Täsinlikler

Gyzykly faktlar

Ýylda eşekler tarapyndan öldürilýän adamlaryň sany uçar heläkçiligine uçraýanlaryň sanyndan köpdür. Towugyň iň köp howada uçan wagty 13 sekuntdyr. Her adamyň özüne mahsus barmak yzynyň bolşy ýaly olaryň dilleriniň yzlary hem biri-birinden tapawutlydyr. Kebelekler tagamy aýaklary bilen dadýarlar. Adaty bal arysy 450 gram baly üýşürmek üçin 2 million güle gonmaly bolýar. Düýeguşuň gözi kellesinden uludyr. […]

Gyzykly faktlar Giňişleýin oka »

Muny bilmek gyzykly

Piramidalaryň içi tomsuna sowuk gyşyna bolsa yssy bolýar. *** Eger göz ýaşy ilki sag gözüňizden aksa begenip aglaýaňyz diýmek, çep gözüňizden aksa gynanyp aglaýaňyz diýmekdir. *** Siz näçe pikir etseňiz ediň, gören düýşüňiziň nähili başlaýandygyny ýadyňyza salyp bilmersiňiz. *** Gorkan adamyň görüjiligi has güýçli bolýar. *** Krokodiller dillerini agyzlaryndan daşyna çykaryp bilmeýärler. *** Arylar 2

Muny bilmek gyzykly Giňişleýin oka »

Bizdäki gudrat – beýnimiz!

Çagalygymda beýniniň görkana güýji bilen bir hatarda, onuň gizlinligi hem ünsümi çekýärdi. Körpe akylym bilen pikirlenerdim: «Beýni nähili işleýär? Düşünjelerimiz akylymyzda nähili aýlanýar? Zehinli kişileriň gözleri has köp yşyk saçýarmyka? Hiç hili beýnisi bolmadyk jandarlaram barmy? Bar bolsa, onda olar dünýämiziň nähili ýerdigini «pikirlenýärlerkä»?» Häzirki döwrüň çagalaryny beýni bilen baglanyşykly näme zatlaryň gyzyklandyrýandgyny bilmek isledim.

Bizdäki gudrat – beýnimiz! Giňişleýin oka »

Balyklar hakynda

1959-njy ýylda Awstraliýanyň günortasynda çeňňek bilen äpet akula tutulypdyr. Onuň agramy 1208 kilograma barabar. *** Gök kitiň çagasy haýwanat dünýäsinde iň çalt ulalýan jandarlaryň biridir. Onuň agramy 22 aý 3 hepde geçenden soňra, 26 tonna barabar bolýar. *** Ýylan balygynda 550 woltluk elektrik togy bardyr. *** Günorta Amerikanyň suwlarynda ýaprak balygy ýaşaýar. Ol balyk mele

Balyklar hakynda Giňişleýin oka »

Täsinlikler dünýäsinden bölekler

Dünýäde iň kiçi şäher Dünýäde iň kiçi şäher Horwatiýaniň çäginde ýerleşýän Hum şäheridir. Şäheriň ilaty 20 adamdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher XI asyrda Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçalygynda döreýär we şonuň netijesinde Hum şäher derejesini alýar. Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram

Täsinlikler dünýäsinden bölekler Giňişleýin oka »

Ady iň uzyn şäher

Köp şäheriň ady şol ýeriň taryhy, medeniýeti bilen bagly bolýar. Käbir şäher ady iki ýa-da üç sözden ybarat bolýar. Şäherler öz atlaryny taryhy şahsyýetlerden, duýgudan, tebigatdan, haýwanlardan, adamlaryň döreden eserlerinden we beýleki zatlardan alýar. Dünýäde iň uzyn atly şäher Tailandyň paýtagty Bangkok hasaplanýar. XV asyrda esaslandyrylan ilatly nokat 1782-nji ýylyň 21-nji aprelinden bäri tailaryň merkezi

Ady iň uzyn şäher Giňişleýin oka »

Dünýäniň iň beýik asma köprüsi

Siz bilýärsiňizmi, dünýäniň iň beýik asma köprüsi Hytaýda ýerleşýär. “Suspension Bridge” atly bu köpri dört ýarym ýylda gurlup gutaryldy. Hunan ştatynyň Dehang jülgesiniň üstünden gurlan bu köpri iki dagyň arasyndaky ýerasty geçelgeleri biri-birine birikdirýär. Köpriniň ýerden beýikligi 355 metre ýetýär. Köprüden geçenler jülgäni ýokardan synlap bilýärler. Onuň uzynlygy 1175 metre ýetýär. Gurluşygyna 2007-nji ýylda başlanan

Dünýäniň iň beýik asma köprüsi Giňişleýin oka »

Dünýäniň ýedi täsinligi

Çiçen Itza piramidasy. Bu piramida Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynda ýerleşýär. Ol Maýa halky tarapyndan gurlupdyr. Halasgär Isanyň heýkeli. Ol Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherindäki Korkawado dagynyň üstünde ýerleşýär. Beýik Hytaý diwary. Diwar Hytaý halk respublikasynda ýerleşýär. Maçu-Pikçu. Ol basgançak şekilinde gurlan öýlerden ybarat bolan daşdan şäherdir. Bu şäher Peru döwletiniň Kusko şäheriniň golaýynda And daglarynyň beýiklikleriniň birinde (2360 metr) Urbamba

Dünýäniň ýedi täsinligi Giňişleýin oka »

Scroll to Top