Sazlaşykly kämilleşmegiň 3 düzüjisi

Adamyň kämilleşmegi 3 ugry öz içine alýar: fiziki, intellektual we ruhy. Özüňde kämilligiň ugurlarynyň her birini ösdürmek arkaly sazlaşyga ýetip bolýar. Siz balansirlenen ösüşde güýji, akyly we paýhasy edinýärsiňiz. Näme üçin ähli ugurlar boýunça kämilleşmelidigine düşünmek üçin olaryň her birine aýratynlykda seretmekligi teklip edýärin.

Fiziki ösüş

Adamyň öz fiziki bedeniniň üstünde işleýän prosesinde toplaýan güýjünden daşary erki hem ösýär. Erk, öz gezeginde başarjaňlygyň ähli ugurlarynda ýokary netijelere ýetmekde möhüm gural bolup durýar.

Intellektual ösüş

Akyl — maglumatyň saklanýan we gözden geçirilýän çäksiz buluty. Akylyň ähli düzüjileriniň ösüşi maddy dünýä bilen üstünlikli özara gatnaşmaga ýardam berýär. Fiziki ösüşiň üsti bilen terbiýelenýän erkiň kömegi bilen adam öwrenmäge dyrjaşmaklygy özüne endik edinmegi öwrenýär.

Ruhy ösüş

Ruhanalyk — bu esasy zat diýip bolmaz, emma ruhanalyk bolmasa adam sazlaşykly kämilleşmegiň beýleki iki möhüm düzüjilerini birleşdirip bilmezdi. Ruhanalygyň üsti bilen biz özümiziň aslynda kimdigimize akyl ýetirýäris we şuňa esaslanyp, öz akylymyzy we erkimiziň güýjüni bagtly we şowly durmuşy döretmäge ulanýarys.

Görşüňiz ýaly, durmuşda üstünlik gazanmak üçin fiziki, intellektual we ruhy taýdan ösen bolmak gerek. Olaryň birinden ösmek gowy, emma bu ugurlaryň bilelikdäki güýji ägirt uly netijelere ýetmäge kömek edýär. Kämilleşmegiň her bir ugruna şol bir mukdarda wagt aýyrjak boluň. Şonda siziň durmuşyňyz gün-günden täze görnüşe eýe bolar.

Şirin BAÝLAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswir ýaz

Scroll to Top