Latyn Amerikasy ýurtlarynyň hojalygy

Senagat önümçiligi. Soňky döwürde Latyn Amerikasy ýurtlarynyň ykdysady ösüşüniň häsiýetli aýratynlygy hojalygyň düzüminde oba hojalygynyň ornunyñ kem-kemden peselmegi we senagatyň udel agramynyň artmagydyr. Döwletleriň aglabasy tarapyndan geçirilýän industrializasiýa syýasaty netijesinde sebitde gara we reňkli metallurgiýa, maşyngurluşygy, himiýa senagaty we käbir beýleki pudaklar täzeden döredildi.

Emma sebitiň ýurtlarynyň senagat taýdan ösüşi birmeňzeş däldir. Häzir sebitiň industrial “keşbini” Argentina, Braziliýa, Meksika, şeýle hem Çili, Wenesuela, Kolumbiýa we Peru ýaly ýurtlar kesgitleýär. Olaryň arasynda Latyn Amerikasynyň senagat önümçüliginiň tas 2/3 bölegini jemleýän we sebitiñ çäginde sarp edilýän senagat önümüniň 90%-den gowragyny üpjün edýän “uly üçlük”- Argentina, Braziliýa we Meksika has tapawutlanýar.

Sebitiň ýurtlarynda senagatyň esasy pudaklarynyň biri – dag magdan senagatydyr. Onuň düzüminde ýangyç, esasan-da nebit çykarmak görnükli orny eýeleýär (pudagyñ önüminiñ 80% gymmatyny üpjün edýär). Metal magdanlaryny we beýleki mineral baýlyklaryny gazyp almagyñ möçberi-de barha artýar. Dag magdan senagatynda gazylyp alynýan baýlyklaryň köpdürliligi we gorlarynyň ulylygy bilen tapawutlanýan Meksika, Wenesuela, Braziliýa we Argentina öňdebaryjy orny eýeleýärler.

Soñky ýyllarda Latin Amerikasy ýurtlarynyň köpüsinde işläp bejerýän senagat hojalygyň has çalt ösýän önümçilik ugruna öwrülýär. Şunlukda, onuň önüminiñ düzüminde adaty pudaklaryň – dokma, azyk, şeýle hem gön-aýakgap we tikin senagatlarynyň paýy azaldy. Ýöne şol bir wagtyň özünde, önümçilik maksatly harytlary öndürýän pudaklarynyň udel agramy ýokarlanýar. Esasan-da maşyngurluşygy, himiýa we nebiti gaýtadan işlemek, gara metallurgiýa, gurluşyk materiallary önümçiligi has çalt ösýär. Häzirki wagtda Braziliýa, Argentina, Meksika dünýä bazarynda öz awtomobilleri, elektronika, himiýa senagat önümleri bilen giňden tanalýar. Sebitiň şu we käbir beýleki ýurtlarynyň häzirkizaman işläp bejerýän senagat pudaklaryndaky ýokary ösüşi olarda önümleri ýerleşdirmek üçin uly içerki bazarlarynyň bolmagyna, tebigy baýlyklar we işçi güýji bilen ýeterlik üpjünligine, daşary ýurtlaryñ tehnika we tehnologiýa babatda gazanan tejribelerini başarnykly özlerine çekýändiklerine esaslanýar.

Merkezi Amerika we Karib basseýniniň ýurtlary, şeýle hem Boliwiýa, Paragwaý ýaly ykdysady taýdan gowşak ösen käbir beýleki döwletler barada aýdylanda bolsa, olarda senagat önümçiligiň düzüminde entek onuñ adaty köne pudaklary, öňi bilen-de, azyk senagaty agdyklyk edýär. Latin Amerikasynyň köp ýurtlarynda bu pudak aýdyň görünýän eksporta ugrukdyrylanlygy bilen tapawutlanýar (Argentinada, Urugwaýda, Braziliýada – et önümleri; Brazilýada, Peruda, Meksikada, Karib basseýininiň ýurtlarynda- gant senagaty we ş.m.).

Latin Amerikasy ýurtlarynyň senagatynyň ýerleşişi esasan bir merkezli gurluşy bilen häsiýetlendirilýär. Bu esasan-da Argentina, Urugwaý, Meksika, Wenesuela, Çili ýaly ýurtlarda has aýdyň ýüze çykýar. Hemme döwletlerde diýen ýaly, esasy senagat merkezleri paýtagt şäherleri bolup, olarda ýurduň senagat önüminiň 50–den 80%-e çenli mukdary öndürülýär. Sebitiñ ýurtlarynyñ aglabasynyñ ykdysadyýetiniň daşary bazara ýykgyn etmegi uly gämi duralga –şäherlerinde senagat “toplumlarynyñ” döremegine getirdi. Käbir ýurtlaryñ paýtagtlarynyň bir wagtda esasy gämi duralgasy – senagat merkezi bolup durýandygy seýrek däldir (Buenos-Aýres, Montewideo, Lima we baş.).

Oba hojalygy. Latin Amerikasynyň ykdysadyýetinde oba hojalygynyň paýynyň peselýändigine garamazdan, onuň orny häzir hem uludyr. Käbir ýurtlarda (ilkinji nobatda Merkezi Amerika we Karib basseýni sebiti ) ol maddy önümçiligiñ esasy ugry bolmagyna galýar. Oba hojalygynda zähmete ukyply ilatyň esasy bölegi meşgullanýar. Soňky ýyllarda oba hojalygy Meksika, Braziliýa, Argentina, Kolumbiýa ýaly döwletlerde çalt ösüp başlady. Bu ýurtlarda uly fermer hojalyklary döredilip, ekerançylykda we maldarçylykda önüm öndürmegi has artdyrmak başartdy. Ýöne Boliwiýanyň, Peruwyň, Ekwadoryň, Salwadoryň, Gwatemalanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryñ oba hojalygy entek gowşak ösendir. Şol ýurtlarda oba hojalygynyň yzagalaklygy tebigy köpelişiň hasabyna ilatyň sanynyň çalt artmagy bilen baglanyşykda, azyk üpjünlik meselesini ýitileşdirýär.

Latin Amerikasynyň oba hojalygynyň esasy pudagy – ekerançylykdyr. Ekin meýdanlarynda däneli ekinler, esasan-da bugdaý we mekgejöwen agdyklyk edýär. Köp ýurtlarda çogdarynyň ekin meýdanlary çalt artýar, bu mal iýmiti hökmünde uly islegiň bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýle-de azyklyk we ot-iýimlik ekini bolan soýanyň ähmiýeti artýar. Köp döwletleriň “ekerançylyk keşbi” haýsy hem bolsa belli bir ekini ýetişdirmek (monokultura) bilen baglanşyklydyr: Braziliýada, Kolumbiýada, Gwatemalada, Salwadorda, Kosta-Rikada esasy oba hojalyk ekini – kofe; Ekwadorda, Gondurasda we Panamada – banan; Gaýanada, Dominikan Respublikasynda we Kubada – şeker çiňrigidir. Meksikada – mekgejöwen, Peruda we Nikaraguada – gowaça has köp ösdürilip ýetişdirilýär.

Maldarçylykda sebitiň oba hojalyk önüminiň takmynan 1/3 bölegi öndürilýär. Et-süýt berýän iri şahly mallary köpeltmek, dowardarçylyk we guşçulyk onuñ esasy pudaklarydyr. Maldarçylyk önümlerini öndürmek boýunça Argentinanyň we Urugwaýyň çäklerinde La-Plata derýasynyñ aşaky akymynda ýerleşýän ekerançylyk – maldarçylyk etraby ( Pampa sährasy) has tapawutlanýar. Bu ýerde azyk önümlerini we çig maly öndürmek, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça örän uly agrosenagat toplumy döredi. Kenarýakada ýerleşýän we ada ýurtlarynyñ aglabasy üçin balykçylyk hojalygy ýöriteleşiş ugry hasaplanylýar.

Latin Amerikasy döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş ýolundaky bökdençlik – ulaglar ulgamynyň kanagatlanarsyz ýagdaýydyr. Köp meýdan-çäkler häzirkizaman ulag ýollaryndan mahrumdyr. Gury ýer ulagynyň esasy görnüşi – awtomobil ulagy . ABŞ-nyň günorta araçäklerinden tä Argentinanyñ paýtagty Buenos-Aýrese çenli köp ýurtlaryň çäginden geçýän Panamerika awtomobil ýoly, şeýle-de Transamazonka magistraly uly hojalyk ähmiýetine eýedir. Demir ýollaryñ uzyn bolmagyna garamazdan, olaryñ tehniki enjamlaşdyrylyşy pes derejededir. Içerki suw we turbageçiriji ulagy hem gowşak ösendir. Daşary ykdysady gatnaşyklarda deňiz ulagy aýgytlaýjy (Meksikadan başga) orny eýeleýär. Meksikanyñ we West–Indiýa ýurtlarynyñ birnäçesiniñ ykdysadyýetinde halkara syýahatçylygy görnükli orun eýeleýär. Olaryñ käbirlerini (Bagam adalary) hat-da “kireýine jaý tabşyrýan” ýurtlar diýip atlandyrýarlar.

Latin Amerikasy ýurtlarynyň eksportynyň haryt düzümi köp derejede azyk-çig mal häsiýetine eýedir. Şunlukda nebit we kofe sebitiň eksportynyň esasy bölegini düzýär. Soñky ýyllarda sebitiñ ýurtlarynyñ eksportynyň düzüminde işläp bejerýän senagatyň önümleriniň paýy barha artýar (40 %-e golaýlady). Şeýle ösüş esasan “uly üçlügiň” (Argentina, Braziliýa, Meksika) hasabyna bolup geçýär.

 Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top