Täsinlikler

21 Aýazbaba

Aýazbaba / Türkmenistan. Korbobo / Özbegistan. Aýaz ata / Gazagystan. Ded Moroz / Russiýa. Zýuzýa / Belarus. Krampus, Keramatly Nikolaus / Awstriýa. Towlis babua / Gruziýa. Ýultomten / Şwesiýa. Baýnahtsman / Germaniýa. Pýer Noel / Fransiýa. Sinterklass / Belgiýa we Niderlandlar. Santa Klaus / ABŞ. Aýos Wasilis / Gresiýa. Şen Dan Laojen / Hytaý. Mikulaş […]

21 Aýazbaba Giňişleýin oka »

Dünýäniň ýedi täsinligi haýsylar?

Mugallym ol günki dersde okuwçylardan «Hazirki döwürde dünýäniň ýedi täsinliginiň nämeler bolup biljekdigi» baradaky pikirlerini ýazmagy talap etdi. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýekän-ýekän kagyzda öz beýanyny tapmaga başlanda, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy. Müsüriň beýik piramidalary Täçmahal Beýik Kanýon Panama kanaly Empaýr Steýt binasy Keramatly Peter bazilkasy Hytaý diwary Emma

Dünýäniň ýedi täsinligi haýsylar? Giňişleýin oka »

Gadymy senenama

(M. Kösäýewiň «Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri» atly kitabyndan peýdalanyldy) Biri-biri bilen nätanyş ýaşuly adamlar duşuşanlarynda «Ýylyň näme?» diýip soraşýarlar. Ýyl adyny aňladýan bir jandaryň, haýwanyň adyny aýdansoň, olaryň ýaşulusy ýaşkiçiden saglyk-amanlyk soraşýar. Olar nädip biri-biriniň ýaşyny anyklaýarlar? Bu nähili senenama, onuň häzirkiden näme tapawudy bar? Ol hasaba müçe senenamasy (kalendar) diýilýär. Gadymy döwürlerde Gündogar halklarynda

Gadymy senenama Giňişleýin oka »

Küşt oýuny barada

Küşt oýuny milady IV-V asyrlarda  ilkinji gezek “Çaturanga” ady bilen Demirgazyk Hindistanda  oýnalyp başlanypdyr. Hindilerden soňra bu oýun Eýranda oýnalyp başlanýar. Musulman araplaryň Eýran topraklaryny basyp almagynyň netijesinde bolsa küşt oýuny musulman dünýäsine ýaýrapdyr. *** Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda oýnalyp, ol 20 sagatdan gowrak dowam edipdir. Oýnuň dowamynda 269 göçüm edilip,

Küşt oýuny barada Giňişleýin oka »

Bulary bilýärmisiňiz?

Ösen döwletlerde iýilmän galyp zibile atylýan çörek önümleri, geçirilen barlaglara görä dünýädäki açlykdan ölýän adamlaryň 15 essesinden köp adama ýetjek mukdardadyr. *** 2008-nji ýylda dünýä belli “Mc Donalds” tiz tagamlary taýýarlaýan kärhana “double chees” diýip atlandyrylýan burgerlerine iki dilim peýnir goýmagy bes edip, bir dilim peýnir goýmak bilen,  6 857 000 $ peýda gazandylar. ***

Bulary bilýärmisiňiz? Giňişleýin oka »

Ilkinji güneş äýnegi

Ilkinji güneş äýnekleri güneşden, gyş günlerinde bolsa gar we buz böleklerinden goranmak üçin dakynylypdyr. Şol döwürdäki äýnekleriň ýönekeýje şekili haýwanlaryň süňklerinden ýasalypdyr. Süňkleriň aralygynda kici deşijekler goýulupdyr we süňkleriň gapdal gyralaryna halka şekilli ýüpler birikdirilipdir. Halka şekilli ýüpleri gulaklaryň arkasyndan geçirilip özlerine rahat görnüşinde dakyp ugrapdyrlar. Güneş äýnegini ulanan ilkinjileriň biri rim imperatory Nerodur. Onuň

Ilkinji güneş äýnegi Giňişleýin oka »

Garynjadan hat

Hormatly öý eýeleri! Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ! Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý okuw tagtasy heki bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän

Garynjadan hat Giňişleýin oka »

Ebru – suwuň ýüzündäki surat

19-njy iýunda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda ýetip gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türk nakgaşy Kubilaý Eralp Dinçeriň we onuň şägirdi Nilüfer Mutlunyň taýýarlan ebru eserleriniň sergisi açyldy. Ebru — ýörite taýýarlanan suwuň üstüne boýaglaryň dökülmegi

Ebru – suwuň ýüzündäki surat Giňişleýin oka »

Çyndanam göz degýärmi?

Türkmenlerde köneden bäri dowam edip gelýän “göz degmek” diýen bir yrym bar. Oňa ynanmaýanlardan ynanýan has köp bolsa gerek. Ýogsam biziň il arasyndaky “Pylanyň gözi deggir bolmaly, nämä seretse alaýýar”, “Pylana göz degipdir”, “Gözüň degäýmesin, tüweleme diýeweri!” diýen ýaly sözleri häli-şindi eşidip durmazdyk. “Göz degmä” diňe bizde däl-de, eýsem ABŞ-da, Kanadada, Afrikada, Türkiýede, Eýranda, Ýewropa ýurtlarynyň

Çyndanam göz degýärmi? Giňişleýin oka »

Muny bilmek gyzykly

“Google” maglumat gözleg motoryny döredenleriň biri bolan Sergeý Brin 35 $ milýard dollarlyk baýlygy bilen dünýä baýlarynyň sanawynda 13-nji ýerde durýar. Ol şeýle baý hem bolsa adaty adamlaryň ýaşaýşy ýaly ýaşaýar. Iki otagly öýde ýaşaýar we sürýän awtoulagy bolsa onçakly gymmat bolmadyk “Toyota” kärhanasyna degişlidir. *** Wolt Disneý, Bill Geýts, Mark Zukerberg, Genry Ford, Tomas

Muny bilmek gyzykly Giňişleýin oka »

Scroll to Top