Hýugge näme?

Hýugge – bu özüňi asuda we bagtly duýmagyňa mümkinçilik berýän zatlary etmekdir.

Göz öňüňize getiriň: Siz gyşyň güni öýüňiziň iň rahat ýerinde aýagyňyz ýüň joraply, eliňiz çaýly otyrsyňyz. Myhmançylyga gelen dostlaryňyz bilen nähilidir bir oýna gümra bolşup, gyzykly wagt geçirýärsiňiz. Penjireden seretseňiz, daşarda gar ýagýar. Siz bolsa edil şu pursatdan lezzet alýarsyňyz. Ynha, dünýäniň iň bagtyýar adamlary hasaplanýan datlar, ýagny daniýalylar bu ýagdaýa «Hygge» diýýärler.

«Hygge» sözi «gujaklamak» diýen manyny aňladýan «hug» norweg sözünden gelip çykyp, «özüňi gowy duýmak» diýmegi aňladýar. Ol dat dilinde işlik, sypat we at görnüşinde ulanylýar. Bu sözi türkmen dilinde «hýugg diýip, alynma söz hökmünde ulanmak bolar.

Daniýalylaryň 85%-i hýuggäni şemler bilen baglanyşdyrýarlar. Ýogsa-da, datlar şemi ýewropalylardan has köp ulanýarlar.

Hýugge nahara, öý tagamlaryna, süýjülige, tagamlaryň taýýarlanyşynyň maşgala usulyna, aşhanadan gelýän ysa we dostlaryň bilen bilelikde günortanlyk naharyny edinmeklige bolan ýakymly garaýşy hem öz içine alýar. Bularyň ählisi «hýuggelig» diýlip atlandyrylýar.

Gündelik durmuşymyzda-da «hýuggelig» köpräk bolmalymyka diýýärin. Kiçijik ýakymly zatlardan lezzet almagy, şu wagtky ýagdaýyňa kaýyl bolmagy, her gün özümize we öz ýakynlarymyza iň bolmanda azajyk üns bilen, ideg bilen şatlyk paýlamagy başarmaly. Maşgalaňa, ýakynlaryňa, dostlaryňa, hatda işdeşleriň üçinem rahatlyk döretmeli, sebäbi hýugge ähli ýerde mümkin.

Ýogsa-da siz bularyň ählisini adaty, hemmeleriň bilýän zady hasap edýän bolmagyňyzam mümkin. Emma «ruhubelentlik» paýlamagy hemişe ýadyňda saklap, özüňi elmydama şoňa taýýar duýmak we şeýle niýet bilen herekete geçmek düýbünden başga zat.

Rahatlyk, asudalyk, ruhubelentlik meniň üçin örän möhüm. Eger şolar bar bolsa, durmuş has ýakymly, has ýyly bolýar. Hýugge meniň üçin şapak, Günüň dogşy, tebigatyň ajap keşbi, guşlaryň jürküldisi, maşgala bolup naharlanmak, ýakynlaryň hal-ýagdaýyny soramak, güllere ideg etmek, aýdyma hiňlenmek, tagam taýýarlamak, süýjüläp çaý içmek, gündelik edýän işlerimiň ählisi, hemmejesi.

Goý, siziňem durmuşyňyzda hýugge köp bolsun!

Taýýarlan Şirin Baýlarowa

Teswir ýaz

Scroll to Top