Nomofobiýa näme?

Nomofobiýa – bu «no mobile phone phobia» (ykjam telefonyň ýoklugyndan gorkmak) sözlerinden emele gelen täze sözleriň biri bolup, ilkinji gezek 2008-nji ýylda ulanylyp başlanýar. Ol adamlaryň telefonyndan aýrylanda alada edip ugramagyny, täze hat ýa-da bildiriş barmyka diýip zol telefonyny barlap durmagyny, telefonyny hemişe ýanynda götermäge çalyşmagyny aňladýar. Edil resmi ýagdaýda akyl taýdan näsaglyk hasaplanmasa-da, ol gündelik durmuşdaky gaýgy-aladamyzyň esasy sebäpleriniň birine öwrülip barýar. Bilermenler şeýle näsazlyga garşy göreşmek üçin telefon ulanmakdan wagtal-wagtal ýörite gaça durmagy we haçan nirede näme iş bilen meşgul bolsaň, ünsüňi şoňa jemlemegi endik edinmegi maslahat berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top