmaly, terbiýe bolsa bu işe diňe ýardam berýär. Terbiýäniň netije bermegi üçin bir topar şertleri berjaý etmeli bolýar: terbiýeçiniň sözi bilen hereketi çapraz gelmeli däldir, terbiýelenýän çaga edilen zorluk-sütem ters netije berýändir, kiçi çagada hem uly mertebäni görmegi başarmalydyr, ony eldegrilmesiz ykrar etmelidir.

Maşgala terbiýesiniň manysy şunda, ýagny ol erkin bolmalydyr, çaganyň ösmegine-örňemegine erkanalyk örüsini goýmalydyr. Ulular özüniň islegi ýa-da özlerine amatly tarapy üçin çagany durmuşyna gödek goşulyşmadan saklanmalydyr. Diňe mertebesi, şahsyýeti, eldegrilmesizligi sylanýan ýerde çaga arkaýyn ösüp, öz ukyp başarnyklaryny dolulygyna açyp bilýär. Sagdyn maşgala çaganyň ösmegi, sagdyn bolmagy, onuň dünýägaraýşynyň giňelmegi hem kämilleşmegi üçin aňrybaş amatly, sazlaşykly jemgyýeti döredip bilýär. Agzybir maşgalada çaga özüni arkaly, goragly duýýar, ululary sylamagy, deň-duşlaryny hem özünden kiçileri sylamagy öwrenýär, adatdan daşary ýagdaýlarda aljyranok. Onda bar bolan ugurlaryň iň esasy, terbiýeçilik babatynda iň güýçlüsi maşgaladyr.

Ene-atanyň paýyna düşýän ilkinji hem iň uly jogapkärçilik agzybir, bagtly, berk maşgalany düzmekden ybaratdyr. Şu wezipäni berjaý etmekde ilkinji orun är-aýalyň birek‑birege bolan sylag-hormatyna bagly bolýar, ikinji orunda ene‑atanyň çaga bolan garaýşy durýar. Ýetginjek bir-birini sylamaýan ene-atasyna aňsat gulak asmaýar. Özdiýenliligiň ýelginine düşen ýetginjegi terbiýelemek üçin ene-atanyň her bir sözi çyn bolmalydyr, çynlakaý hereket bilen berkidilmelidir. Enäniň ene, atanyň hakyky ata bolan ýerinde, ýetginjegiň ululara bildirýän sylag-sarpasy hem bolmaly derejede bolýar. Ulularyň arasyna tow düşse, çagalar hem biynjalyk bolýarlar. Islendik çagadan sorap görseňiz, onuň ilkinji arzuwy, baş arzuwy ene-atasynyň agzybir, maşgalalarynyň berk bolmagy baradadyr. Bu durmuş, adamyň darygan, aljyran ýeri hem bolýar. Şeýle ýagdaýda birek-birege ýüregiňdäkini aýtmaga gaýrat tapmaly. Aç-açanlygyň bolan ýerinde kynçylyk kän durmaýar. Onsoň hem, durmuşy ýasap bolmaýar, çynsözlülik köp belany sowýandyr.

Mähriban okuwçylar, siz hem geljekde ene-ata bolmaly. Bir zady ýatdan çykarmaň, dünýäde kynçylyk däl-de, ejizlik bardyr. Adamyň göwni az zatdan ynjap bilýändir, maşgala az zatdan dargap bilýändir. Dogry, maşgala adamyň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär, köp zady talap edýär. Emma bu talaby ýük däl-de, özüne bagt saýýan adamlar hakyky bagtyýarlyga ýetýändir. Aňsat ýoly gözleýän dogry ýoldan gaty aňsat daş düşüp bilýändir.

Bagt – ýadawsyz zähmetdir. Maşgala erkek kişiden hem, aýal maşgaladan hem köp zady talap edýär. «Göreris-dä, nähili bolýanyny» diýip, eliňi salganyň bilen iş bitenok. «Başa barmasa, aýrylyşaýarys» diýip, maşgala düzmek hem gaty gabahat işdir. Turuwbaşdan «Ilkim – bagtym» diýip ýapyşmasaň, sähel yraň atanda aýyl‑jaýyl bolmaga kaýyl bolsaň, guran maşgalaň derrew dargaýar. Elbetde, bu talaplaryň ählisini aňrybaş berjaý etmek adama aňsat düşmeýär. Munuň hötdesinden kemsiz gelýän hem azdyr. Durmuşda düýbünden ýalňyşmaýan, dogrudan hem, seýrek. Emma maşgala ýalňyşlary gatybir bagyşlanok. Maşgala bolmak – sungatdyr. Ony öwrenmek hem goldamak gerek, onsuz maşgala bolmaýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, 10-njy synp üçin “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top