Sözlükler bilen amaly iş

Türkmen diliniň sözlük düzümindäki sözleri, olaryň göni we göçme manylaryny, adalgalary, durnukly söz düzümlerini bir ýere jemleýän we olary elipbiý tertibinde düzgüne salýan esere sözlük diýilýär.

Sözlükler dürli ugurlara we maksatlara gönükdirilen görnüşlerde bolýarlar.

Mysal üçin: düşündirişli sözlük, terjime sözlükleri, ylmyň dürli ugurlaryna degişli adalga sözlükleri, belli kärde, hünärde ulanylýan sözleriň sözlügi, dürs ýazuw sözlügi, alkyş-dilegleriň sözlügi…

Sözlüklerde sözlere düşündiriş berlişini, terjime edilişini gysgaldyp alýarys.

Göz

  1. Görüş organy we görejiň özi, garak.
  2. Agajyň gapdalyndan ösüp çykan çybygyň düýbi.
  3. Iňňede we temende sapak ötürilýän deşik.
  4. Tüpeňiň ok salynýan ýeri bilen birlikde nili.
  5. Suwuň başlangyç çykýan ýeri, çeşmäniň gözbaşy.
  6. Penjiräniň, äpişgäniň aýna salnan bölegi.
  7. Horjunyň zat salynýan ýeri.

Durnukly söz düzümleri – bellikden soň berilýär.

  • Göz görkezmek – üýtgeşik, täsin iş edip, özüňi tanatmak (Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962, 188 sah.).

GÖZ

1) анат. глаз; // глазной; -üň garasy – зрачок;

2) глаз, глаза, око, очи; взгляд, взор;

  • göz ümlemek – подмигнуть, дать знак; … (Türkmençe-rusça sözlük. М., 1968, 195 sah.).

ГЛАЗ – 1. (орган зрения) göz; правый глаз – sag göz;

Чаще мн. ч., глаз (зрение, способность видеть) görgür; хорошие глаза – görgür göz;

перен. разг, (присмотр, надзор) seretmeklik, gözegçilik, esewançylyk;

  • дурной глаз — deggir göz (Русско-туркменский словарь. M., 1956, с. 117)

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top