“Google” kompaniýasynyň täze bäsdeşi

Mälim bolşy ýaly, “Google” kompaniýasy ählumumy internet torunda gözleg işlerini amala aşyrmakda öňdebaryjylaryň biridir. Bu ugurda oňa täze bäsdeş gelýär. Ol hem “iPhone” smartfonlary bilen meşhurlyk gazanan “Apple” kompaniýasydyr. Kompaniýa gözleg işlerini amala aşyrýan firmany satyn almagy meýilleşdirýär. ABŞ-nyň metbugatynda berlen habarlara görä, “Apple” -iň bu ädimi “Google” kompaniýasyna her ýylda 15 milliard dollar zyýan ýetirip biler.

Tehnologiýa dünýäsiniň iki uly kompaniýasy ýakyn geljekde biri-birine bäsdeş bolar. Häzirki wagtda bu iki kompaniýanyň arasynda özara hyzmatdaşlyk ylalaşygy hereket edýär. “Apple” kompaniýasy bu ylalaşygy ýatyryp, özbaşdak gözleg toruny döretmegi meýilleşdirýär. Bu işler durmuşa geçirilen ýagdaýynda “Google” uly zyýana galar. “Google” akylly telefonlardaky internet torundaky mahabatlaryndan 20-25 milliard dollar girdeji gazanýar. Öz gezeginde “Apple” kompaniýasyna 7-8 milliard dollar töleýär.

Taýýarlan Rahmanberdi NÖKEROW

Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm

 

Teswir ýaz

Scroll to Top