Morfologiýa näme?

Morfologiýa grammatikanyň sözleriň morfema gurluşyny we söz toparlarynyň aýratynlyklaryny öwredýän bölümi hökmünde

Grammatikanyň bir bölümi bolan morfologiýada söz toparlary olaryň biriniň beýlekisinden aýratynlygy, özboluşlylygy, söz ýasalyş usullary, söz ýasaýjy, şekil ýasaýjy, söz üýtgediji goşulmalar we olaryň hyzmaty öwrenilýär.

Mysal üçin, söz toparlaryndan biri bolan atlar – zatlaryň, düşünjeleriň, wakalaryň, hadysalaryň we ş.m. atlaryny bildirip, degişlilik we düşüm goşulmalaryny, köplük san goşulmalaryny kabul edýärler.

Işlikler – gymyldy-hereketi aňladyp, zaman goşulmalaryny kabul edýärler we hereketiň bolup geçýän döwrüni, wagtyny görkezýärler.

Sypatlara zatlaryň reňkini, tagamyny, adamlaryň gylyk-häsiýetini, wagt, orun, möçber, göwrüm görkezmek, dereje goşulmalaryny kabul etmek mahsusdyr.

Sanlar – bir zadyň mukdaryny, tertibini görkezýärler we başga söz toparlaryna degişli sözlerden ýasalmaýarlar.

Çalyşmalara degişli sözler atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň deregine ulanylýarlar.

Hallar – hereketiň ýagdaýyny bildirýärler we üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top