Nýutonyň ikinji kanunyna degişli meseleleri çözmegiň algoritmi

Nýutonyň 2-nji kanunyna degişli meseleleri çözmegiň algoritmi:

1) Meseläniň gysgaça şertini ýazmaly.

2) Çyzgy çyzmaly.

Çyzgyda şu aşakdakylary görkezmeli:

  • meselä degişli ähli jisimleri;
  • olaryň hersine täsir edýän güýçleriň hemmesini (bellik: güýçleriň ugrukdyrylan taraplaryny dogry görkeziň);
  • her bir jisimiň tizlenmesini (bellik: tizlenmeleriň ugrukdyrylan tarapyny dogry görkeziň);
  • meseläniň şertine görä özüňize amatly bolan koordinata oklaryny.

3) Jisimleriň hersi üçin Nýutonyň 2-nji kanunyny wektor görnüşinde ýazmaly.

4) Olary koordinata oklaryna proýektirlemeli.

5) Alnan deňlemeler sistemasyny çözmeli.

 

Taýýarlan

atda atly ulanyjymyz

Teswir ýaz

Scroll to Top