Awstraliýa Soýuzy

Geografik ýerleşişi we tebigy baýlyklary. Awstraliýa soýuzy ýa-da Awstraliýa döwletiniň düzümine Awstraliýa materigi, Tasmaniýa uly adasy, şeýle-de oňa ýanaşýan kiçi adalar girýär. Bu döwletiň geografik ýerleşişiniň häsiýetli aýratynlygy – beýleki kontinentlerden we esasy dünỳä döwletlerinden has uzakda ýerleşmegidir. Awstraliýa – bu ykdysady taýdan ösen döwlet, Britan Dostlaşygynyň agzasy.

Ilatynyň sanynyň az bolmagyna garamazdan, uly meýdany tutýar. Esasan tropiki etrabynda ýerleşýän Awstraliýanyň tebigy keşbi köp derejede täsindir. Bu dünỳäniň iň tekiz kontinentidir (daglar ýurduň bary-ýogy 5% meýdanyny tutỳar). Ol klimatyň örän guraklygy (çöller onuň meỳdanynyň 2/5 bölegini örtýärler), ỳerüsti suwlaryna garyplygy bilen tapawutlanylỳar. Hiç bir materik şunuň ỳaly tebigy akar suwsuz etraplara eỳe däldir (onuň ỳerüstüniň 60%-i). Belli bir derejede ýerüsti suwlaryň ýetmezçiliginiň öwezini artezian suwlary doldurỳar. Häli-şindi bolỳan gurakçylyklar, tozanly tupanlar, tokaý ỳangynlary, howply çagbalar Awstraliỳanyň ykdysadyỳetine zyỳan ỳetirỳär. Şeỳle-de bolsa, tebigy şertleri we baýlyklary ýurduň hojalygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler döredýär.

Awstraliỳa mineral baỳlyklara örän baỳdyr. Bu ỳerde boksitleriň dünỳä gorunyň 1/3 bölegi jemlenendir. Onuň çäginde demir magdanlarynyň, reňkli metal magdanlarynyň, daş kömrüň hem uly gorlary bardyr. Soňky ỳyllarda geljegi uly bolan nebit we tebigy gaz känleriniň (Kwinslend ştatynda we kenarỳaka ỳalpak zolakda) onlarçasy açyldy.

Awstraliýanyň ýer baýlyklary ummasyz uludyr. Ýöne suw ýetmezçiligi sebäpli onuň az bölegi ekerançylykda peýdalanylýar. Hasylly topraklar (gyzylmytyl-goňur, mele) ýurduň sähra etraplarynda ỳaỳrandyr. Tokaỳ landşaftlary ỳurduň meỳdanynyň bary-ýogy 5%-ni örtýär. Tokaýlaryň esasy bölegi günorta-gündogardaky daglyk sebitlerde ýerleşýär.

Ilaty. Daş töweregini Aziỳa we Okeaniýa halklarynyň gurşap alỳandygyna garamazdan, Awstraliỳanyň ilatynyň 97%-den gowragyny iňlis-awstraliỳalylar düzỳär. Ỳewropanyň beỳleki ỳurtlaryndan gelip çykanlar hem köpdir. Ýerli ilatyň (aborigenler) sany 160 müň adama barabar. Olaryň aglaba köplügi has gurak klimatly ştatlarda (Kwinslend, Günbatar Awstraliỳa) ỳaşaỳarlar. Bu geçmişde „Akỳagyz Awstraliỳanyň“ işjeň geçiren syỳasatynyň netijesidir.

Awstraliỳa has seỳrek ilatlaşan materik bolmagyna galỳar (1 kw.km2 meýdana 2 adam düşýär). Şunlukda ỳurduň ilatynyň 85%-i deňizden 80 km uzak bolmadyk aralykda ỳaşaỳar. Ilatyň 60%-den gowragy ýurduň günorta, günorta-gündogar böleginde (ykdysady taỳdan has ösen Täze Günorta Uels we Wiktoriỳa ştatlarynda) ỳaşaỳar.

Awstraliýa dünýäniň ýokary derejede şäherleşen (urbanizirlenen) döwletleriniň biridir: şäherlerde ilatyň 86%-i ýaşaýar. Şeỳlelikde Awstraliỳalylaryň her 5-sinden 2-si ýurduň uly şäherleri bolan Sidneýde ýa-da Melburnda jemlenendir. Formal taỳdan Awstraliỳanyň baştutany iňlis patyşasy hasaplanỳar. Hakykat ỳüzünde ol özbaşdak döwletdir.

Hojalygy. Ykdysady görkezijileriň köpüsi boỳunça (öni bilen Içerki jemi önümiň göwrümi we onuň ilatyň jan başyna düşỳän möçberi) Awstraliỳa dünỳäniň has ösen ỳurtlarynyň hataryna girỳär. Onuň ykdysadyỳetiniň çält ösmegine:1) daganyk meỳdan-çäkleriň bütewi döwlete birleşdirilmegi; 2) daşary ỳurt maỳa goỳumlarynyň uly akymynyň gelmegi (iňlisler bu ỳere bazar gatnaşyklaryny, durmuş endiklerini, däp-dessurlaryny, işçi güỳjüni göçürip getirdiler); 3) Ilatyň sany az bolsa-da ỳer baỳlyklarynyň uly möçberiniň bolmagy; 4) Uly möçberdäki we köpdürlimineral çig-mal baỳlyklary; 5) Ýurtda durmuş asudalygynyň üpjün edilmegi ỳardam etdi.

Awstraliỳanyň ykdysadyỳetinde daşary ỳurt maỳa goýumlary örän uly orny eỳeleỳär. Şunlukda daşary ỳurt maỳa goỳumlarynyň uly bölegi (70% töweregi) Beỳik Britaniỳa we ABŞ degişlidir. Bu babatda soňky ỳyllarda Ỳaponiỳanyň we Germaniỳanyň işjeňligi artýar.

Awstraliýanyň ykdysadyýetiniň pudaklaýyn düzümi, umuman, dünýäniň ösen döwletleri üçin häsiýetlidir. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde gazyp alma we oba hojalyk çig malyny öndürýän pudaklaryň ähmiýeti uludyr. II jahan urşundan soňky döwürde industrializasiýanyň ösýändigine we şoňa baglylykda hojalygyň gurluşynyň düýpgöter özgerýändigine garamazdan, Awstraliýa häzir hem köp derejede çig maly eksport etmek ugryna ýöriteleşýär. Şunlukda, eksportyň düzüminde dag-magdan senagatynyň we oba hojalygynyň önümleri agdyklyk edỳär. Ýöne Awstraliýanyň ykdysadýetiniň bu “hojalyk keşbi” yzagalaklygyň alamaty däldir.

Dag-magdan senagaty – hojalygyň iň köne pudaklarynyň biri (öz wagtynda altyn gazyp almak ýurduň kolonizasiýalaşdyrylmagyna itergi beripdi) – häzir “ikinji ýaşlygyny” başdan geçirỳär. Mineral baýlyklaryň köp görnüşleriniň (demir magdany, kömür, boksitler, rutil, sirkoniỳ we baş.) gazylyp alnyşy we eksporty boỳunça bu döwlet dünỳäniň öňdebaryjylarynyň hataryna girỳär. Awstraliỳanyň dag-magdan senagatynyň özboluşly paỳtagty ýurduň Günorta-Gündogarynda ỳerleşỳän Broken-Hill şäheri hasaplanỳar. Şäher özüniň polimetall we demir magdan senagaty bilen şöhratlanỳar. Soňky ýyllarda ýurduň Demirgazyk we Günbatar sebitleri mineral çig maly gazylyp alynỳan täze etraplaryna öwrüldi.

Dag-magdan senagatyndan tapawutlylykda, işläp bejerỳän senagatyň pudaklary (metallurgiýa we azyk senagatyndan başgasy) esasan, içerki bazara niỳetlenip işleỳärler. Şunlukda, Awstraliýa bu pudaklarda önümçilik kuwwatlyklarynyň möçberi, kärhanalaryň tehniki enjamlaşdyrylyşy we ş.m. boýunça öňdebaryjy industrial döwletlerden az-kem yza galýar.

Gara we reňkli metallurgiỳanyň esasy merkezleri – Nýukasal we Port-Piri şäherleridir. Maşyngurluşygy diňe ikinji Jahan urşundan soňky döwürde uly ösüşe eýe boldy. Awtomobilleri, oba hojalyk maşynlaryny, elektrik enjamlaryny, radioelektronika önümlerini öndürmek uly möçberlere ýetdi. Bu pudagyň kärhanalary esasan öňdebaryjy senagat merkezleriniň – Sidneỳiň, Melburnyň, Adelaidanyň, Brisbeniň şähereteklerinde ỳerleşỳär. Häzirki döwürde senagatda geçirilýän düzüm özgertmeleri iň häzirkizaman önümlerini goỳberỳän himiỳa senagatynyň ösmegi üçin uly itergi boldy. Awstraliỳanyň senagatynyň özboluşly aýratynlygy köp derejede eksport üçin işleỳän azyk senagatynyň (esasan-da et senagatynyň) has ỳokary derejede ösmegidir. Et önümlerini daşarky bazarlara çykarmak boýunça Awstraliýa dünýäde görnükli orun eýeleýär.

Oba hojalygy. Awstraliýanyň oba hojalygy ýokary önümliligi, köpugurlylygy , tehniki babatda gowy enjamlaşdyrylanlygy, hakyna tutma zähmeti giňden peỳdalanỳandygy bilen tapawutlanỳar. Meselem, oba hojalyk önümleriniň eksportynyň umumy gymmaty (möçberi) boỳunça Awstraliỳa diňe ABŞ-dan yza galýar. Ýöne şol önümleriň ilatyň jan başyna düşỳän möçberi boỳunça bolsa oňa dünýäde deňi-taýy ýokdyr. Ýurt bugdaý, et, şeker, goỳun ỳüňini daşary ỳurtlaraçykarỳar. Dowarlaryň baş sany boỳunça bolsa Awstraliỳa dünỳäde birinji orny eỳeleỳär.

Günbatar Ýewropa we Amerika bilen deňeşdirilende Awstraliýanyň oba hojalygynyň tapawutly aýratynlygy – öri meýdan maldarçylygynyň has uly ähmiýete eýe bolmagydyr. Tebigy öri meỳdanlary mallaryň iỳmitlenmeginiň esasy çeşmesi bolup galỳar. Bu ýerde maldarçylygyň has möhüm we özboluşly pudagy dowardarçylykdyr.

Baryp XIX asyryň ortalarynda Awstraliýa Beýik Britaniýa üçin ỳüňi esasy iberijä öwrülipdi. Bu ýerde dowardarçylygyň ösmegine: britan ỳeňil senagaty tarapyndan ỳüňe bolan islegiň artmagy; bu ỳere getirilen merinos goỳunlaryny köpeltmek üçin amatly tebigy şertleriň bolmagy; söwda önümi hökmünde ỳüňüň we deriniň uzak aralyklara daşamaklygyň amatlylygy; pudagyň ekstensiwligi, ỳagny ozal hem ỳetmezçilik edỳän işçi güỳjüni köp talap etmeỳänligi we başga sebäpler ỳardam etdi.  Dowarlaryň ỳarysyna golaỳy häzirki gün Günorta-Gündogar ştatlarda (Täze Günorta Uels we Wiktoriỳa) jemlenendir. Ỳurduň içerki etraplaryndaky dowardarçylyk fermalary maldarçylyk stansiỳalary (şipsteỳşn) diỳlip atlandyrylỳar. Şeỳle stansiỳalarda öri meỳdanyny simler arkaly suwa ỳakylỳan çeşmeleri, ätiỳaçlyk gury oty bolan uçastoklara (paddoklara) bölỳärler.

Ekerançylygyň öňdebaryjy pudagy däneli ekinleri, öňi bilen bugdaỳy ösdürip ỳetişdirmekdir. Esasy galla mekany – ỳurduň günorta-gündogarynda ỳerleşỳän Awstraliỳa Alplarynyň dag etekleri we günorta-günbatar kenarýaka etraplarydyr. Awstraliýanyň ýyly klimaty ösümlikleriň subtropik we tropik görnüşleriniň köpüsini ýetişdirmäge mümkinçilik berỳär.

Ýurduň oba hojalygynyň käbir pudaklarynyň ekstensiw ösdürilmegi olaryň yzagalaklygynyň alamaty däldir. Awstraliýanyň şertlerinde hut öri meỳdan maldarçylygynyň has uly girdeỳji getirỳändigi ỳerli ykdysatçylar tarapyndan hasaplanylandyr. Ondan başga-da, agrotehnikanyň käbir progressiw usullaryny peýdalanmak boỳunça (bugdaýyň gurakçylyga çydamly sortlaryny çykarmak, artezian suwlaryny peỳdalanmak we ş.m.) Awstraliỳa dünỳä oba hojalygynda öňdebaryjy orny eỳeleỳär.

Ỳurduň az ilatlaşan uly meỳdany we “pytyraňňy” ykdysadyýeti üçin ulaglar ulgamy örän möhüm ähmeỳete eỳedir. Onuň ỳük dolanşygynda deňiz we demir ỳol ulaglary, ỳolagçy gatnatmakda bolsa – awtomobil ulagy has möhüm orun eýeleýär. Şunlukda demir ỳollarynyň we awtomobil ỳollarynyň geçýän şekilleri geçmişdäki kolonizasiỳanyň ugruny aỳdyň görkezỳär: olaryň gür tory ỳurduň günorta-gündogarda jemlenendir. Awstraliýanyň dünýäniň beýleki sebitlerinden has uzak aralykda ýerleşmegi howa ulagynyň aýratyn ähmiýete eýe bolmagyna getirýär. Ulagyň bu görnüşinde ỳük we ýolagçy dolanşygynyň jan başyna düşỳän möçberi boỳunça Awstraliýa dünỳäde birinji orny eýeleýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top