Fonetik we leksik derňewler

Fonetik derňew türkmen dilindäki sesleriň her biriniň aýratynlykda häsiýetlendirilmegini talap edýär.

Sözüň düzümindäki çekimli we çekimsiz sesleriň hemmesini ýeke-ýekeden derňemek doly fonetik derňewdir.

Sözüň düzümindäki çekimli sesleri aýratyn, çekimsiz sesleri-de aýratyn derňemek doly däl fonetik derňewdir.

Mysal üçin, oglanlaryň sözüni doly fonetik derňew edýäris.

Ilki bellemeli zat, söz dört bogundan durýar, olardan üçüsi ýapyk bogun, biri açyk bogundyr: og-lan-la-ryň.

Şu sözdäki çekimlileri we çekimsizleri fonetik taýdan derňeýäris.

o – çekimli, ýogyn, dodaklanýan, giň, şu ýerde gysga aýdylýar;

g – çekimsiz, açyk çekimsiz;

l – çekimsiz, açyk çekimsiz;

a – çekimli, ýogyn, dodaklanmaýan, giň, şu ýerde gysga aýdylýar;

n – çekimsiz, açyk çekimsiz;

r – çekimsiz, açyk çekimsiz;

y – çekimli, ýogyn, dodaklanmaýan, dar, şu ýerde gysga aýdylýar;

ň – çekimsiz, açyk çekimsiz.

Şu sözde basym sözüň iň ahyrky bognuna (-ryň) düşýär.

 

Leksik derňewde:

  1. Söz many (semantika) taýdan häsiýetlendirilýär, sözüň göni ýa-da göçme manyda ulanylandygy, bir manyly ýa-da köp manyly sözdügi aýdyňlaşdyrylýar.
  2. Ulanylyşy taýdan çäklidigi, kesp-käre degişli adalgadygy, umumyhalky sözdügi ýüze çykarylýar.
  3. Ulanylyş ýygylygy taýdan seýrek ulanylýan ýa-da işjeň ulanylýan sözdügi anyklanylýar.
  4. Sözüň stilleriň belli birine degişlidigi ýa-da stilleriň hemmesinde ulanyp bolýan sözdügi kesgitlenilýär.
  5. Döreýşi boýunça öz sözümizdigi ýa-da başga bir dilden geçendigi anyklanylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top