Kompýuteriň gurluşlary

Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň apparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Kompýuterleriň esasy düzümi şu aşakdakylardyr:

  • sistema blogy;
  • monitor;
  • klawiatura;
  • syçan.

Sistema blogy tok çeşmesini, sistemalaýyn platany we beýleki gurluşlary özünde saklaýan gutudan ybaratdyr. Şeýle hem sistema blogunyň içinde magnit we optiki diskler üçin disk hereketlendirijiler (diskowodlar) ýerleşdirilip, olara içki gurluşlar diýilýär. Sistema blogyna girmeýän gurluşlara daşky gurluşlar diýilýär. Sistema blogunyň esasy düzüjisi düýp (sistemalaýynplatadyr. Düýp platada prosessor, ýadyň gurluşlary, gurluşlaryň işini dolandyrýan mikroshemalaryň toplumy ýerleşendir we gurluşlary birikdirmek üçin ýörite ýerler bardyr. Kompýuter işlände onuň ähli gurluşlary özara täsirde bolýarlar. Olar bir-biri bilen elektrik signallary arkaly maglumatlary alyşýarlar. Bir gurluşdan beýleki bir gurluşa maglumatlary bermek üçin düýp platada ýerleşen geçirijileriň topary – şina ulanylýar. Daşky gurluşlar (meselem, klawiatura, syçan, printer) kompýutere ýörite portlar (ýerler) arkaly birikdirilýär. Soňky döwürlerde USB (Universal Series Bus – uniwersal yzygiderli şina) porty giňden ýaýrandyr. Kompýutere käbir gurluşlary birikdirmek üçin, ýörite platalar – adapterler talap edilýär. Onuň üçin düýp platada slot diýlip atlandyrylýan deşijek bar. Meselem, monitory birikdirmek üçin, wideoadapter (wideokarta) hökmanydyr.

Häzirki zaman kompýuterleriniň düýp platalaryna wideo kartasynyň, ses adapteriniň, modemleriň, tor adapterleriniň oturdylgy gelýändigini bellemek zerurdyr. Käbir gurluşlar: meselem, monitor, klawiatura, syçan kompýuteriň hökmany düzümleri bolup durýarlar. Printer, skaner, grafiki planşet (digitaýzer), mikrofon, gulaklyk we ses kolonkalary, multimedia proýektory we ş. m. gurluşlar zerurlygyna görä kompýutere birikdirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 6-njy synplar üçin “Informatika we informasiýa tehnologiýalary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top