“Walt Disney” şereketi

“Walt Disney” kompaniýasy dünýädäki iň uly güýmenje toparlaryndan biridir. Bu kompaniýa doganlar Walter Elaýas we Roý Oliwer Disneý tarapyndan 1923-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda kiçi animasiýa studiýasy hökmünde döredilip, häzirki wagtda iň uly transmilli media korporasiýalarynyň biri hem-de Golliwudyň iň uly studiýalarynyň biri hökmünde tanalýar. Mundan başga-da kompaniýa 11 sany güýmenje seýilgähiniň we iki sany akwaparkyň eýesi bolup, Amerikanyň teleradioýaýlymlar kompaniýasy (ABC) ýaly birnäçe teleýaýlym we radio ýaýlym ulgamyna eýeçilik edýär. “Walt Disney” şereketiniň häzirki wagtda ýyllyk girdejisi 25 milýard dollardan geçdi.

Çeşme: zamanturkmenistan

Teswir ýaz

Scroll to Top