2 = 98

Beýni adam bedeniniň 2 göterimini eýeleýär, emma galan 98 göterimini dolandyrýar. Şonuň ýaly hem bedene sorulýan kislorodyň 20 göterimini ýeke özi harçlaýar. Munuň şeýledigini nazarda tutup, beýnä gerek bolan kislorod mätäçligini gandyrmak üçin suwsamasak hem wagtal-wagtal suw içmek, dogry dem almak wajypdyr.

Bilşimiz ýaly, beýni sag we çep ýarymşarlaryndan ybarat bolup: sag ýarymşary hyýal etmek, aýdym-saz hem-de sungat eserlerini döretmekde, çep ýarymşary bolsa okamak we ýazmak meselesinde, matematiki aňlatmalary çözmegimizde, wakalaryň beýnide seljerilmeginde bizi goldaýar.

Beýni hiç hili agyry duýmaýar. Şonuň üçin neýrohirurglara beýnini operasiýa etmek üçin hassa özüninden gidirýän sanjymlary etmek hökmanam däl.

Beýnimizde 100 milliarda golaý neýronlar, ýany nerwi öýjükleri bar. Täze zatlary öwrenmäge meýilli bolmak, öň gidip görülmedik ýerlere gidip görmek, kitap okamak, täze bir dil öwrenmek şol neýronlaryň arasyndaky baglanyşygyň artmagyna bellibir derejede täsirini ýetirip, beýni güýjüni ýiteldýär.

Görmek bilen baglanyşykly nerwi öýjükleri beýnide beýlekilere garanyňda has köp orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda diňlemek arkaly kabul edilen maglumatyň 10 göterimini ýatda saklaýan bolsak, görmek arkaly kabul edilen maglumatyň 65 göterimini ýatda saklap bilýäris. Täze tanyş bolanlarymyzyň atlaryny unutsak-da, olaryň ýüz keşbiniň ýadymyzda galmagy munuň netijesidir.

Taýýarlan Ýazgül Kakageldiýewa

Teswir ýaz

Scroll to Top