Futboluň taryhynda iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň sanawy

Futbol dünýäsiniň häzirki wagtdaky uly ýyldyzlary — portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen argentinaly Lionel Messiniň arasynda ähli görkezijiler, hasabatlar boýunça ýiti bäsdeşlik dowam edýär. Şol görkezijileriň iň esasysy hem pökgi geçirmek bolup, umumylykda alnanda, portugaliýaly ýyldyz Messiden az-owlak öňde barýar

2020nji ýyla geçip, 8 pökgi geçiren Ronaldo umumy sanawda bir basgançak ýokary galdy. Onuň pökgüleriniň sany 738-e ýetdi. Şunlukda, Ronaldo bu ugurda germaniýaly meşhur futbolçy Gerd Mýullerden öňe saýlanyp, 5-nji orna çykdy. Ronaldo şu depginini saklan ýagdaýynda öňümizdäki günlerde 4-nji orundaky wengriýaly meşhur hüjümçi Ferenç Puşkaşy hem yzda galdyryp biler. Şu wagta çenli resmi maglumatlara görä, iň köp pökgi geçiren oýunçy çehiýaly Ýosef Bisan bolup, 1928 — 1955-nji ýyllar aralygynda futbol oýnan futbolçy 530 duşuşykda 805 pökgini öz adyna ýazdyrdy. Bu ugur­da 2 — 3-nji orunlary braziliýaly ýyldyzlar paýlaşýar. Meşhur futbolçy Romario 994 duşuşykda 772 gezek tapawutlanyp, 2-nji orunda barýar. 3-nji orun­da futbol şasy hasaplanýan Pele bolup, ady rowaýata öwrülen futbolçy 831 oýun­da 768 pökgini derwezä girizipdir. Ronaldonyň ähli babatdaky bäsdeşi Lionel Messi häzirlikçe 7-nji orunda barýar. 945 duşuşykda 717 gezek tapawutlanan Messi bilen Ronaldonyň arasynda diňe Gerd Mýulleriň ady bar. Messiniň tiz wagtda has öňdäki orunlara geçjekdigi ikuçsuz.

Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň onlugy:

  1. Ýosef Bisan (Çehiýa, Awstriýa) – 805 pökgi
  2. 2. Romario (Braziliýa) – 772 pökgi
  3. Pele (Braziliýa) – 768 pökgi
  4. Ferenç Puşkaş (Wengriýa) – 746 pökgi
  5. Kristiano Ronaldo (Portugaliýa) – 738 pökgi
  6. Gerd Mýuller (Germaniýa) – 735 pökgi
  7. Lionel Messi (Argentina) – 717 pökgi
  8. Ferenç Deak (Wengriýa) – 576 pökgi
  9. Uwe Siler (Germaniýa) – 575 pökgi
  10. Tulio Marawilýa (Braziliýa) – 575 pökgi

Çeşme: Aşgabat gazetiniň 30.01.2020-nji ýylda çykan sany

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top