Nyrhlaryň görnüşleri

Nyrhlaryň görnüşleri özara baglanyşykly we biri-birleriniň üstüni ýetirýän nyrhlaryň ulgamydyr. Olar birnäçe alamatlar boýunça toparlara bölünýär. Haryt aýlanyşygy ýaýrawyna baglylykda nyrhlar lomaý, satyn alyş we bölek satuw nyrhlaryna bölünýär. Lomaý nyrhlar boýunça senagat önümleri we hyzmatlar senagat pudaklarynyň arasynda, şonuň ýaly-da senagat bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň arasynda ýerleşdirilýär. Lomaý nyrhlar, öz gezeginde, kärhananyň lomaý nyrhlaryna […]

Nyrhlaryň görnüşleri Giňişleýin oka »

Çagany gulp astynda saklamak

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň esasy wezipeleriniň biri olara gözegçilik etmekdir, göz-gulak bolmakdyr. Muňa olaryň hersi birhili düşünýär. Käbiri çagalaryny çakdan aşa gowy görüp, jaýdan, howludan daş çykarman, gorap, aýap saklasaň gowy bolýar diýip pikir edýär. Çagalarynyň her bir hereketini yzarlap, gözden salmazlyga çalyşýarlar. Netijede olaryň erkini, örüsini çäklendirýärler. Beýle garaýyş ýalňyşdyr. Çagany durmuşdan üzňe, dar galypda

Çagany gulp astynda saklamak Giňişleýin oka »

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy

Berlindäki gozgalaň. 1847-nji ýylyň ykdysady çökgünligi edil Fransiýada bolşy ýaly, Germaniýada-da işsizlige we iş hakynyň kemeldilmegine getirdi, öňki ýyllardaky hasylsyzlyk bolsa azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şol ýylyň ýazynda aç märeke çörek we gök önümler dükanlaryny talaýardylar, çörekleri we kartoşkany zorluk bilen alýardylar, korollyk mülki bolan şazada Wilgelmiň köşgüniň aýnalaryny kül-owram etdiler. Germaniýanyň günorta-günbatarynda

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy Giňişleýin oka »

Söz we goşulmalar barada düşünje

Türkmen dilinde many aňladýan ýa-da özbaşdak many aňlatmaýan, köplenç, bellibir sesleriň ýygyndysyna söz diýilýär. Meselem: çörek, suw, dag, oba, Watan… Türkmen dilinde sözleriň soňuna goşulýan, ol sözlerden täze manyly söz ýasaýan ýa-da sözüň manysyna öwüşgin berýän, sözlemde sözleri biri-birine baglanyşdyrýan, özbaşdak ulanylmaýan böleklere goşulmalar diýilýär. Meselem: göz-le-g, al-maly, oba-myz-da… Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy

Söz we goşulmalar barada düşünje Giňişleýin oka »

GYBAT

Duzly dili we adamkärçilikden binesipligi bilen meşhur bolan bir kişini gybat edip, ýalan gep-gürrüňleri ýaýmakda günäkärläp, kazynyň huzuryna getiripdirler. — Men oýun etdim, ol gürrüňlerem ýöne degişmek üçin aýdaýdym. Meň gepimi başga tarapa çekip, ýalňyş düşündiler. Meniň hiç-hili günäm ýok, kazym — diýip, ol özüni aklamaga başlapdyr. Ýöne ýalan töhmete duçar bolan kişi: — Oýunmyş.

GYBAT Giňişleýin oka »

Günorta Afrika sebiti. Günorta Afrika Respublikasy

Bu sebit Afrikanyň günortasynda ýerleşip, 2674,4 müň km2 meýdany tutýar. Onuň çäginde 5 döwlet-Botstwana, Lesoto, Namibiýa,Swazilend, Günorta Afrika Respublikasy ýerleşýär. Sebitiň umumy ilaty 2011-nji ýylyň maglumatlaryna görä 54 mln. (häzirki wagtda çaklamalara görä 59 mln) adama barabar. Ilat 2 dil toparyna – khaýsan we Bantu toparyna bölünýär. Olaryň çäginde köp sanly ýerli diller we şiweler

Günorta Afrika sebiti. Günorta Afrika Respublikasy Giňişleýin oka »

ON DOKUZYNJA BAPDA

Töremyrat mugallymyň açlyk yglan edip, oraza tutuşy, Wellegiň milisioner bolup, ýaňagy tyg yzly adama ökje götertdirişi, Jenniniň Dürje enemiziň topbusyna hyrydar çykyp, Jonniniň çägeden gyzyl gözleýşi.   Töremyrat mugallymyň öňümizdäki dynç alyş gününe gabatlap, Aşgabatdaky geçiriljek uly futbol ýaryşyna tomaşa etmäge gitjek bolmasy Annak ikimiziň kalbymyza gozgalaň saldy. Biziň hem boljak şol ýaryşy göresimiz geldi.

ON DOKUZYNJA BAPDA Giňişleýin oka »

Türkmenleriň sefewiler döwleti

XVI asyryň başynda, Sefewiler döwleti ady bilen taryha giren döwleti Ysmaýyl I (1502-1524) esaslandyryar. O1 1499-njy ýylda  sefewileriň başyna geçýär. Sefewiler Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň şalary bilen garyndaşlyk açypdyrlar. Jüneyit akgoýunly patyşasy Uzyn Hasanyň uýasyna, onuň ogly Haýdar bolsa Uzyn Hasanyň gyzy Älem şa hatyna (onuň ikinji ady Halyma bike) öýlenipdir. Ondan hem Ysmaýyl I dünya

Türkmenleriň sefewiler döwleti Giňişleýin oka »

Refleks we reflektor ýaýy (dugasy)

Daşky gurşawyň dürli gyjyndyrmalaryna merkezi nerw ulgamynyň gatnaşmagynda bedeniň jogap bermek häsiýetine refleks (pitewa) diýilýär. Nerw ulgamynda duýujy reseptorlarynda başlanan oýanyşyň we bedeniň jogap täsirleşmesiniň geçýän ýoluna reflektor ýaýy diýilýär. Reflektor ýaýy reseptorlardan, olardan gaýdýan duýujy (merkeze ymtylýan) nerwlerden merkezi nerw ulgamynyň belli bir böleginden (goşmaça nerw öýjüklerden), ýerine ýetiriji (merkezden daşlaşýan) nerwlerden we işjeň

Refleks we reflektor ýaýy (dugasy) Giňişleýin oka »

Scroll to Top