Abraham Linkolndan oglunyň mugallymyna hat

Oglum şu gün okuwa başlaýar. Ol birbada ýadyrgar, käbir zatlary geň görer, öwrenişýänçä az-kem wagt gerek bolar. Başdangeçirmeleri ony başga-başga dünýälere alyp gider. Şonda ol belki uruş-söweşleriň, gam-gussalaryň hem üstünden barar. Beýle durmuşda ýaşamak üçin bolsa oňa ynam, söýgi, batyrgaýlyk zerurdyr.

Şonuň üçinem, hormatly mugallym, sizden etjek haýyşym: oglumyň elinden tutup, oňa ähli bilmeli zatlaryny öwrediň! Mümkin boldugyça ony mähriňize çoýuň! Dünýäde diňe dostlaryň däl, eýsem duşmanlaryňam bardygyna göz ýetirsin! Goý, hemme adamyň adyl, her kimiň mert däldigini bilsin! Bigaýratlar bilen bir hatarda gerçekleriňem bardygyndan habardar bolsun! Ýaramaz syýasatçylaryň bolşy ýaly, hakyky liderleriňem bolýandygyny öwrediň!

Gazanylyp alnan on sentiň gadyrynyň köçeden tapylan bir dollardan başgaçadygyny düşündiriň! Hormatly mugallym, okuwda nädogry ýoldan ýöräp üstünlik gazananyňdan dogry ýoldan ýöräp asgyn geleniň has gowudyr! Oňa sarpasyny saklap ýeňlişi kabul etmegi, hakyky ýeňişden bolsa lezzet almagy öwrediň!

Goý, ol özüni salyhatly alyp barmagy, ýöne gerek ýerinde berk durmagy başarsyn! Oňarsaňyz, oňa göriplikden daşda durmagyň hem-de sessiz-üýnsüz gülmegiň syryny öwrediň! Mümkin bolsa, keýpiniň ýok wagty şatlanmagy, gözýaş dökmegiň hemişe uýat däldigini öwrediň! Ýeňlişde şöhratyň, ýeňişde umytsyzlygyň bolup bilýändigini bilsin! Oňa bihepbeleri ýaňsylamagy öwrediň!

Başardygyňyzdan oňa kitabyň gudratyny açyp görkeziň, emma asmanda uçuşyp ýören guşlaryň, güneşli howada wazzyldaşýan arylaryň, meýdanlarda al-ýaşyl öwsüp oturan gülleriň ajaýyp syrlary hakda oýlanmaga mümkinçilik dörediň! Her kim oňa ýalňyşýandygyny aýtsa-da, öz pikirlerine ynanmagy öwrediň!

Ogluma hemişe köpçülige eýerip, yňyp gidibermez ýaly güýçli bolmagyň ýoluny görkeziň! Hemme kişini diňlemegi, ýöne eşiden zatlaryny, hak ýa-da nähak, seljermegi, içinden diňe gowularyny saýlap almagy öwrediň!

Ukyplaryny hem-de pikirlerini iň ýokary bahadan aljaklara hödürlemegi ündäp, kalbynyň we ruhunyň hergiz satlyk däldigini aňyna guýuň! Töwekgelçilik etmekde batyrgaý bolmagy öwrediň, ýöne töwekgel bolmak üçinem batyrgaýlygyň zerurdygyna düşünsin! Goý, oglumyň özüne bolan ynamy hergiz synmasyn, sebäbi onuň adamzada, Taňra bolan ynamy diňe şonda synmaz!

Hormatly mugallym, men okuw-terbiýe işiniň şeýle bolmalydygyna ynanýaryn! Sizdenem eliňizden geleni gaýgyrmazlygy haýyş edýärin! Ol kiçijik oglanjykdyr, meniňem perzendimdir!

Iňlis dilinden terjime eden

Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top