Juma Ýazmyradow barada

Türkmenistanyň halk artisti Jumadurdy Ýazmyradow 1938-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ruhabat etrabynyň Herrikgala obasynda eneden bolýar. 1956-njy ýylda obadaky orta mekdebi tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda işleýär. 1958-nji ýylda Juma Ýazmyradow Moskwanyň A.W.Žunaçirskiý adyndaky döwlet teatral institutyna okuwa girýär. Instituty tamamlap gelenden soň, Türkmenistanyň döwlet teleradioýaýlymynda işleýär. Tiz wagtda ýiti zehinini gaýgyrman, yhlas bilen alyp baran gepleşikleri halkyň söýgüsine mynasyp bolýar. Olardan “Ýarty gulak”, “Satira we ýumor” hem-de edebi drama gepleşiklerinde okan poemalary uly üstünlik getirýär. Bitirýän hyzmatlary üçin oňa Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at berildi.

Ol 1980-nji ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolan wäşi toparynyň hem aýrylmaz bölegidi. Poşalak (Gurbannazar Atakgaýew), Topalak (Juma Ýazmyradow), Emenek (Berdi Aşyrow), Annam Brigad (Tagan Saryýew) obrazlary ekranlarda we teatrlarda uzak wagtlap tomaşaçylara gülki paýlady.

Jumadurdy Ýazmyradow 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda 81 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Çeşme:
Internet maglumatlary

Teswir ýaz

Scroll to Top