6 ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklary

«Ony başaraýjak işlerine ugrukdyryň!»

  1. Ýalta bolýar, belli bir karara gelmekde kynçylyk çekýär.
  2. Dowamly pikirini üýtgedýär.
  3. Täzeden oňşuksyz bolup başlaýar.
  4. Deň-duşlary bilen gatnaşyklary güýçlenýär, maşgala gatnaşyklary gowşaýar.
  5. Özbaşdak oýnamakdan topar bolup oýnamagy has gowy görýär. Ýöne oýnuň düzgünlerini özi kesgitleýär.
  6. Özüni ejesine has ýakyn duýýar.
  7. Ähli zady öz gözegçiliginde saklamak isleýär.
  8. Elmydama birinji bolmak, öwülmek we söýülmek isleýär.
  9. Ýeňilmegi asla halamaýar.
  10. Üns merkezinde bolmak isleýär.
  11. Gaty ynjyk we duýguçyldyr.
  12. Özüne edilýän belliklere görä kemçiliklerini düzedýär.
  13. Käte ýalan sözleýär.
  14. Has hereketli oýunlary oýnaýar.

Çeşme: masgalamekdebi.com

Teswir ýaz

Scroll to Top