Goşulmalar, olaryň görnüşleri

Goşulmalar ýerine ýetirýän hyzmaty taýyndan aşakdaky toparlara bölünýärler:

  1. Söz ýasaýjy goşulmalar.
  2. Şekil ýasaýjy goşulmalar.
  3. Söz üýtgediji goşulmalar.

Söz ýasaýjy goşulmalar goşulan sözünden täze manyly söz ýasaýarlar: söz+lük, el+lik, mal+dar, suw+çy, dur+alga, ädik+çi.

Şekil ýasaýjy goşulmalar sözüň asyl manysyna nähilidir bir öwüşgin berýärler. Bu ýasaýjy goşulmalar atlarda, sypatlarda, hallarda, işliklerde bolýar: oglan+jyk, gyz+jagaz; ag+ymtyl, ag+rak; ir+rak, tiz+räk; ýygna+ş, gaz+dyr, gel+meli, git+mekçi.

Söz üýtgediji goşulmalar sözlemdäki sözleri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu goşulmalara ýöňkeme, düşüm, köplük san, zaman goşulmalary degişlidir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top