Çaga birden köp dilde gürlemegi öwretmegiň tärleri

Ynsan heniz çagalyk müçesindekä daşary ýurt dillerini aňsatlyk bilen öwrenip biler.

Olary isle öýde, mekdepde, isle jemgyýetiň içinde öwrenip bolar. Iki dilde gürlemek ukyby edil beýleki başarnyklar ýaly köp üstünde işlenilip kämilleşmelidir. Bolmasa, onuň ýitip gitmek ähtimallygy ikuçsuzdyr. Perzendiňize birden köp dili öwretmegiň köpsanly usuly bardyr. Siz:

  • Siz iki dili başdan-aýak gürlemelisiňiz. Köp çaga iki dili birbada alyp ösýärler.
  • Öýüňizde ýeke dili dolulygyna ulanmalysyňyz. Ikinji dili çagaňyz mekdebe başlanda hem öwrenip biler.
  • Zürýadyňyza iki dilde diňlemek arkaly öwrener ýaly günüň dowamynda dürli mümkinçilikleri dörediň.

Her iki dili bilýän çaga aýratyn zehine eýe bolýar. Olaryň dil öwrenmek tizligi gündelik türgenleşigine bagly bolup durýar. Aşakdaky görkezijiler size gowy maglumat berse gerek:

  • Köp iki dilli çagalar ilkinji sözlerini eýýäm 1 ýaşyna gadam basanda gürläp başlaýarlar. 2 ýaşyna ýetende bolsa, balalar goşma atlardan birnäçesini ulanýarlar. “Meniň topum” , “Miwe şiresi” ýaly jümleler iki dilde-de aýdylyp bilner. Wagtal-wagtal çagalar dillerde grammatiki säwlikler goýberip biler. Olaryň bir sözlemde iki diliň sözlerini garmaklary ähtimal. Bu iki dilli bolmakda adaty hadysa hasaplanylýar.
  • Käbir körpeler ikinji dili ulananlarynda, kän gürlemän bilerler. Bu “sessizlik döwri” birnäçe aý dowam etse-de, alada galmaň, çünki bu wagtlaýyn öwrenişmek ýagdaýydyr.

Çagaňyzyň iki dilli bolmagyna ýardam berjek maslahatlar:

  • Kitap okamak. Perzendiňize iki dilde-de kitap okap bilersiňiz. Kitaplary onlaýn sahypalardan, kitaphanalardan we kitap dükanlaryndan tapyp bilersiňiz.
  • Aýdym-saz. Aýdym aýtmaklyk çagaňyza täze dili tanyşdyrmagyň iň täsirli ýoludyr. Bu şeýle-de şüweleňli bolup biler!
  • Telewizor we wideo şekiller. Körpeler üçin gepleşikleriň dürli dillerde elýeterliliginden peýdalanyp, olary tomaşa etmäge höweslendiriň. Şeýle maksatnamalar çagalara sanlar, harplar, reňkler we ýönekeý sözler hakda düşünje berýärler.
  • Dil kurslary. Perzendiňizi ikinji dili gyzykly oýun görnüşinde öwredýän ýörite kurslara beriň. Öz ýaşytdaşlaryndan galmajak bolup, ol dyrjaşar we netijeden lezzet alar.

Taýýarlan Aýjemal Gurbanowa

Teswir ýaz

Scroll to Top