Amazonka basseýniniň we La-Plata pesliginiň ýurtlary. Braziliýa

Latin Amerikasynyň bu uly sebitini Amazonka derýasynyň basseýnini we La-Plata pesligini eýeleýän Braziliýa, Argentina, Paragwaý we Urugwaý döwletleri emele getirýärler. Olaryň arasynda Braziliýa we Argentina diňe bir meýdanynyň ululygy we ilatynyň sany boýunça däl-de, eýsem ykdysadyýetiniň kuwwatlylygy, dünýä hojalyk ulgamynda eýeleýän saldamly orunlary bilen hem düýpli tapawutlanýarlar. Bu döwletlere has giňişleýin häsiýetnama bermek maksadalaýyk.

Urugwaý we Paragwaý bolsa hojalygy agrar – eksport ugra ýöriteleşýän La-Plata döwletleridir. Ýöne Urugwaý işläp bejerýän senagatyň ösüşinde görnükli üstünlikler gazanan bolsa (diňe bir azyk senagatynda däl, eýsem dokma, nebithimiýa, metal işläp bejerýän pudaklarda), onda Paragwaý – tipiki agrar döwlet, kontinentiň iň bir gowşak ösen ýurtlarynyň biri bolmagyna galýar.

Braziliýa Günorta Amerika materiginiň gündogar we merkezi giňişlik bölegini eýeleýär. Onuň meýdany 8 mln 547.4 müň km2. Umuman, Braziliýanyň tebigy şertleri we baýlyklary ykdysady ösüş üçin uly amatlyklary döredýär. Braziliýanyň tebigatynyň aýratynlygyny kesgitleýän esasy sebäpkärler, klimaty we geologik gurluşydyr. Onuň meýdanynyň 1/3 bölegini çygly, hemişelik gök öwüsýän ekwatorial tokaýlary, galan bölegini Braziliýa tekiz daglygynyň beýik düzlükleriniň tropiki landşaftlary tutýar. Ýurduň çäginde suw basseýniniň ululygy boýunça dünýäde iň uly derýa bolan Amazonka (suw meýdany 7.2 mln km2 ) ýerleşýär.

Braziliýa ummasyz tebigy baýlyklara eýedir. Olaryň arasynda esasy orun tokay baýlyklaryna, ýagny ýurduň meýdanynyň 2/3 bölegini tutýan çygly ekwatorial tokaýlara degişlidir. Häzirki wagtda işjeň peýdalanylýan bu tokaýlar köpçülikleýin çapylyp ýok edilmäge sezewar bolýar. Bu bolsa, bütin tebigy toplumyň üýtgemegine getirýär. Amazonka tokaýlaryny “Planetanyň öýkeni” diýip atlandyrýarlar we olaryň azalmagy diňe bir Braziliýa üçin däl-de, eýsem bütindünýä meselesine öwrülýär.

Braziliýanyň mineral çig mal baýlyklary örän dürlidir. Bu ýerde 50-den gowrak görnüşli mineral baýlyklar gazylyp alynýar. Olara öňi bilen demir, marganes magdanlary, boksitler we reňkli metal magdanlary, daş kömür degişlidir. Mineral baýlyklaryň esasy gorlary ýurduň gündogarynda, Braziliýa tekiz daglygynyň çäklerinde jemlenendir. Olardan başga-da ýurduň kenarýaka sebitlerinde nebitiň we gazyň, merkezi böleginde kaliý duzlarynyň iri känleri ýüze çykaryldy.

Braziliýa tekiz daglygynyň derýalary uly suw energiýa mümkinçiliklerine eýedir. Şonuň üçin-de ýurtda suw elektrik stansiýalaryny gurmaklyga uly ähmiýet berilýär. Parana derýasyndaky Itaýpu GES-i häzirki güne çenli dünýäde iň uly suw elektrik stansiýasydyr. Oba hojalygyny ösdürmäge amatly bolan klimat we ýer baýlyklary hem uludyr. Braziliýa işlenip bejerilýän ýerleriň möçberi boýunça, dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurduň köp ýerlerinde hasylly topraklar ýaýran.

Ilaty. Braziliýa ilatynyň sany boýunça düňýäde 5-nji orny eýeleýär ( 191,3 mln adam). Her ýylda ilat 1,4% artýar. Ilatyň üznüksiz köpelişinde dogluşyň we tebigy artyşyň ýokary görkezijileri häsiýetlidir. Şonuň üçin-de onuň umumy sanynda ýaşlar agdyklyk edýär ( 29 ýaşa çenli adamlar ilatyň 62%-ni düzýär). Ilatyň jyns düzüminde aýallar erkeklerden köpräkdir. Braziliýa halky ýewropalylaryň neberelerinden (54,7%), garaýagyzlardan (5,2%), mulatlardan (40%) we indeýlerden durýar. Ýurduň çäginde ýaşaýan ähli halklar portugal dilinde gepleýärler. Ilatyň 70% katolik dinine uýýanlardyr. Braziliýa ýokary derejede şäherleşen ýurtdyr. Ilatyň 79%-ne golaýy şäherlerde ýaşaýar. Şäherleriň we şäher aglomerasiýalarynyň ählisi diýen ýaly ýurduň gündogarynda ýerleşýär. San-Paulu, Rio-de-Žaneýro ýaly uly aglomerasiýalarda ilatyň sany 10 mln adamdan geçýär.

Ilatynyň sany köp bolsa-da, Braziliýada beýleki döwletler bilen deňeşdireniňde, ilatyň ortaça gürligi ( 1 km2 19 adam) örän pesdir. Onuň esasy bölegi (90%-i) Atlantik okeanynyň kenarýaka zonasynda we uly şäherlerde jemlenendir. Ýöne, örän giň meýdanlary tutýan ýurduň demirgazygy, merkezi we günbatar bölegi selçeň ilatlaşandyr.

Hojalygy. Braziliýa ösýän ýurtlaryň arasynda iň esasylarynyň biridir. Ol senagat önüminiň göwrümi boýunça dünýäniň öňdäki 10 döwletiniň hataryna girýär. Braziliýa oba hojalyk – industrial döwlet bolup, ýurduň içerki önüminiň düzüminde senagat 30%-ni, oba hojalygy we balykçylyk bolsa 21% düzýär. Senagatyň öndebarykjy pudagy maşyngurluşygy, nebithimiýa we gara metallurgiýadyr. Soňky ýyllarda maşyngurluşygy öz ösüşinde ýokary derejelere ýetdi. Braziliýada her ýylda 2 mln awtomobil we 2,5 mln awtomobil dwigatelleri öndürilýär.

Dag-magdan senagaty ösendir. Braziliýa demir magdanlarynyň, boksitleriň gorlary boýunça dünýäde 2-nji, altynyň gorlary boýunça 3-nji orny eýeleýär. Ol daş kömrüň, uranyň, hromyň, misiň,, nikeliň, sinkiň, molibdeniň, wanadiniň, tantalyň, litiniň, almazyň, kaliý duzunyň gorlary boýunça dünýäde ilkinji onluga girýär.

Gara metallurgiýa hususy çig mala esaslanyp işleýär. Her ýylda ýurtda 250 mln tonna demir magdany, 14 mln tonna boksit gazylyp alynýar, onuň bir bölegi bolsa, daşary ýurtlara iberilýär. Umuman Braziliýa demir magdanyny gazyp almak, çoýun, sintetik kauçuk öndürmekde dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär. Senagat kärhanalarynyň esasy bölegi San – Paulu, Rio-de-Žaneýro, Belu –Arizontu üçburçlygynda, ýagny ýurduň gündogarynda jemlenendir. Soňky ýyllarda Braziliýada ylmy köp talap edýan pudaklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ol mikrokompýuterleri öndürmek boýunça dünýäde 5-nji orna çykdy. Ýurtda harby senagat toplumy hem çalt ösýär. Bu pudagyň kärhanalary esasan San-Pauluda jemlenendir.

Braziliýada oba hojalygy häzirkizaman öňdebaryjy usullary esasynda ösdürilýär. Oba hojalygynda ykdysady işjeň ilatyň 30% meşgullanýar. Onuň düzüminde esasy orun ekerançylyga degişlidir. Ýurduň oba hojalygy uly ýer eýeçiliginiň (şol sandadaşary ýurtly raýatlaryň eýeçiligindäki) agdyklyk edýänligi bilen häsiýetlendirilýär. Oba hojalygynyň düzüminde daşary bazar üçin tropik ekinleri (kofe, kakao, şeker çiňrigi, sižal, soýa, apelsin, banan, ananas we ş.m.) ösdürüp ýetişdirmeklige ýöriteleşýän, ekerançylyk agdyklyk edýär. Şeýle-de bugdaý, mekgejöwen, şaly we pagta köp öndürilýär. Ýurduň giň tebigy öri meýdanlarynda iri şahly mallary, gylýallary we dowarlary ösdürilip ýetişdirmek uly ähmiýete eýedir. Guşçulyk we doňuzdarçylyk hem intensiw ösdürilýär. Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň esasy bölegi daşary ýurtlara çykarylýar.

Ulaglar ulgamynda awtomobil ulagy uly ähmiýete eýedir. Daşalýan ýükleriň 97%-i, ýolagçylaryň bolsa 65%-i onuň paýyna düşýär. Demir ýollaryň (umumy uzynlygy 30 müň km) ählisi diýen ýaly hususy maýadarlara degişlidir. Daşary ykdysady gatnaşyklarda deňiz ulagy görnükli orun eýeleýär. Ýurduň esasy deňiz gämi duralgalary – Rio-de-Žaneýro, Rio-Grandi, Santus, Witoriýa, Salwador, Resifi, Natal. Braziliýa birnäçe halkara guramalarynyň işjeň agzasydyr. Erkin söwdanyň günortaamerika zonasynda (MERKOSUR) aýratyn orny eýeleýär. Ýurduň daşary-ykdysady strategiýasy daşary ýurt maýa goýumlaryny giň çekmeklige gönükdirilendir. Onuň esasy söwda hyzmatdaşlary – Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, goňşy Latin Amerikasy ýurtlary.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top