DÜNÝÄ ARHITEKTURASYNYŇ TÄSINLIKLERI

Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň ösmegi bilen durmuşymyz uly üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Kämil tehnologiýalar ynsan durmuşyny ýeňilleşdirýär we wagtymyzy tygşytly, oýlanyşykly ulanmaga ýardam edýär. Ylmyň ösmegi bilen köpýyllyk tejribeler esasynda kemala gelen häzirki zaman arhitekturasynyň işleri-de göreni haýran edýär. Syýahatçylyk dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär, şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns berýän ýurtlar jahankeşdeleri, syýahatçylary özüne çekmek üçin dürli işleri amala aşyrýarlar. Täsin gurluşly desgalar bu işleriň esasynda durýar.
Geliň, dünýäniň täsin desgalary we häzirki zaman arhitekturasy barada täsin maglumatlar bilen tanyş bolalyň.
1. Gadymy inkler köprüleri mukaddes bina hasaplapdyrlar.
2. Troýanyň binasy biziň eramyzyň 113-nji ýylynda rim imperatory Troýanyň Daklary ýeňmegi mynasybetli gurlupdyr. Binada 2500 adam, ýüzlerçe gaýyk, at, ulag, ýarag şekilleri ýerleşdirilipdir. Binanyň uzynlygy 38 metr bolup, içinden basgançak geçýär.
3. Amerikadaky meşhur Empire-state-building binasynyň gurluşygynda 10 million kerpiç ulanylypdyr.
4. 2011-nji ýylda Islandiýanyň Reýkýawik şäherinde «Harpa» atly ajaýyp konsertler zaly peýda boldy. Onuň çyzgysyny belli suratkeş Olafur Eliasson çyzypdyr. Gurluşyga 164 million ýewro harçlanypdyr.
5. 2010-njy ýylda döwrebap şäherleriň birin bolan Dubaýda dünýäniň iň beýik binasy peýda boldy. «Burç-Halif» adyny alan binany bilmeýän ýok bolsa gerek, ol özüniň kaşaňlygy, beýikligi bilen göreni haýran edýär. Täsin bina 162 gatdan ybarat bolup, onuň beýikligi 828 metrdir.
6. Hindistanyň Nýu Deli şäheriniň arhitektura ýadygärlikleriniň arasynda 1986-njy ýylda gurlan «Lotusyň hramy» binasy aýratyn orny eýeleýär. Местоположение: Нью Дели, Индия. Год постройки: 1986. Täsin binanyň esasy aýratynlyklaryndan biri-de onuň gapylarynyň dini ynançlaryň ählisi üçin açyklygydyr. Bina mermer bilen örtülen 27 sany ýaprakdan ybarat. Onuň daş-töweregini bagy-bossanlyk gurşap alýar.
7. Italiýanyň gadymy we döwrebap şäherleriniň biri bolan Milanda täsin binalar ýerleşýär. 2014-nji ýylda gurlan bu binalar ýerden asmana göterilen beýik agaçlary ýatladýar. Olar «Bosco Verticale» diýlip atlandyrylýar. Iki binanyň biriniň beýikligi 111 metr, beýlekisiniňki 76 metr. Olar durşuna diýen ýaly ýüzlerçe agaçlar, köpýyllyk ösümlikler bilen örtülendir. Binalarda elektrik energiýasy Gün panelleri arkaly alynýar. Ol ekologiýa taýdan iň amatly, howpsuz binadyr.

Taýýarlan Parahat RAHMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

1 thought on “DÜNÝÄ ARHITEKTURASYNYŇ TÄSINLIKLERI”

Teswir ýaz

Scroll to Top