Afrikanyň syýasy kartasy. Tebigy baýlyklary we ilaty

Afrika häzirki zaman dünýäsinde. Afrika – bu Ýer şarynyň gury ýeriniň 1/5 bölegini tutýan, ilatynyň umumy sany 870 mln. adam bolan, 54 döwletiň ýerleşýän uly dünýä bölegidir. Köp alymlaryň pikirine görä, hut şu materik adamzadyň ilkinji ýüze çykan ýeri bolupdyr. Dünýäniň beýleki sebitleri ýaly, bu ýerde hem adamzat jemgyýetiniň ösüşine öz goşandyny goşan gadymy medeni-durmuş ojaklary (siwilizasiýalary) bolupdyr.

Ýaňy ýakynda hem Afrikanyň syýasy kartasynda Angliýa, Fransiýa, Belgiýa, Portugaliýa, Ispaniýa, Italiýa ýaly ýurtlara degişli ozalky kolonial mülkler agdyklyk edýärdi. 1990-njy ýylda Afrika kontinentindäki iň soňky koloniýa – Namibiýa özbaşdak döwlet boldy. Häzirki wagtda Afrika (GAR-dan başgasy) dünýä hojalygynyň iň yza galak bölegi, onuň çet künjegidir. Bu diňe bir kolonial geçmişiň netijesi bolman, eýsem olaryň ykdysadyýetiniň taryhy taýdan has giç ösüp başlanlygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Afkika ilatynyň sowatlylyk derejesi boýunça dünýäde iň soňky orny eýeleýär. Bu ýerde iň ýokary çaga ölümi we ömrüň dowamlylygynyň iň pes derejesi saklanýar. Sebitiň ilatynyň 70%-e golaýy häzir hem garyplyk çäginden pes derejede ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Afrika ýurtlary yzagalaklygy eňip geçmek babatda uly işleri amala aşyrdylar. Has takygy, tebigy baýlyklary peýdalanmakda milli gözegçilik üpjün edildi, käbir ýurtlarda progressiw, agrar özgertmeler geçirildi. Ilkinji milli hünärmenler taýýarlanyldy, onlarça senagat kärhanalary guruldy, ykdysady ösüşiň umumy bady bir-az ýokarlandy. Emma Afrika ýurtlaryny ykdysady taýdan ösen döwletlerden tapawutlandyrýan çäk entek azalmaýar. Ýaş döwletler häzir hem maddy we maliýe serişdelere ýiti mätäçlik çekýärler hem-de daşary yurt maýa goýumlaryny has giň möçberlerde özlerine çekmäge mejbur bolýarlar.

Tebigy baýlyklary. Afrika tebigy baýlyklara, esasan-da mineral baýlyklara eýedir. Häzirki wagtda Afrikanyň gazylyp alynýan baýlyklarynyň kartasy has hem “baýlaşdy” we gelip çykyşy dürli bolan mineral çig malyň uly gorlarynyň bardygyny subut edýän şertli belgileriň çylşyrymly baglanşygyny görkezýär. Demirgazyk we günbatar Afrikadaky (Liwiýa, Aljir, Nigeriýa) nebit we tebigy gaz känleri, günbatar, demirgazyk we ekwatorail Afrikadaky demir (Liberiýa, Mawritaniýa, Gwineýa, Gabon), marganes we uran magdanlary (Gabon we Niger), boksitler (Gwineýa, Kamerun) we mineral çig mallaryň beýleki görnüşleriniň känleri diňe II jahan uruşundan soňky ýyllarda peýdalanyp başlanyldy. Ýöne mis we polimetallary gazyp almak boýunça köne dag-magdan senagat etraby (Zair, Zambiýa) öz ähmiýetini ýitirmedi. Kontinentiň ýurtlary şol gazylyp alynýan baýlyklaryň ähli görnüşlerini, şeýle hem almazy, altyny, platinany, hromy, kobalty, fosfatlary dünýä bazaryna esasy çykaryjylar bolup durýar.

Afrikada tebigy baýlyklar bilen bir hatarda suw hem köpdür. Sebitiň çäginde dünýäniň iň uly derýalarynyň we kölleriniň birnäçesi ýerleşýär. Ýöne Nilden başga uly derýalary – Kongo, Niger, Zambezi we başgalary çygly tropiki etraplar boýunça akýarlar. Eger-de Afrikanyň Ýer şarynyň iň yssy materigidigini, onuň meýdanynyň ýarysyndan gowragyny çölleriň we ýarymçölleriň tutýandygyny hasap etseň, ýerasty suwlaryň örän uly ähmiýetiniň bolmagyna düşünmek kyn däl. Tropiki tokaýlar sebitiň meýdanynyň 1/10 bölegini örtýär. Uzak döwrüň dowamynda adam tarapyndan wagşyçylyk bilen peýdalanylmagy netijesinde olaryň meýdany görnetin azaldy. Häzirki wagtda tokaýlar diňe birnäçe döwletlerde (Gabon, Zair, Kongo) öz hojalyk ähmiýetini saklaýar.

Afrikanyň tropiki we subtropiki zolalarynyň topraklary örän özboluşlydyr. Olaryň käbirleriniň (gyzyl, goňur, sary topraklar) hasyllylygy ýokarydyr, ýöne agrotehnikanyň düzgünleri bozulan mahalynda çalt zaýalanýar. Umuman, kontinentiň tebigy baýlyklary hojalygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýän–de bolsa, aýry-aýry ýurtlaryň baýlyk üpjünçiliginde we tebigy şertlerinde uly tapawutlar bar. Afrikanyň meýdanynyň uly böleginde çölleşme hadysasy, tokaýlaryň çapylmagy, topraklaryň üstki böleginiň ýuwulmagy zerarly ýüze çykýan howsalaly ekologiki ýagdaýlar hem saklanýar.

Ilaty. Milli düzüminiň dürliligi boýunça Afrika diňe Aziýadan yza galýar. Sebitde 200-den gowrak halklar ýaşaýar. Olaryň arasynda iň ululary-demirgazyk Afrikada araplar, günbatar Afrikada ýoruba, hausa, fulbe, ibo, Efiopiýada amharlar we ş.m. halklar ýaşaýar. Afrikadaky dilleriň köpdürliligi haýran galdyrýar, olaryň sany halklara garaňda birnäçe esse köpdür. Şonuň üçin-de sebitde (esasan-da tropiki Afrikada) köpmilletli döwletleriň agdyklyk edýänligi tötänden däldir. Afrikanyň ilatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-onuň sanynyň çalt artýanlygydyr. Ilatyň tebigy köpelişiniň bady boýunça Afrika dünýäniň beýleki sebitlerinden has öňdedir.

Ýer şarynyň ilatynyň 15%-i Afrikada ýaşaýar, onuň paýy bolsa kem-kemden ýokarlanýar. Diňe 1900-njy ýyldan 2008-nji ýyla çenli döwürde (bir asyryň dowamynda) materigiň ilaty 130 mln. adamdan-870 mln-a çenli artdy. Ortaça her ýylda ilatyň sany 2,2% köpelýär. Sebitiň ýurtlaryna häsiýetli bolan ilatyň tebigy köpelişiniň ýokary derejesi bilen baglanyşykly “demografiki partlaýyş” hadysasy, azyk üpjünlik we beýleki durmuşy häsiýetdäki meseleleri ýetileşdirýär.

Tebigy köpelişiň derejesiniň ýokary bolmagy sebitiň ilatynyň umumy düzüminde çagalaryň we ýetginjekleriň paýynyň has uly bolmagyna (ähli ilatyň 44,0 %-i 15 ýaşa çenli) getirýär. Şonuň üçin-de zähmet baýlyklaryň düzüminde ýaşlar agdyklyk edýär. Olaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesi pesdir. Ykdysadyýetiniň yza galaklygy we agrar häsiýeti zähmete ukyply ilatyň 2/3 böleginiň oba hojalyk önümçiliginde meşgullanmagyna getirýär.

Afrikada ilatyň ortaça gürlügi 1 km2 meýdana 25 adam düşýär. Sahara we beýleki çöllerde, tropiki tokaýlar zonasynda ilat has seýrek ýaýrandyr. Kenarýaka düzlüklerde, derýä jülgelerinde ilatyň gürlügi has ýokary bolup, köplenç 1 km2-da 500 – 1000 adama ýetýär. Afrika şäher ilatynyň paýy boýunça dünýäniň beýleki sebitlerinden has yza galýar. Häzirki wagtda şäherlerde ilatyň 39% ýaşaýar. Demirgazyk Afrikada şäher ilatynyň paýy beýleki sebitlere garaňda ýokarydyr. Ýöne şäherleşme hadysasynyň (urbanizasiýanyň) ösüş derejesi boýunça Afrika dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top