Sözüň bir manylylyk hem-de köp manylylyk we göçme manylylyk häsiýeti

Sözler bir we köp manyly bolup biler.

Meselem: ýandak diýsek, onuň bir manysy bar.

Ýandak meýdanda ösýän dermanlyk häsiýeti bolan ösümlik. Sözüň ilkinji we esasy aňladýan manysy onuň asyl manysy bolýar.

Emma gulak sözi öz asyl manysyndan, ýagny adamlaryň, haýwanlaryň guşlaryň eşidiş organlaryndan başga-da, örän köp manyda ulanylýar.

Mysal üçin: gazanyň gulagy, piliň gulagy, dutaryň gulagy, ýabyň gulagy, gyjagyň gulagy we ş.m. Şular ýaly sözleriň öz asyl manysy bilen bagly başga-da birnäçe manyda ulanylmagyna sözleriň köp manylylygy diýilýär.

Birnäçe sözler asyl manysyndan başga göçme manylarda hem ulanylýarlar. Meselem, bal sözüniň asyl manysy balary tarapyndan ýygnalýan süýji tagamly iýmiti aňladýar. Eger, “Seniň unaşyň bal bolupdyr”, “Onuň dili bal ýaly” diýsek, onda bal sözi göçme manyda ulanylýar. Unaşyň ýa-da naharyň tagamly bişmegini, adamyň dilinden hoşamaý, gowy sözleriň çykmagyny balyň süýjüligine meňzedýärler.

Şeýlelikde, bir zada meňzedilip ulanylýan sözlere göçme manyly sözler diýilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top