«Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor…» — Aşyr Sapar

Özüňi bagtly saý bir ajap pursat
Sen begenip bilseň adaty zada…
G. Ezizow

Sözüme şeýleräk bir degişme bilen başlasym gelýär: Ähli zadyň gowy tarapyny görmegi başarýan adam basgançakdan ýykylypdyr. Turup üsti-başyny kakyşdyryp, «Bäh! Ýaman bahym düşdim-aý!» diýen bolýa diýýär…
Ähli zadyň gowy tarapyny görüp bilýän adama «Optimist» diýilýär. Ýöne men şeýle adamlara optimist däl-de, bagtly diýesim gelýär… Sebäbi olar ähli zadyň gowy tarapyny görüp ýörensoň, durmuşlaram tutuşlygyna gowy ýaly bolup dur… Ýa daşyndan görnüşi ýaly dälmikä? «Olaryňam kösenýän ýeri az däldir» diýýäňizmi? Elbetde! Her kimiň durmuşynyň kynçylygam, ýeňilligem özüne ýetigi bar.
Bir dostum gürrüň berýär: Bir gezek işden boşamaly wagtyndan giç boşapdym. Öýe çenli ýoluň bir ýarym sagatdan gowurakdygynam özüň bilýäň. Duralga barsam ýekeje-de ýeňil maşyn ýok. Aňyrda kiçiräk ýolagçy gatnadýan ulag dur. Begenip baryp mündüm. Oňam sürüjüsi ýaşuly adam eken-de, ýu-uwaşja sürüp barýa diýmäýin diýsem. Meňem içimi it ýyrtýar. Öýde etmeli işlem garaşyp dur. Sagadam 10 bolup geçdi… Aý garaz 11-denem soň ýetdik oba.
Öýe tarap ýöräp barýarkam kelläme pikirler çozup başlady: «Öýe gijä galyp barýaň. Ýöne bu gün mundanam gijä galyp bilerdiň. O nädip? Eger duralgada şojagaz ulag ýok bolan bolsa, eliňden geljek zada ýok. Ep-esli ýere ýöräp gidip ýoldaky maşynlary saklardyň. Şeýdip häzirkiňdenem birki sagat giç gelerdiň… Onda giç geldim diýip zeýrenmäň näme… Aslynda ir geldiň ahyry…»
Soňra üsti-başyma seretdim. Hemme zat abat. Edil gaýdanymdaky ýaly bolmasa-da, gül ýaly. «Aslynda öýüňe barmanam bilerdiň… O nädip? Eger ýolda maşyn döwülen bolsady, sürüji bejerip bilmän: Bu ýerde galmaly bolduk, diýse-de edip biljek zadyň ýok. Aý, bolsa bolar duruberer. Senden sorap durmy boljak zat. Ýa-da bolmasa heläkçilige uçrasaň… (Hudaý saklawersin!) Ýene-de eliňden geljek zat ýok… Bäh! Onda näme üçin biderek zada gaharyňy getirip dursuň?!»
Aý, ondaň şeýdip, keýpimiň nähili gowlananynam duýmandyryn…
Onuň bu gürrüňi maňa çuňňur täsir etdi. Eger hemme ýagdaýda-da şeýle pikir edip bilsek… Iň bolmanda şeýle pikiriň özi gelse…
Öňem biri bazardan 4 kilogram alma satyn alypdyr welin, öýe gelende 2 kilogramy kem çykypdyr. Ol adam: «Eý Alla jan, edeniňe şükür. Eger 2 kile alma alan bolsam, öýe boş geljek ekenim…» diýip içini gepledipdir.
Men bu adamy, kellesine güýçli urgy degip, onuň agyrysyny duýmaýan adama meňzedýän… Aslynda, biziň hemmämizem urgydan däl-de, onuň agyrysyndan gorkýarys ahyry…
Biz ― adam. Hemme zadyň iň gowusyny isleýäris. Bu tebigy zat. Ýöne ýatdan çykarmalyň: Bize elmydama, özümiz üçin iň gowusy berilýändir.
Biz ― adam. Iň gowusyny edesimiziň gelýäni hem tebigy zat. Ýöne iň gowusyny hiç wagt edip bilmeris… Çünki iň gowusyny eden wagtymyz, ondanam gowusyny edesimiz geler. (Kämilligiň çägi ýok ahyry!) Magtymguly Myşşyýewiň aýdyşy ýaly, «Adamyň dokuzy düzüw bolanda, doýma ýok, ýene-de onunjy gerek…»

Aşyr SAPAR

Teswir ýaz

Scroll to Top