Sport we syýahatçylyk

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bedenterbiýe we sport işi doly kämilleşdiriş tapgyryny başdan geçirdi. Soňky ýyllarda Buzly köşgi, uly sport binalary guruldy, «Köpetdag» stadionynyň durky täzelendi. Ähli welaýatlarda täze, häzirki zaman stadionlary işe girizildi. Aşgabadyň etegindäki «Saglyk» ýoly paýtagtyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň mydama gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Ýurdumyzda dünýä ülňilerine laýyk gelýän sport desgalarynyň bolmagy paýtagtymyzy sportuň dürli görnüşleri boýunça milli, sebitleýin we dünýä ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän ýerine öwürdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sporty mundan beýlägem ösdürmegiň esasy wezipelerine ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, beden taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga taýýarlyklytürgenleri ýetişdirip, sportuň maddy binýadyny has-da pugtalandyrmak degişlidir.

Şu wezipeleri çözmek üçin paýtagtda Olimpiýa şäherçesi döredildi. Ýurduň ähli künjeklerinde dürli sport desgalary bar, welaýatlaryň hemmesinde at çapylýan aýlawlar guruldy.

Iri senagat kärhanalarynyň we iri edaralaryň ýanlarynda olaryň öz serişdeleriniň hasabyna bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýurtda jemi 75,5 müň orunlyk sport mekdepleri we merkezleri, şonuň ýaly-da 180 sany sport desgaly binalar gurlar.

Şeýlelik bilen, şu çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde hem-de ilatyň giň gatlaklarynyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyna girmegi bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetçilik ýaşaýşynyň iň möhüm ýaýrawlarynyň birine öwrüler.

Syýahatçylygyň ösüşi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli maksatlary we bähbitleri nazara almak bilen, syýahatçylygyň, şol sanda halkara syýahatçylygyň hem ösmegine aýratyn üns berilýär.

Ýurtda dynç alşyň we syýahatçylygyň berkden-berk binýadynyň tutulmagy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ähli deslapky zerur şertler, ýagny häzirki zaman gözel şäherler, köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikler, gaýtalanmajak keşpdäki dürli tebigy künjekler we şypa beriji howaly zolaklar bar.

Syýahatçylygy ösdüriş strategiýasynyň baş maksady Türkmenistanda ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumynyň döredilmegi bolup durýar. Munuň özi, bir tarapdan, ýerli ilatyň we daşary ýurtlardan gelen adamlaryň syýahatçylyk hyzmatlaryna bolan işlegleriniň kanagatlandyrylmagyny, beýleki bir tarapdan – milli ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Syýahatçylyk ykdysadyýetiň düşewüntli pudaklarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ähli zerur şertler döredildi, dünýä derejesindäki amatly myhmanhanalar guruldy, daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalar bilen şertnamalar baglaşyldy, gadymy Nusaýa, Merwe, Köneürgenje, Köpetdagyň, Köýtendagyň we Garagum çölüniň özboluşly ajaýyp ýerlerine syýahatçylyk ugurlary açylýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça, Maşat-Misseriana, Sarahsa täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň kenar ýakasynda milli kurort-syýahatçylyk zolagyny ösdürmek maksatnamasy durmuşa geçirildi.

Tebigatyň barmasy kyn künjeklerine we awçylyk maksady bilen syýahat etmek boýunça halkara derejesindäki isleg öwrenilip, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy daşary ýurt syýahatçylarynyň täze akymlarynyň gelmegine mümkinçilik berýär.

Şu agzalyp geçilenleri nazara almak bilen, geljek döwürde syýahatçylary ýerleşdirmek üçin täze binalaryň gurulmagy we syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

Şypahana-syýahatçylyk dynç alşyny we ekologik syýahatçylygy ösdürmekde Hazar deňziniň türkmen kenary iňňän uly mümkinçiliklere eýedir. Mylaýym, tenekar howa şertlerini, mineral palçyk çeşmelerini we ýaýlyp ýatan çägesöw kenary eçilmek bilen, bu sebit barada tebigatyň özi alada edipdir.

2007-nji ýylyň iýun aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň açylyş we tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi dynç alyş we syýahatçylyk pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň bu ugurdaky ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklige bolan düýpgöter täzeçe çemeleşmäniň başlanýan pursadyny yglan etdi. Bu işiň esasy maksady Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ilat üçin ähli babatlarda gowy ýaşaýşy üpjün etmeklige zerur şertleri döretmek ýaly möhüm ugrunyň hemme taraplaýyn durmuşa geçirilmegi bolup durýar.

Deňziň 16 kilometrlik kenarynda halkara ülňülerine gabat gelýän syýahatçylyk zolagyny gurmak göz özünde tutulýar. Şonda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meýdany 1700 gektara deň bolar. Häzir bu meýdanda naýbaşy myhmanhana- lary we häzirki zaman sagaldyş toplumlarynyň ençemesi gur- lup, ulanmaga berildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösmegi bilen bir hatarda, beýleki dynç alyş merkezlerine-de daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmasy artýar. Olara bolsa, ýurduň daşyndaky-içindäki mineral çeşmeli we bejeriş palçykly şypahanalar degişlidir.

Syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryna şular girýär:

  • dynç alyş infrastrukturasynyň döredilmegi, syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de bu ýaýrawlarda telekeçiligiň ösdürilmegi;
  • sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän syýahatçylyk-sagaldyş işleriniň, syýahatçylyk gezelençleriniň guralmagy, dynç alyş zolaklarynda sy- ýahatçylygyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi;
  • ýurduň tebigatynyň seýrek duş gelýän geň-enaýy künjeklerine, binagärlik ýadygärlikleri bar bolan ýerlere syýahatçylyk ugurlarynyň döredilmegi.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top