Argentina. And sebitiniň ýurtlary

Argentina. Argentina – Latyn Amerikasynyň ykdysady taýdan iň ösen ýurtlarynyň biridir. Ol materigiň günorta böleginde 2780 müň km2  meýdanda ýerleşýär. Ỳurduň gündogar bölegi düzlük, günorta-gündogary – mes toprakly düzlük (pampa), günorta-günbatar we günbatar bölegini bolsa And daglary we Patagoniýa tekiz daglygy tutýar. Otly ýer adalarynyň bir bölegi we Atlantik okeanynyň günorta bölegindäki birnäçe adalar hem Argentinanyň düzümine girýär. Ýurduň ilaty 40,3 mln adam. Ilatyň ortaça ýyllyk artyşy 1,0%-e barabardyr. Ýurtda köp sanly daşary ýurtlylar (ilatyň 5%-e golaýy), esasan-da latynamerikasy ýurtlaryndan gelenler ýaşaýarlar. Akýagyzlylar (Ỳewropadan gelen emmigrantlaryň nesilleri) ilatyň 85%-ni, galan bölegini indeýler (1 mln.) we metisler düzýär. Ilatyň 90%-i katolik dinine uýýar.

Argentina federatiw respublika bolup, ýurduň baştutany prezidentdir. Adminstratiw-çäk taýdan 23 prowinsiýa we federal paýtagt okrugyna bölünýär. Ýurduň paýtagty Buenos –Aýres şäheri (12,9 mln adam). Beýleki uly şäherleri – Kordowa ( 1,4 mln adam), Rosario (1,2 mln adam), Mendosa (0,8 mln adam), La-Plata (0,7 mln adam), San-Migel-Tukuman (0,7 mln adam).  Argentina industrial-agrar ýurtdyr. Senagatda ykdysady işjeň ilatyň 23%-i, hyzmatlar ulgamynda 65%-i meşgullanýar.  Argentinanyň gazyp alma senagatynda kömür, demir magdany, sink, mis, uran, polimetal magdany, altyn, kükürt, nebit we gaz çykarylýar. Soňky ýyllarda ol nebit we gaz bilen öz-özüni üpjün etmekligi gazandy.

Ýurtda bitewi energiýa ulgamy hereket edýär. Elektrik energiýasynyň jan başyna düşýän möçberi boýunça Argentina dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. 2007-nji ýylda 97,1 mlrd kwt/sag elektrik energiýasy öndürildi. Onuň 42,7%-i ýylylyk, 47,5%-i suw elektrik stansiýalarynda öndürildi.

Argentinada metallurgiýa (polat we alýuminiý öndürmek), maşyngurluşygy (ulag serişdelerini öndürmek), elektrotehniki, traktor we oba hojalyk tehnikalaryny, awtomobil), elektron, sement, farmasewtika, nebiti gaýtadan işleýän, agaç işläp bejerýän, sellýuloza-kagyz, poligrafiýa, dokma, gön, azyk, temmäki we senagatyň eksport ugurly beýleki pudaklary ösendir. Soňky ýyllarda informatika, biotehnologiýa, süýmli optika, telefon aragatnaşygy, şeýle-de atom energetikasy işjeň ösdürilýär. Senagat önümçiligi Buenos-Aýres we Rosarioýanyň arasyndaky etraplarda, şeýle-de uly Buenos-Aýres şäher aglomerasiýasynda jemlenendir.

Argentina dünýäniň oba hojalygynyň ösen ýurtlarynyň biridir. 2006-njy ýylda oba hojalygynda 72 mln. tonna däne we ýag berýän ösümlikler öndürildi. Et öndürmek boýunça ol dünýäde 5-nji orny eýeleýär ( ýurtda iri şahly mallaryň 50 mln baş, goýunlaryň 13 mln we doňuzlaryň 3,5 mln sany bar).

Oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça (däne, et, şeker, ösümlik ýagy, deri, ýüň, pagta we baş.) dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerde balykçylygy we balyk senagatyny ösdürmek üçin örän amatly şertler bar. Ýurduň ýük we ýolagçy dolanşygynda awtomobil ulagy aýratyn orun tutýar. Awtomobil ýollarynyň umumy uzynlygy 300 müň km barabar. Ýurduň hojalygynda demir ýol, deňiz, howa ulagynyň hem ähmiýeti uludyr.  Argentinanyň ykdysadyýetinde daşary-ykdysady gatnaşyklar hemişe görnükli orny eýeleýär. Daşary söwdada esasy hyzmatdaşlary Braziliýa, ABŞ, Çili, Hytaý we Latin Amerikasynyň beýleki ýurtlarydyr.

And sebitiniň ýurtlary. Dünýäniň iň beýik dag ulgamlarynyň biri bolan Andlar diňe bir sebitiň ýurtlarynyň içinden geçmän, eýsem mineral baýlyklaryň hazynasy hökmünde olaryň özboluşly hojalyk zynjyry bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde Andlar döwletara hojalyk gatnaşyklaryny we sebitiň halklarynyň özara gatnaşyklaryny kynlaşdyrýar. Bu ýerde köplenç güýçli ýer titremeleri bolup geçýär.

Gazyp alma senagatynyň (Wenesuelada – nebit, Çilide we Peruda – mis magdany, Boliwiýada- galaýy magdany we ş.m) uly dünýä ähmiýetiniň bolmagy bu sebitiň ýurtlary üçin umumy aýratynlykdyr. Tropiklerde plantasiýa oba hojalygy (kofe, banan, şeker çiňrigi) ösdürilýär. Peru bolsa dünýä balykçylygynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.  Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüş derejesindäki tapawutlar uludyr.  Meselem, Wenesuela – Latin Amerikasynyň has ösen döwletleriniň biri, şol bir wagtda Boliwiýa we Ekwador ýaly döwletler bolsa gowşak ösen ýurtlaryň hataryna girýär.

Wenesuelanyň ykdysadyýetinde senagat önümçiligi, onuň düzüminde bolsa gazyp alma senagaty uly orun tutýar. Ol nebit gazyp almak boýunça Latin Amerikasynda öňdebaryjy döwletdir. Tebigy gazyň, demir magdanynyň, mis, boksit, nikel, daş kömrüň, almazyň, altynyň we kümüşiň gazylyp alnyşy-da uly möçberlere ýetýär. Işläp bejerýän senagatynda nebiti gaýtadan işlemek, himiýa, metallurgiýa, agaç işläp bejerýän, dokma we azyk pudaklary tapawutlanýar.

Ýurduň uly senagat merkezleri: Karakas, Marakaýbo, Walensiýa, Barkisimeto, Marakaý şäherleridir.  Oba hojalygynda uly ýer eýeçiligi ( latifundiýalar) agdyklyk edýär. Esasy oba hojalyk ekinleri: noýba, mekgejöwen, şaly, sorga, bugdaý, banan, kofe we şeker çiňrigidir. Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bir bölegi daşary bazarlara ugradylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top