Wengriýa döwletinde okamak isleýänleriň dykgatyna

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ BI­LIM MI­NISTR­LI­GI 2022/2023-nji okuw ýy­ly üçin Wengriýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýoka­ry bi­lim we ma­gist­ra­tu­ra okuw mak­sat­na­ma­lary bo­ýun­ça se­çip alyş işi­ni ge­çir­ýär.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistratura talyp ýerlerine — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik, iňlis dilini bilýän hem-de 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2021/2022-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iň­lis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2021-njy ýylyň 21 — 30-njy dekabry aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär

— Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;

— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde;

— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda;

— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda;

— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Tütkmen oba hojalyk institutynda;

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— COVID 19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;

— soň­ky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm möçberde 12 sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýe­ňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny. Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Wengriýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2022-nji ýylyň 5 — 7-nji ýanwary aralygynda;

— Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýär.

— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde geçirilýär.

— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda geçirilýär.

— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda geçirilýär.

— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Tütkmen oba hojalyk institutynda geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär. Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soň­ky synaglara goýberilmeýär.

 

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy:

Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň (1966) 31-nji ja­ýy. TL.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.

 

Balkan welaýaty, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň salgysy:

Balkanabat ş., 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy. Tel.: (+993 222) 2-07-08, 2-06-07.

 

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň salgysy:

Mary welaýaty, Mary ş. Baýramhan köçesi, 62-nji jaý. Tel.: (+993 522) 5-75-02, 5-75-17.

 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:

Lebap welaýaty, Türkmenabat ş. Şabende köçesi, 7-nji jaý. Tel.: (+993 422) 3-45-25, 3-65-87.

 

Tütkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş. Ruhnama köçesi, 94-nji jaý. Tel.: (+993 322) 9-33-92, 9-27-47.

Teswir ýaz

Scroll to Top