Demirgazyk Afrika. Müsür

Geografik ýerleşişi. Demirgazyk Afrika sebiti gündogarda Gyzyl deňzinden günbatarda Atlantik okeanyna çenli 5,7 müň km we demirgazykda Ortaýer deňzinden günortada Sahara çölleriniň giň meýdanlaryna çenli 2 müň km uzalyp gidýän giňişligi öz içine alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ulaglaryň we aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleri uly ösüşe eýe boldy. Ýaňy-ýakynda Alžiriň territoriýasynyň üsti bilen transsahara awtomagistraly Afrika kontinentiniň içerki bölegine çekildi. Deňiz ulagy üçin Gibraltar bogazynyň we Sues kanalynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Sebit Afrikanyň Ortaýer deňzine ýanaşýan umumy meýdany 7 mln. km2 bolan (Afrikanyň meýdanynyň ¼ bölegi) 7 döwletini birleşdirýär (geografiki we syýasy karata serediň). Üç kontinentiň çatrygyndaky amatly geografik ýerleşişi, deňze çykalgasynyň bolmagy, olaryň halkara söwdasynda möhüm ornunyň bolmagyna getirýär. Subtropiki klimatly ortaýerdeňiz zolagy sebitiň has gowy özleşdirilen bölegidir. Ortaýerdeňiz zolagyndan günortalygyna çöller we ýarymçöller (olara Sahara umumy ady berilýär) uzalyp gidýär. Has uly dag massiwleri onuň merkezi böleginde ýerleşyär. Territoriýanyň esasy böleginde gurakçylyklar zerarly tebigy şertler gazaplydyr. Şonuň üçin-de, bu ýerde suw üpjünçiligi örän ýiti durmuş meselesine öwrülýär. Sebitiň ýeke täk tebigy akary – Nil derýasydyr. Nil – demirgazyk Afrikanyň halklary üçin örän uly ähmiýete eýedir. Ekwatorial Afrikadan başlap, ol Sudany we Müsüri kesip geçýär we Ortaýer deňzine guýýan ýerinde gadymy medeni-durmuş ojagyny döreden belli deltany emele getirýär. Süýji suw üpjünçilik meselesi ýerasty çeşmeleriň we deňiz suwuny süýjetmegiň hasabyna çözülýär.

Gazylyp alynýan baýlyklary. Gadymy döwürlerde çölde duz gazylyp alnypdyr, daş kömriň, demir magdanynyň, misiň, sinkiň, wolframyň, seýrek metallaryň, uranyň, fosforitleriň ýataklary işlenilipdir. Ỳöne ülkäniň tebigatynyň keşbini soňky ýyllarda açylan nebit we gaz ýataklary üýtgetdi. Çig mal baýlyklary örän biendyganýerleşýär. Nebitiň uly gorlary Liwiýada we Alžirde jemlenendir. Tebigy gaz – Alžirde, fosforitler Marokkoda, Tunisde gazylyp alynýar. Sahara çöli ýerasty suwlaryň uly gorlaryna baýdyr.

Ilaty. Sebitiň ilatynyň umumy sany 202 mln. adam. Onuň ortaça ýyllyk ösüş depgini kem-kemden peselýär (häzir 2,0%-e golaýdyr). Demirgazyk Afrika, esasan, Ỳewropa jynsyna degişli halklardan durýar. Nil derýasynyň jülgesinde ir döwürlerden bäri ýerli ýaşaýjylar-Müsürliler, galan etraplarda bolsa berberiler ýaşapdyrlar. Häzirki wagtda sebitiň ilatynyň esasy bölegi-araplardyr, berberiler hem saklanyp galypdyr. Şäherlerde ilatyň 2/3 bölegi (Sudandan başga) ýaşaýar. Ähli ýurtlarda döwlet dili arap dilidir. Ilatyň aglaba bölegi yslam dininiň sünni ugruna uýýarlar.

Hojalygy. Sebitiň ähli ýurtlarynyň hojalygynda öňdebaryjy orun döwlet sektoryna degişlidir. Hünärmentçilikde we oba hojalygynda häzir hem ownuk telekeçiligiň orny ulydyr. Sebitiň ýurtlary Afrikada beýleki döwletlere garanda, ykdysady taýdan has ösenligi we halkara zähmet bölünişigine işjeň çekilenligi bilen tapawutlanýar.  Esasy oba hojalyk ekinleri-bugdaý, arpa, mekgejöwen, pagta, zeýtun, üzüm, sitruslar, oazislerde bolsa-hurma agajy we gant çiňrigi, temmäkidir. Maldarçylykda dowardarçylyk we düýedarçylyk ösendir. Gylýalçylyk hem aýratyn ähmiýete eýedir. Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýetiň ýetmezçilik tarapy, olaryň esasan, agrar ýurt bolmaklaryna garamazdan, çylşyrymly azyk üpjünlik meselesiniň döreýänligidir. Köplenç olar şäher ilatyny üpjün etmek üçin azyk önümlerini daşyndan getirmäge mejbur bolýarlar.

Senagat merkezleri esasan deňiz kenar sebitlerinde ýerleşýärler. Senagatyň düzüminde gazyp alýan pudaklar agdyklyk ediji orny eýeleýär. Olaryň döremegi dürli çig mal ýataklaryny özleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Işläp bejerýän senagatyň düzüminde öňdebaryjy orun ýeňil we azyk senagatyna degişlidir. Soňky ýyllarda metallurgiýa, maşyngurluşygy, himiýa ýaly pudaklaryň ähmiýetiniň artmak meýli görünýär.

Zähmetiň halkara bölünişiginde Demirgazyk Afrika nebiti, tebigy gazy, fosforitleri, ýokary hilli pagtany we ondan öndürilýän önümleri, sitruslary, zeýtuny, çakyr önümlerini, temmäkini dünýä bazaryna çykaryjylar hökmünde öz ornuny eýeleýär. Eksport önümleri esasan Günbatar Ýewropa ýurtlaryna ugradylýar, Demirgazyk Amerika we Ýaponiýa bilen hem ykdysady gatnaşyklar işjeňleşýär.

Müsür. Müsür Arap Respublikasy Afrikanyň demirgazyk-gündogarynda 1001 müň km2 meýdany eýeleýär. Meýdanynyň esasy bölegini (Nil derýasynyň jülgesinden başga) çöllükler we beýik bolmadyk daglar tutýar. Müsüriň ilaty 102 mln adam bolup (2020-nji ýylyň hasabaty), esasan Nil derýasynyň jülgesinde we Sues kanalynyň kenarlary boýunça ýerleşýär. Ýurduň paýtagty – Kair. Ýurduň ilatynyň milli düzüminde araplar we koptlar esasy köplügi emele getirýärler. Milli azlyk bolan halklardan nubileri we berberleri tapawutlandyrmak bolar.

Ilatyň tebigy köpelişi kem-kemden durgunlaşýar. Soňky döwürde ilatyň sany her ýylda ortaça 1,9% artýar. Ýurduň daşynda zähmet çekýän Müsürlileriň sany 3 mln-dan geçýär, olar esasan nebit çykarýan arap döwletlerinde jemlenendir. Ýurduň ilatynyň ählisi diýen ýaly yslam dininiň sünni ugruna uýýar.

Ýurduň uly şäherleri: Kair (15 mln adam), Aleksandriýa (5 mln adam), Port-Said, Sues. Müsür döwlet gurluşy boýunça respublikadyr. Dolandyryş-çäk taýdan 25 gubernatorlyga (muhafazlara) bölünýär.  Müsür Afrika materiginde ösen agrar-senagatly ýurtlaryň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ykdysadyýetde senagatyň ähmiýeti artýar. Ýurduň gazylyp alynýan baýlyklaryň dürli görnüşleriniň uly gorlary bardyr. Daş kömür, wolfram, altyn, mis, demir, titan we margenes magdanlary, slýuda, talk, ftor, bor, hlor, fosforitler, dürli görnüşli gurluşyk materiallary ýurduň çägi boýunça giňden ýaýrandyr. Nebit känleri Sues kanalynyň iki tarapynda hem bar. Olaryň gory 400 mln tonna golaý bolup, her ýylda 40 mln. nebit çykarylýar. Tebigy gazyň gorlary uly däldir (680 mlrd m3) we kem-kemden azalýar. Şonuň üçin-de Ŷegipet çig maly we ýangyjy daşyndan getirýän ýurda öwrülýär.

Energetika esasan ýylylyk elektrik stansiýalaryna esaslanýar. Öndürilýän elektrik energiýasynyň 80%-i olaryň paýyna düşýär. Işläp bejerýän senagatda azyk, ýeňil, himiýa, maşyn gurluşygy, metallurgiýa esasy pudaklardyr. Ŷegipetde polat, alýuminiý, azot we fosfat dökünleri, sement uly möçberde öndürilýär. Maşyn gurluşygy pudagy ýeňil we ýük awtomobillerini ýygnamaga, elektrotehniki önümleri öndürmäge ýöriteleşýär. Parfýumeriýa-kosmetika iň häzirkizaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan pudak bolup, ýerli çig-mala (efir ýagyna) esaslanýar.

Irki döwürlerden bäri oba hojalygy esasy pudak bolmagyna galýär. Işläp bejermek üçin amatly ýerleriň umumy meýdany ýurduň territoriýasynyň bary-ýogy 1%-ni tutýar. Oba hojalygynyň ösüş bady ilatyň köpelişi bilen deň derejededir. Şeýle-de bolsa, Azyk meselesini çözmek, köplenç daşyndan getirmegiň hasabyna üpjün edilýär. Oba hojalygynyň baş pudagy – suwarymly ekerançylykdyr (oba hojalyk önüminiň 71%-i üpjün edýär). Maldarçylygyň paýyna ähli önümiň 22%-i, balykçylyga bolsa 7%-i düşýär. Esasy oba hojalyk ekinleri: gowaça, bugdaý, mekgejöwen, şaly, gök önümler. Şeýle hem şeker çiňrigi, kösükli ekinler, sitruslar, üzüm, alma ýetişdirilýär.

Ýurduň çägi boýunça köp sanly halkara ulag ýollary geçýär. Halkara ähmiýetli ýükleriň esasy bölegi Aleksandriýa, Sues, Port-Said gämi duralgalarynyň üstünden geçýär. Ýurduň hojalygy üçin uly ähmiýeti bar. Sues kanalyndan peýdalanmakdan Müsür ýylda 2 mlrd dollara golaý peýda görýär. Ýurduň ykdysadyýetinde uly girdeji getirýän halkara syýahatçylygy ýöriteleşiş pudaga öwrüldi. Her ýylda ýurda 5,5 mln syýahatçy gelýär. Syýahatçylyk pudagynda Müsürlileriň 1,5 mln-a golaýy meşgullanýar. Müsüriň esasy söwda hyzmatdaşlary Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, ABŞ we Arap ýurtlarydyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top