Afrika ýurtlaryň hojalygy

Afrika ýurtlaryna, häzirlikçe, öz ykdysadyýetiniň kolonial geçmişde dörän pudaklaýyn we territorial gurluşyny üzül-kesil üýtgetmek başartmaýar. Hojalygyň düzüminde oba hojalygy we dag-magdan senagaty agdyklyk edýär. Şol bir wagtda bolsa, köp döwletlerde işläp bejerýän senagaty ýaňy döreýiş çäginde durýar. Hojalygyň geografiýasy üçin az sanly ösen meýdan-çäkleri (paýtagt etraplary, şeýle hem mineral çig-malyň gazylyp alynýan etraplary, deňiz gämi duralgalary) we yzagalak etraplar häsiýetlidir. Afrika ýurtlarynda maddy önümçiligiň esasy ugry – oba hojalygydyr. Ýurtlaryň käbirlerinde (Çad, Mali, Ruanda we Merkezi Afrika Respublikasy) bu pudakda ilatyň 90%-e golaýy meşgullanýar. Ykdysadyýetiň bu pudagy önümçiligi guramagyň yzagalak, köne usullary bilen alnyp barylýar. Şonuň üçin-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllygy, mallaryň önümliligi ýaly görkezijiler haýal artýar. Olar sarp ediliş (natural) oba hojalygynda has hem pesdir.

Afrika ýurtlarynyň oba hojalygynyň öňdebaryjy pudagy – ösümlikçilik, onuň önümi gymmaty boýunça JIÖ-iň 65 – 80%-ni, käbir ýurtlarda bolsa (Kot-d-Iwuar, Kamerun, Liberiýa) ondan hem köp bölegini tutýar. Şunlukda köp ýurtlaryň ekerançylygy bir ekini ösdürip ýetişdirmäge (monokultura) ýöriteleşmek bilen häsiýetlendirilýär. Meselem, Senegal esasan arahis, Efiopiýa – kofe, Gana – kakao, kösüklileri ýetişdirýän döwlet bolmagyna galýar. Bu ýerde Watany Afrika hasaplanylýan ekinler häzir hem ekrançylykda giňden ýaýrandyr. Olara kofe agajyndan başga-da, hurma palmasy, düzüminde kauçuk saklaýan agaçlar, çogdary degişlidir. Hemme ýerlerde afrikalylaryň iýmit rasionynda uly orun tutýan köki miweliler: manioka, batat, yams ösdürilip ýetişdirilýär. Soňky onýyllyklarda döwletleriň aglabasynyň oba hojalygynyň ýöriteleşişi däneli ekinleriň-mekgejöweniň, şalynyň, bugdaýyň giňişleýin ornaşdyrylmagynyň hasabyna giňeldi.

Ekrançylyga garaňda maldarçylyk gowşak ösendir. Ol tebigy şertleriň, ozaly bilen-de, klimatyň guraklygy zerarly ekerançylygy ösdürmegiň çäkli bolan döwletlerinde (Mawritaniýa, Somali we baş.) esasy pudak hasaplanylýar. Maldarçylyk önümçiligiň ekstensiw görnüşiniň agdyklyk etmegi, az önümliligi (mallaryň tohumynyň pesligi we olaryň kanagatlanarsyz saklanylyşy sebäpli), pes harytlyk ýagdaýy bilen tapawutlanýar. Netijede mallaryň baş sany boýunça dünýäde orunlaryň birini eýeleýändigine garamazdan sebitiň ýurtlary öz ilatyny et-süyt önümleri bilen üpjün edip bilmeýär.

Sebitiň oba hojalygynyň yzagalak önümçilik-tehniki ösendir. Oba hojalyk tehnikalary we gurallary, mineral dökünler, saýlama tohumlar bilen üpünligi juda  pesdir. Afrikaly ekerançylarynyň peýdalanýan esasy önümçilik serişdelerine kündi, palta, orak, pil we ş.m. degişlidir. Diňe Demirgazyk Afrika ýurtlarynda we Tropiki Afrikanyň ýewropa nusgasy boýunça gurnalan aýry-aýry fermalarynda topragy işläp bejerýän häzirkizaman oba hojalyk tehnikalary we gurallary peýdalanylýar. Galan döwletlerde, hatda iň çylşyrymly oba hojalyk işleri-topragy agdarmak, gazmak, hasyly ýygnamak, arassalamak elde ulanylýan abzallaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Afrika ýurtlarynda oba hojalygyň ösüşini togtadýan köp sebäpleriň biri-de suwaryş ulgamynyň gowşak ösenligidir. Şol bir wagtyň özünde kontinentiň ýer gorlarynyň 40 %-e golaýy yzygiderli ýüze çykýan gurakçylyga sezewar bolýar. Süýji suwyň ýiti ýetmezçiligi ekrançylygyň, şeýle hem maldarçylygyň ösmegine-de ýaramaz täsir edýär. Maldarçylykda “uky keselini ” ýaýradýan sese siňegi uly ykdysady zyýan ýetirýär. Şol zerarly her ýylda birnäçe mln. baş mallar kesseläp ölýär.

Senagat önümçiligi. Senagatyň ösüşi boýunça Afrika dünýäniň beýleki sebitlerinden ep-esli yza galýar . Bu ýerde abzal (pribor) gurluşygy, takyk maşynlary, dürli ulag serişdelerini öndürýän kärhanalar ýokdur. Soňky ýyllarda materikde gazylyp alýan senagatyň pudaklary çalt depgin bilen ösýär. Afrika ýurtlary platina, altyn, marganes, hrom, mis, kobolt magdanlaryny, fosforit, uran, almaz, asbest, grafit çykarmak boýunça dünýäde görnükli orny eýeleýärler. Işläp bejerýän senagatyň dürli pudaklary GAR-da ösendir. Oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalar Nigeriýada, Liwiýada, Aljirde, Marokkoda, Ýegipetde, Tunisde bar.

Nebit senagaty esasan Nigeriýada, Liwiýada, Aljirde, tebigy gaz çykarmak bolsa Aljirde ösendir. Sebitiň ýurtlarynda ýylda 350-400 mln. tonna golaý nebit we 200 mlrd. m3 gaz çykarylýar. Olaryň esasy bölegi Ýewropa ýurtlaryna iberilýär.

Dünýäde gazylyp alynýan uranyň 35 %-i GAR-yň paýyna düşýär. Demir magdany – Aljirde, Tunisde, Marokkoda, soňky ýyllarda bolsa Liberiýada, Mawritaniýada we GAR-da gazylyp alynýar. Zair, Zaimbiýa we GAR mis magdanynyň esasy gazylyp alynýan ýurtlarydyr.

Soňky ýyllarda täze senagat önümçiligi materigiň kenarýaka etraplarynda ulag ýagdaýynyň amatlylygy göz öňünde tutulyp, ösdürilip başlanyldy. Energetika soňky 25-30 ýylyň dowamynda ösüp başlady. Energiýa baýlyklarynyň materigiň çäginde ýerleşişi endigan däldir. Şeýle-de energetikada daş kömür, suw energiýasy, agaç köp ulanylýar. Ýangyç hökmünde odun Afrikanyň Sahel sebitiniň çäginde ýerleşýän ýurtlarda energiýa çeşmesiniň 70-90%-ni tutýar. Bu ýagdaý çöllük sebitlerde ekologiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirýär.

Afrikada gün energiýasyndan hem peýdalanylýar (GAR, Ýegipet, Tunis). Soňky ýyllarda AES-ler gurulýar. Ilkinji AES Afrikada GAR-da guruldy. Sebitde öndürilýän elektrik energiýasynyň 90 %-den gowragy GAR-daky ýylylyk elektrostansiýalaryň paýyna düşýär. Soňky ýyllarda materikde kuwwatly SES-ler (suw elektrik stansiýalary) Mozambikde Zambezi derýasynda, Müsürde Nil derýasynda, Zairda Kongo derýasynda guruldy.

Dokma senagaty GAR-da ýokary derejede ösendir. Şeýle-de nah matalary öndürýän kärhanalar Nigeriyada, Senegalda, Sudanda, Ugandada bar. Pudagyň iri merkezleri – Kair, Aleksandriýa, Kasoblanka, Brazzawil we beýleki şäherleridir. Ýöne, soňky ýyllarda ýeňil senagatyň kärhanalary materigiň orta we kiçi şäherlerinde-de gurulýar.

Häzirki wagtda azyk senagaty has çalt depginler bilen ösýär. Afrika ýurtlary dürli gaplanan (konserwa) önümleri, ösümlik ýagyny köp öndürýärler we eksport edýärler. Palma ýagy Gwineýa aýlagynyň kenarýaka etraplarynda, Zairde, Angolada, arahis ýagy- Senegalda, Nigeriýada, zeýtun ýagy – Tunisde, Aljirde we Marokkoda öndürilýär.

Gant çiňrigi – Madagaskarda, Mawrikide, Keniýada, Ugandada, Mozambikde, kakao – Ganada, Nigeriýada, kofe-Zairde, Efiopiýada, Angolada ýetişdirilýär. Olaryň önümleri esasan daşary ýurtlara-da çykarylýar. Aljirde, Marokkoda, Tunisde, GAR-da, Zimbabwede esasan çakyr önümçiligi ösendir. Balykçylyk Senegalda, Tunisde, Marokkoda, GAR-da, Kongoda we beýleki ýurtlarda uly ähmiýete eýedir. Bu ýurtlarda balyk önümleri gaýtadan işlenilýär we eksport edilýär. Miwe we gök önümleriniň konserwalary Demirgazyk Afrikada, Keniýada, Ganada köp öndürilýär.

Gara metalurgiýanyň uly kärhanalary GAR-da, Müsürde, Aljirde, Tunisde, Zimbabwede ýerleşýär. Her ýylda sebit boýunça 15 mln. tonna golaý polat eredilýär. Onuň 60-70 %-i GAR-nyň paýyna düşýär. Soňky ýyllarda täze metallurgiýa kärhanalary Zambiýada, Zairda, Mawritaniýada, Liberiýada peýda boldy. Reňkli metalurgiýa baý ýerli çig malyň esasynda işleýär. Zambiýa, Zair, GAR misi köp öndürýän ýurtlardyr. Onuň esasy bölegi Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär. Alýuminiý öndürýän kärhanalar GAR-da, Müsürde, Kamerunda, Ganada ýerleşýär.

Soňky ýyllarda Afrikada nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar köp gurulýar. Sebitiň 30-a golaý ýurtlarynda 50 sany nebiti gaýtadan işleýän kärhana işleýär. Uly kärhanalar GAR-da, Müsürde, Nigeriýada, Aljirde, Liwiýada bar. Azot, fosfor we kaliý dökünlerini öndürýän kärhanalarynyň aglabasy GAR-da we Ýegipetde ýerleşýär. Maşyngurluşygy kärhanalaryndan GAR-da ulag, dag-magdan senagaty üçin gurallary, harby tehnikalary öndürýän kärhanalar ýerleşýär. Dürli maksatly stanoklary öndürmek Müsürde, Aljirde, Marokkoda ýola goýulandyr.

Ulag ulgamy. Ulaglaryň ösüş derejesi boýunça Afrika beýleki materiklerden yza galýar. Materikde ulag ýollarynyň gür tory GAR-da, Zimbabwede, Müsürde we beýleki käbir kenarýaka ýurtlarynda bar. Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Nigeriýada, Uganda-da, Tanzaniýada, Zambiýada, Keniýada gara we demir ýollary gurulýar. Çöllük etraplarda, çygly tropiki tokaýlaryň ýaýran territoriýalarynda ýollar örän azdyr. Ýük dolanyşygynda awtomobil ulagyna -20 % , turba geçirjilere -17%, derýa we deňiz ulaglaryna – 5 % golaýy düşýär. Demir ýollaryň umumy uzynlygy materik boýunça 90 müň km. Nigerde, MAR-da, Liwiýada, Somalide demir ýollar ýok diýen ýalydyr. Gara ýollaryň uzynlygy 1,7 mln. km. çemesidir. Has gür we dünýä derejesine laýyk gelýän gara ýollar GAR-da ýerleşýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top