Bruklin köprüsi

XIX asyrda gurlan Bruklin köprüsiniň uzynlygy 1 müň 595 metrden gowrak bolup, şol döwür gurlan iň uzyn köprüleriň biri hasaplanýar. Bu köpri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Bruklin bilen Manhattan etraplaryny birleşdirýär. Gündogar derýasynyň üstünden geçýän desganyň taslamasyny Robling Jon taýýarlaýar. Emma Robling Jon onuň gurlup gutarylanyny görüp ýetişmeýär. Iri desganyň gurluşygyny Roblingiň ogly Waşington dowam etdirýär. 1869-njy ýylda başlanan gurluşyk işleri 14 ýyl dowam edýär. Uzak dowam eden taslamanyň tamamlanmagyna Waşingtonyň aýaly Emili Robling hem ýardam edýär. Ol inženerçilik ýörelgelerini öwrenenden soňra bu taslama ýolbaşçylyk edýär.

Köpri açylandan soň Nýu-Ýork şäheriniň nyşanyna öwrülýär. Desga 1964-nji ýylda milli taryhy ýadygärlik diýlip kesgitlenýär. Ilkibaşda Gündogar Derýa köprüsi diýlip atlandyrylan geçelgäniň ady 1915-nji ýylda häzirki adyna eýe bolýar. Gurlan wagty bu köpri demir ýol ulaglarynyň we at arabalarynyň geçmegi üçin niýetlenipdir. Ýyllaryň dowamynda ol dürli üýtgeşmeleri başdan geçirip, häzirki wagtda welosiped, pyýada we ulag gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Taýýarlan Aýjeren Çaryýewa

Çeşme: zamanturkmenstan gazetiniň 26.06.22 sanyndan alyndy.

Teswir ýaz

Scroll to Top